Şu gün türkmen paýtagtynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2014” atly nobatdaky VIII halkara sergisiniň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň açylyşy boldy, bu çäreler Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça milli maglumat-telearagatnaşyk ulgamyny ösdürmekde gazanylan netijeleri we bu ugurdaky geljekki ösüşleri giňden äşgär etmäge gönükdirilen bu uly pudaklaýyn gözden geçiriliş geçen ýyllarda ýurdumyzyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasyndaky geplşik, bilelikdäki taslamalary mundan beýläk-de amala aşyrmak, şu ulgam boýunça toplanan tejribäni alyşmak we dünýäde täze işläp taýýarlamalary ulanmak üçin örän netijelidigini görkezdi.
Dünýädäki ykdysady giňişlikde öz ornuny üstünlikli berkidýän ýurdumyza bildirilýän gyzyklanmanyň artmagy netijesinde, bu pudaklaýyn foruma gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Bu gün Türkmenistanyň hyzmatdaşlarynyň sanawy dünýäniň transmilli korporasiýalaryndan, iri halkara guramalaryndan ybaratdyr, olar ykdysady taýdan batly depgin bilen ösýän we maýa goýumlary babatda özüne çekiji ýurt hökmünde bu ýerde özleriniň işleriniň gerimini giňeltmäge we işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýärler.
Türkmenistan dünýäde toplanan täze we öňdebaryjy tejribe üçin açykdyr hem-de milli bähbitleri, durmuş-ykdysady we ruhy-medeni ösüşe degişli wezipeleri göz öňünde tutmak arkaly, dünýäniň ähli ýurtlary bilen berk gatnaşyklary ýola goýýar. Ýewraziýa yklymyndaky döwletleriň 20-sinden wekiliýetleriň gelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr, bu gün olar şu forumda daşary ýurtlaryň aragatnaşyk we teleradioýaýradyş boýunça döwlet düzümlerine, dünýäniň ýokary tehnologik enjamlaryny işläp taýýarlaýjylara we bulary getirýänlere, has kämil tehnologiýalary we hyzmatlary işläp taýýarlaýanlara, iri halkara guramalaryna – aragatnaşyk we programma bilen üpjünçilik boýunça operatorlara wekilçilik edýärler.
Bular THALES Alenia Space, Nokia Siemens Networks, “Rohde & Schwarz”, “Hermes’, “HUAWEI Technologies”, “Euteizat SA, “Sony Elertronik”, “Siemens”, “SICKO”, Polikom, Eastwind, MTS Telekom, Sumsung Elektronics, Panasonik “Triax A/S Denmark”, ELTI d.o.o.” we “Iskratel”, “SES Wroadband Services” ýaly köpsanly kompaniýalardyr.
Foruma gatnaşmaga isleg bildirienleriň arasynda Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Dagiýadan, Şweýsariýadan, Russiýadan, Ýaponiýadan, Koreýadan, Hytaýdan, Eýrandan, Sloweniýadan, Gazagystandan emeli aragatnaşyk ulgamlary boýunça esasy alymlar we bilermenler bar.
Däp boýunça paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde geçirilýän “Türkmentel-20141 halkara forumynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara we myhmanlara Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Şonda milli Liderimiz: “Garaşsyz Watanymyzda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän, kämil telekommunikasiýa ulgamy döredildi. Ýurdumyzyň çäginden uzynlygy 700 kilometrden gowrak bolan aragatnaşygyň Transaziýa – Ýewropa optiki-süýümli ulgamy çekildi. Ol diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda baglanyşdyryjy ugur bolup hyzmat edýär hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan aragatnaşyk ulgamynyň ösmegine has-da ýardam berýär” diýip belledi.
Ýakyn wagtda ilkinji milli aragatnaşyk hemramyz älem giňişligine çykarylar. Munuň özi ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmäge, hususan-da, ýokary tizlikli Internet ulgamynyň elýeterli bolmagyna, telegepleşikleriň, öýjükli we hemra arkaly telefon aragatnaşyklarynyň ýokary hilli sanly ulgamyny üpüjün etmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz munuň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine, halk hojalygynyň pudaklarynyň maglumat mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, täze ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini belledi.
Munuň özi täze döwrüň talaplaryna laýyk gelýän anyk ýagdaý bolup durýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzy ösdürmek boýunça giň gerimli, uzak möhletleýin geljek üçin niýetlenen maksatnamalary amala aşyrmak üçin has öňdebaryjy kosmos tehnologiýalaryny ulanmak baradaky başlangyjy döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän özgertmelere täzeden badalga berer. Özbaşdak “TürkmenÄlem 52.00E” emeli aragatnaşyk hemrasynyň uçurylmagy aragatnaşyk ulgamynyň, Internetiň, teleýaýradyşyň ösüşini has-da çaltlandyryp, durmuş-ykdysady we ekologik häsiýetli, şol sanda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gözlemek, daşky gurşawyň ýagdaýynyň monitoringi boýunça möhüm ähmiýetli wezipeleriň berjaý edilmegine degerli ýardam berer. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin has oňaýly mümkinçilikler dörär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda halkara ölçegleriniň ýokary derejesine laýyk gelýän milli hemra we telekommunikasion aragatnaşyk ulgamynyň döredilýär, munuň özi diňe bir sebitdäki ýurtlar üçin däl-de, Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky esasy maglumat-kommunikasion düzüm hökmünde türkmen döwletiniň geljekki ösüşiniň esasy ugruny kesgitleýär.
