Ï “Türkmentel-2014” dünýäniň telekommunikasion giňişligine goşulyşmak ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmentel-2014” dünýäniň telekommunikasion giňişligine goşulyşmak ugry bilen

view-icon 877
Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2014” atly VIII halkara sergisi öz işini tamamlady.

Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn gözden geçiriliş oňa gatnaşyjylarda, myhmanlarda we bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Üç günüň dowamynda olara ýurdumyzyň aragatnaşyk, habar beriş we IT-hyzmatlar ulgamynda gazanan üstünlikleri, şeýle hem dünýäniň telekommunikasiýa senagatynyň täzelikleri, häzirki zaman ugurlary hem-de onuň ösüşiniň geljegi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat gözden geçirilişine dünýäniň iri önüm öndürijileri, ABŞ-dan, Germaniýadan, Daniýadan, Fransiýadan, Beýik Britaniýadan, Russiýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Sloweniýadan, Horwatiýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan ýokary tehnologiýaly döwrebap enjamlary, aragatnaşyk hyzmatlaryny we programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylar hem-de hödürleýjiler gatnaşdylar.

Olaryň hatarynda Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamyny häzirki zaman halkara ülňüleriniň derejesine çalt çykarmak boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan hyzmatdaşlar bar. Bular “Rohde & Schwarz”, “THALES” “Gilat Satellite Networks”, “Hermes’, “HUAWEI Technologies”, “AXIS Communications”, “SICKO”, “Triax”, “ELTI d.o.o.”, “Iskratel”, “SES Wroadband Services”, “Wostoçnyý weter” we “Rostelekom”, “Sony Solutions Group”, “Nokia Siemens Networks”, “Tyco Elektronics” we beýleki kompaniýalardyr.

Sergä gatnaşanlaryň köpüsiniň ýurdumyzyň telekeçilik düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekde oňyn tejribesi bar. Olar bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde sanly alyp berşiň ülňülerine geçilmegini, hyzmatlar ulgamynyň giňeldilmegini we maglumatlar serişdeleriniň elýeterli bolmagyny, elektron resminama dolanyşyk ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler.

Iň soňky işläp taýýarlamalar we innowasiýalar telekommunikasiýalar, maglumat we kompýuter tehnologiýalary, telemetriýa we ölçeýiş enjamlary, simsiz we giň zolakly aragatnaşyk, hemra we sanly aragatnaşyk ulgamlary, hünär audio we wideoýazgylar, wideokonferensaragatnaşyk, telefoniýa, kabel önümleri we toplaýjy enjamlar, programma üpjünçiliginiň operatorlary we hyzmatlar ýaly bölümlerde hödürlenildi.

Serginiň ekspozisiýalary hyzmatdaşlarymyzyň ýurdumyzyň telekommunikasiýalar senagatyny, öýjükli we ykjam aragatnaşyk ulgamlaryny, Internet ulgamyny öňdäki orunlara çykarmaga we ösdürmäge uly goşant goşýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi. “THALES Alenia Space” (Fransiýa) kompaniýasynyň diwarlygynda görkezilen kosmiki emeli hemramyzyň nusgasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu emeli hemranyň uçurylmagy diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Afrika ýurtlarynyň çäklerinde hem sanly formatda maglumatlar kommunikasiýlarynyň ähli görnüşlerini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Özüniň meýdançasynda ýurdumyzda meşhur bolan “Sony”, “Policom“, “Sitcom”, “Pekason”, “SICKO”, “AXIS Communications”, “Enerson”, “Lanmaster” ýaly önüm öndürijileriň we işläp taýýarlaýjylaryň diwarlyklaryny birleşdiren uly pawilon myhmanlaryň we bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Bu kompaniýalaryň ýokary tehnologiýaly önümleriniň arasynda döwrebap telefon enjamlary, ykjam ýangyna garşy göreş ulgamlary bar. Bu ýerde “Urtex” we “Unify” kompaniýalary täze ykjam telefonlaryny görkezdiler.

Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň we firmalarynyň – “ADVIS – Ericsson”, “Sypaýy” we “Konika Minolta”, “Kemer” we “ELTI”, “Ulygaýa systems” we “Hikvision” (Hyta), “Imdat Elektronika” we “Motorola Solutions” ýaly kompaniýalaryň birleşdirilen diwarlyklarynda gözegçilik etmegiň maglumat ulgamlary, gorag we ýangyn howpsuzlygy, sanly alyp beriji enjamlar, çap ediji toplumlar boýunça işläp taýýarlamalar, şeýle hem bu ulgamlardaky dürli hyzmatlar hödürlenildi.

