Şu gün Türkmenistanda ýurdumyzyň Energetika senagatynyň işgärleriniň güni giňden bellenildi. Energetikleriň hünär baýramçylygyna bagyşlanan dabaraly çäreler tutuş ýurdumyz boýunça – pudagyň kärhanalarynda, köp we az ilatly ýerlerde bellenildi. Däp boýunça şu günler esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrülen ajaýyp türkmen paýtagtymyzda köp sanly myhmanlar, pudagyň öňdebaryjy işgärleri mähirli garşylandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetiklere iberen Gutlagynda olaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berip: “Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň işgärleri "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini, paýtagtymyz Aşgabat şäherini we welaýatlarymyzyň edara-kärhanalaryny hem-de ilatly ýerleringi elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin gurlan döwrebap elektrik stansiýalaryny dolandyrmakda we olara tehniki hyzmat etmekde uly tejribe topladylar” diýip bellediler.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň, energiýa serişdeleriniň halkymyzyň bähbitlerine, her bir raýatymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilýändigini belläp,energetika toplumyny has-da ösdürmek, ähli baýlyklarymyzy ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirmek babatda geljekde hem uly wezipeleriň öňde durýandygyny nygtady hem-de energetikleriň öňde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz berjaý etjekdiklerine ynam bildirdi.
Däp boýunça energetikleriň hormatyna baýramçylyk dabaralarynyň guralýan günlerinde bu pudaga degişli uly forumda ýurdumyzyň elektroenergetikasyny ösdürmekde gazanylýan uly üstünlikler we geljekki giň gerimli meýilnamalar bilen tanyşdyryldy. Şu gün öz işini tamamlan “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergi we maslahat birnäçe günüň dowamynda dünýä jemgyýetçiligini türkmen energetikleriniň gazananlary, bu pudagyň örän uly ykdysady seerişdeleri we maýa goýumlary babatdaky mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrylýan ýere öwrüldi.
Türkmenistanyň Energetika ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan ýöriteleşdirilen foruma Fransiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Russiýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Belarusdan, Ukrainadan, Gazagystandan, Özbegistandan iri daşary ýurt kompaniýalarynyň 80-isiniň wekilleri gatnaşdy.
Dünýäniň energetika bileleşiginiň öňdebaryjylary – “General Electrik” (ABŞ), “Schneider electric”, “Alstom” (Fransiýa), Baltikanyň rus energetika kompaniýasy konsorsiumy, “Uralelektroşit”, “MežPromTeks” (Russiýa), “Ethos” (Beýik Britaniýa), “Sumitomo” (Ýaponiýa), TBEA (Hytaý), Minskiniň elektrotehniki zawody (Belarus) ýurdumyzda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça netijeli we özara peýdaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutýandyklaryny äşgär etdiler.
Ýeri gelende aýtsak, sergide Türkiýeden işewür toparlaryň has uly wekiliýeti – “Çalyk Holding”, “Lotus”, “Metro”, “Ewropower Enerji” ýaly uly kärhanalaryň baş bolmagynda 50-den gowrak kompaniýalar gatnaşdylar. Bu ýurt elektroenergetika boýunça esasy strategiki hyzmatdaşlarymyzyň biri bolup durýar. Türk kompaniýalarynyň, şeýle hem türkmen bazarynda ornaşmaga gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlardan gelenlerriň aglabasyna sergä gatnaşmak arkaly, ilkinji gezek öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezmäge mümkinçilik döredildi, olar özleriniň innowasion çözgütlerini, ekologiýanyň we ýokary hiliň ileri tutulýandygyny görkezdiler.
Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde guralan sergi Türkmenistanyň energetika senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşlandy. Üç günüň dowamynda bu ýerde kompaniýalaryň – eksponentleriň işi bilen tanyşdyryldy, şeýle hem täze innowasion tehnologiýalary we enjamlary, pudaga degişli infrastruktura boýunça öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ýurdumyzyň energetika pudagynyň serişdeleriniň we mümkinçilikleriniň özleşdirilmegine döwrebap çemeleşmek bilen bagly meseleler barada işjeň ýagdaýda pikir alşyldy.
Ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem kuwwatly elektrik stansiýalaryna we ýokary woltly elektrik energiýasyny geçiriji liniýalara, gözegçilik edýän we energiýany ulanyjylara ýetirýän döwrebap ulgamlara hyzmat edýän iri kärhanalaryň, pudakda gurluşyk-gurnama işlerinri amala aşyrýan hem-de ýokary öndürilijikli tehnika we enjamlar bilen üpün edýän köp sanly hususy kärhanalaryň diwarlyklarynda pudagyň sazlaşykly ösüşi, onuň gazanýan üstünlikleri we netijeleri görkezildi. Täze elektrik stansiýalaryny we energobloklary gurmak we öňden bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak baradaky taslamalar, elektrik energiýasyny geçirýän liniýalaryň ulgamlarynyň maketleri, agyr elektroenergetiki maşyn gurluşygyna degişli dürli enjamlaryň, güýçli transformatorlaryň we paýlaýjy desgalaryň, kompressor we kriogen enjamlaryň, elektroşitleriň, kabel we sim görnüşindäki önümleriň, elektrik geçiriji liniýalara degişli sütünleriň, daşky we içerki yşyklandyryş enjamlarynyň, şeýle hem meteorologik we barlaghana enjamlarynyň nusgalary serginiň giň gerim bilen guralandygyny hem-de ýurdumyzda döredilýän elektroenergetika ulgamynyň geljekde has-da kuwwatly boljakdygyny äşgär etdi.
Serginiň çäklerinde geçirilen iki günlük maslahata Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki pudak edaralarynyň, şu ugra degişli ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, türkmen energetikleri bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän we gatnaşygy ýola goýmagy göz öňünde tutýan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri ýygnandylar. Şunda ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde aýlawly energetika ulgamynyň döredilmeginiň, önümçilige ekologiýa taýdan arassa, serişdeleri we energiýany tygşytlaýan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň elektroenergiýa bilen üpjünçiligiň ýokary derejä ýetirilmegine, türkmen energetikasynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna mümkinçilik berjekdigi hem-de türkmen elektrik energiýasynyň eksporta köp ugurlar boýunça iberilýän ulgamyny ygtybarly üpjün etjekdigi bellenildi.
“Schneider electrik”, “AAF France” (Fransiýa), “General electrik” (ABŞ), “Siemens A.G” (Germaniýa), “ABB” (Şweýsariýa), “BEST” (Türkiýe) kompaniýalarynyň , “NILED” kompaniýasynyň, “EKS SOÝUZ” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň (Russiýa) we beýlekileriň wekilleri täze tasdamalara degişli teklipler bilen çykyş etdiler hem-de şu ugurdaky önümleri bilen tanyşdyrdylar. Çykyşlarda pudaga degişli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak we energetika ulgamyny dolandyrmagyň döwrebap usullary, bu ulgamyň tehniki howpsuzlygy we ygtybarly ulanylmagy, ekologiýa taýdan amatlylygy ýaly dürli meseleler barada aýdyldy.
Foruma gatnaşanlaryň duşuşykdarynyň barşynda hyzmatdaşlyk etmegiň oňaýly ugurlary, döwrebap önümçilik düzümini döretmek boýunça maýa goýumly taslamalary amala aşyrmak barada netijeli pikir alşyldy we ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bir söz bilen aýdanyňda, Aşgabatdaky Halkara energetika forumy üstünlikli geçirildi. Şunda elektroenergetika boýunça netijeli halkara gepleşiginiň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine täzeden badalga berlip, hyzmatdaşlara özara arkalaşykly hereket etmegiň has zerur we geljegine uly umyt baglanýan ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik döredildi.
Forum tamamilanandan soňra, oňa gatnaşanlara degişli diplomlar we sertifikatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
“Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyza şu forumy geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de bu forumyň dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň örän köp energetiki serişdelere eýedigini, bu möhüm ähmiýetli ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ýene-de bir gezek äşgär edendigini bellediler.
...Şu gün Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginde dabaraly duşuşyk geçirildi. Däp boýunça bu duşuşyga ýurdumyzyň energetika pudagynyň tanymal hünärmenleri öz hünär baýramçylygyny bellemek üçin ýygnandylar. Olar milli Liderimize çäksiz hoşallyk sözlerini aýdyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen energetikleriniň biziň bagtyýar halkymyzyň gülläp ösýän durmuşy üçin zerur bolan elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak üçin ähli güýçlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.
Agşam şanly senä bagyşlanan baýrpamçylyk dabaralary Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada dowam etdirildi, bu ýerde pudagyň has tapawutlanan işgärleriniň hormatlanmagyna bagyşlanan dabara boldy, olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Paýtagtymyzdaky dürli görnüşdäki yşyklar bilen ýagtylandyrylan ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň uly baýramçylyk konserti bolsa dabaranyň şowhunyny artdyrdy.