Uly möçberli sergä eksponentleriň 70-den gowragy gatnaşýar, bularyň arasynda ýurdumyzyň telekommunikasiýalar boýunça geljek üçin niýetlenen möhüm ähmiýetli döwlet maksatnamalaryny we taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýan aragatnaşyk düzümleri hem-de olaryň daşary ýurtly strategiki hyzmatdaşlary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary we firmalary bilen özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýan türkmen telekeçileri bar.
Giň zallar döwrebap wideotehnika bilen üpjün edilipdir, diwarlyklarda uly monitorlar, yşykly bannerler we pannolar, ýaýratmak we wideo arkaly görkezmek, hemra, mobil we elektron aragatnaşyk, audio, wideo ýazgylary geçirýän, barlag we meteoçaklamalar bilen bagly innowasion önümleriň köp sanly görnüşleri goýlupdyr, bular ýurdumyzyň aragatnaşyk, telekommunikasiýalar we maglumatlar tehnologiýalar boýunça gazananlaryny aýdyň görkezýärler.
Bu ýerde ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň, “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň, “Teleradiomerkeziniň”, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň, “Türkmenpoçtanyň” düzümleriniň diwarlyklarynda ulgamlaýyn we öýjükli aragatnaşyk, telekommunikasion ulgamlaryň binýadynda maglumatlary elektron görnüşde geçirmek, milli tele we radio gepleşikleriniň göwnejaý hilli görkezilmegini üpjün etmek, ýurdumyz we daşary döwletler boýunça poçta arkaly habarlary çalt ýetirmek boýunça serişdelere degişli hyzmatlaryň giň toplumy bilen tanyşdyrylýar. Hyzmatlaryň ep-esli bölegi ýokary tehnologiýalaryň bazaryna üstünlikli goşulyşmak arkaly, dürli we has täze enjamlaryň, pudaklaýyn düzümlere degişli kärhanalar we edaralar üçin aragtanaşyk hem-de wideo arkaly gözegçildik etmek üçin niýetlenen serişdeleriň gös-göni getirilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, şu ulgamda gurluşyk-gurnama we işe girizmek –sazlamak işlerini amala aşyrýan türkmen telekeçileri tarapyndan berjaý edilýär.
Bularyň arasyndan ýurdumyzyň “Adwis”, “Türkmen Innoweýşn”, “Türkmen akaba”, “Guwan”, “Täze dünýä”, “Imdat Elektronika”, “Nokat kompýuter”, “Türkmen tranzit” we beýlekileri görkezmek bolar.
Serginiň çäklerinde IPTV ulgamy bilen tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu ulgam telewizion ýaýlymlary on-laýn görnüşinde görmäge, şeýle hem Internet-hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda sergä gelenlere we myhmanlara şu gün Aşgabatda Halkara howa menziliniň we “Türkmentelekomyň” binalarynda, şeýle hem “Ylham” seýilgähinde we paýtagtymyzdaky käbir uly söwda merkezlerinde simsiz Wi-Fi kommunikasion aragatnaşyk ulgamlarynyň işläp ugrandygy barada aýdyldy.
Günüň ikinji ýarymynda Sergi merkeziniň mejlisler zalynda ulgamy ösdürmegiň wajyp meselelerine we gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegine bagyşlanan ylmy maslahat öz işine başlady. Oňa argatnaşyk boýunça milli döwlet düzümleriniň hünärmenleri we bilermenleri, tanymal alymlar-işläp taýýarlaýjylar, programma düzüjiler, işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň giňişleýin maksatnamasyna Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem-de bu ulgama daşary ýurt maýa goýumlarynyň, tehnologiýalaryň çekilmegine we taslamalaryň amala aşyrylmagyna, ulanyjylar üçin ygtybarly we göwnejaý hilli hyzmatlaryň edilmegini üpjün etmek üçin maglumat-telekommunikasion ulgamlaryň ösdürilmegine degişli möhüm meseleler goşuldy. Umumy mejlisiň barşynda telekommunikasiýalaryň döwrebap ulgamlarynyň ýagdaýy we bulary ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada syn berildi. Maslahat şu günki birinji mejlisde hemra arkaly kommunikasion tehnologiýalar we programma bilen bagly önümleriň bazary ýaly meseleler boýunça pikir alyşmak arkaly dowam etdirildi.
Halkara sergi we maslahat 19-njy sentýabra çenli öz işini dowam eder.