Mysal üçin, “Türkmen akaba” kompaniýasynyň we Hytaýyň “Hytera” kompaniýasynyň umumy diwarlygynda uly stasionarlardan başlap, sanly köp maksatly ykjam radiostansiýalara çenli dürli enjamlaryň nusgalarynyň onlarçasy ýerleşdirildi. “Türkmen tranzitiň” diwarlygynda bolsa “Injenico” firmasynyň (Fransiýa) nagt däl tölegler üçin ykjam terminallar we köprüleriň hem-de ýollaryň ulanyş ýagdaýyny kesgitlemek, ulaglaryň hereketine gözegçilik etmek üçin hemra tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri nazara alnyp, “Space TEAM” tarapyndan işlenip taýýarlanan GPS --nawigasiýa ulgamy hödürlenildi. “Biost” kärhanasy “Honeywell” kompaniýasynyň (ABŞ) öndüren gorag we howpsuzlyk ulgamyny görkezdi.

Ýurdumyzyň “Türkmenkompýuter”, “Diýarkom”, “Nur Zaman” , “Kepil pikir”, “Nokat”, “Täze dünýä”, “Beýik daragt”, “Asuda asman”, “Guwan” ýaly telekeçilik düzümleri we beýlekiler maglumat hem-de kompýuter tehnologiýalary we hyzmatlary, şol sanda tehniki ulgamlaýyn hyzmat etmek, wideogözegçilik we konferensaragatnaşyk babatdaky artýan kuwwatyny görkezdiler.

Sergide telekommunikasiýalar ulgamynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak meselesi hem öz beýanyny tapdy. Türkmen aragatnaşykçylary gün batareýalarynyň panelleriniň, generirleýji enjamlaryň, 2G standartly kabul edýän antennalaryň, kiçi telefon stansiýalaryň we beýleki enjamlaryň nusgalaryny hödürlediler.

Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynda gazanylanlaryň halkara gözden geçirilişine ulag ulgamynyň pudaklaýyn düzümleriniň hem işjeň gatnaşandygy bellärliklidir. Radionawigasiýa, ulag hereketine syn edýän ulgamlar, meteostansiýalar we beýlekiler şol pudaklaryň sazlaşykly işlemegini hem-de howa, demir we awtomobil ýollarynda hereketiň netijeli dolandyrylmagyny üpjün edýär.

“Türkmentel – 2014” halkara sergisiniň çäklerinde iki günlük ylmy maslahat geçirildi. Oňa iri halkara guramalarynyň – “Intersputnik” halkara kosmos aragatnaşyk guramasynyň, Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Sebitleýin aragatnaşyk arkalaşygynyň, ATDI Ýewraziýanyň, VMwareniň, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýasy býurosynyň, şeýle hem dünýäniň işewür kompaniýalarynyň – “Sony Solutions Group”, “Wostoçnyý weter”, “Rostelekom”, “SSI-Monaeo”, “SES Broadband Services”, “Hughes Network Systems”, “Coriant” (GFR), “Iskatel” (Sloweniýa), “SICKO”, “Unify”, “ADVIS – Ericsson” we beýleki kompaniýalaryň ýolb aşçylary hem-de menejerleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda milli telekommunikasiýalar ulgamynyň we IT—tehnologiýalaryň ösüşiniň uly geljegi, hemra aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak we ählumumy maglumat – kommunikasiýa giňişligine çalt goşulmak barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem 2017-nji ýylda Türkmenistanda ýapyk binalarda we Söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýändigini nazara almak bilen, giň möçberli sport ýaryşlary guralanda iň täze işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary ulanmak boýunça taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy.

IPv6 ulgamynyň esasynda ykjam we Internet aragatnaşygynyň täze neslini ornaşdyrmak, simsiz aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek, kompýuter programmalary we maglumat howpsuzlygy, bilim ulgamynda elektron arkaly okatmagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Serginiň işi tamamlanandan soň, onuň ýapylyş dabarasy boldy. Dabaranyň barşynda sergä gatnaşyjylara ýörite diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

“Türkmentel-2014” atly VIII halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, Aşgabatda pudagy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler we geçirilen forumyň milli özgertmeler maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, Türkmenistanyň dünýäniň kommunikasiýa giňişligine goşulyşmagyna ýardam etjekdigini bellediler.