Ï Awazada GDA agza ýurtlarynyň Mekdep medeni-sport festiwaly badalga aldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada GDA agza ýurtlarynyň Mekdep medeni-sport festiwaly badalga aldy

view-icon 859
Şu gün gojamaz Hazaryň ajaýyp kenarynda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Mekdep medeni-sport festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistan ylalaşdyryjylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň ykrar edilen merkezi bolmak bilen, nobatdaky gezek çagalar festiwalynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu çäräni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti Ählirussiýa mekdep sporty federasiýasy bilen bilelikde guradylar.

Medeni-sport çäresiniň maksady dürli halklaryň çagalarynyň arasyndaky dostlugy we doganlygy berkitmek, ýaş türkmenistanlylaryň daşary ýurtly deň-duşlary bilen sport gatnaşyklaryny giňeltmek, beden taýdan sagdyn nesli terbiýelemek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da artdyrmak bolup durýar.

Uly baýramçylyga Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan gelen çagalar, şeýle hem eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinden bolan ýaşlar gatnaşýarlar.

Festiwal biziň myhamlarymyzyň köpüsi üçin diňe sport ukyplaryny görkezmek mükinçiligi däl-de, eýsem Türkmenistan bilen, onuň gadymy medeniýeti we baý ruhy däpleri bilen ilkinji tanyşlyk bolup durýar. Şonuň üçin guramaçylar ýaş türgenleriň bizde myhmançylykda bolan günleriniň olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmegi üçin mümkin bolan ähli işleri geçirdiler.

Festiwalyň açylmagyna çenli Aşgabatda iki gün dynç alan çagalar paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem köp sanly ýaryşlara, bäsleşiklere, konsertlere we sport çärelerine gatnaşmak bilen dostlaşmaga, öz ukyplaryny açmaga mümkinçilik aldylar.

Soňra çagalar deňze, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna bardylar. Bu gezek “Seýrana” kaşaň myhmanhanasynda sport forumyna gatnaşýan çagalaryň 100-den gowragy dynç aldylar. Olaryň arasynda sport mekdepleriniň okuwçylary, ýaş türgenler bar.

Şu günler gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ajaýyp döwür—mahmal möwsümi höküm sürýär. Şeýle-de bolsa, biziň myhmanlarymyzyň aýtmagyna görä, türkmen topragynyň myhmansöýerligini tomsuň ak güneşi bilen deňeşdirmek bolar. Bu ýerde döredilen ajaýyp şertler çagalara şadyýan dynç alyşdan lezzet alyp, medeni-sport çärelerine gatnaşmak bilen ilkinji pursatlardan başlap özlerini öýlerinde ýaly duýmaga mümkinçilik berdi. Ýokary amatlykly otaglar, akwapark, ýuzmek üçin howuzlar, tennis meýdançasy, sport zaly, köpçülikleýin oýunlar üçin meýdançalar we beýleki sport desgalary, deňziň arassa çägeli kenary—hemme zat wagtyňy gyzykly we mazmunly geçirmek üçin göz öňünde tutuldy. Çagalar bir-birini täze sport sowgatlary we çykyşlary bilen begendirmek üçin festiwala uly joşgun bilen taýýarlyk gördüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň ajaýyp künjekleriniň birinde döredilýän syýahatçylyk zolagy ýylsaýyn berkarar bolýar we dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän çagalaryň halkara dynç alyş merkezine hem-de festiwal “paýtagtyna” öwrülýär. Bularyň hemmesi zehinli ýaşlary goldamak boýunça ýöredilýän döwlet syýasaty hem-de milli Liderimiziň ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn ösmegine, onuň sport mümkinçiliklerini amala aşyrmaga, şeýle hem medeniýet we sport babatda halkara gatnaşyklaryny berkitmäge, şol sanda şunuň ýaly giň gerimli çäreleri guramak arkaly pugtalandyrmaga berýän aýratyn ünsi netijesinde mümkin boldy. Bu bolsa Türkmen döwletiniň dünýä ýurtlary bilen açyk gatnaşyklara ymtylmagynyň aýdyň beýany bolup, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şol gatnaşyklarda ýaş nesliň sesi aýratyn orun eýelemelidir. Ýaşlar öz deň-duşlary bilen asudalykda we özara düşünişip ýaşamak isleýär. Şonuň üçin biz abadan geljegiň bolmagyny isleýän bolsak, ilkinji nobatda, ähli tagallalarymyzy çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegine gönükdirip, olar hakynda alada etmelidiris.

Awazanyň baş sahnasy bolan täsin deňiz şüwdürimleriniň gurşap alýan amfiteatrynda guralan festiwalyň gala-konserti hem çagalygyň we döredijiligiň älemgoşaryna, zehinleriň täsirli öwüşginine öwrüldi. Ähli ýerde şatlyk-şagalaň höküm sürýär, köp sanly tomaşaçylar tolgunmak bilen garaşýarlar: bu gün festiwala gatnaşyjylara myhmançylyga ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, dürli ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşlary, hormatly ýaşulular geldiler. Bu ýere şeýle hem Awazada dynç alýan adamlar ýygnandylar.

Festiwala gatnaşyjylaryň çüwdürimli meýdança bilen deňziň kenaryndaky estrada köprülerine tarap baýramçylyk ýörişi festiwalyň ilkinji pursatlary boldy. Festiwala gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri tomaşaçylaryň öňünden geçýärler, bu ýere ýygnananlar olary mähirli garşylaýarlar. Festiwalyň eýeleri bilen dürli dillerde salamlaşýarlar.

Ähli zat baýramçylygyň başlanmagyna taýýar bolup, dürli reňkli çyralaryň şöhlesinde GDA agza ýurtlaryň baýdaklary bilen bezelen festiwal estradasy şugla saçdy, onuň yz ýany bilen ýaşyp barýan günüň şöhlesi deňiz gözelliginiň ajaýyp görküne öz reňklerini goşdy.

Çäräni alyp barýan milli lybasly oglan we gyz köp sanly tomaşaçylar bilen türkmen we rus dillerinde salamlaşýarlar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Mekdep medeni-sport festiwalyna gatnaşyjylary onuň açylmagy bilen gutlap, Garaşsyz Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde baý tejribe toplady diýip belledi. Biz hemişe adamzadyň dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine rowaçlandyrýan medeniýetlerimizi we sungatlarymyzy ýakynlaşdyrmak, parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sporty has-da ösdürmek başlangyçlary bilen çykyş edýäris.

Biz bu çagalaryň sahawatly türkmen topragyna gelip, häzirki zaman çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerimizde mynasyp dynç almaklary, dostlaşmaklary hem-de wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň mekdep toparlarynyň arasynda ýaşlar sportunyň kiçi futbol, kenarýaka woleýboly, stoluň üstünde oýnalýan tennis, basketbol, küşt görnüşleri boýunça Mekdep medeni-sport festiwalynyň geçirilmegi Türkmenistanyň bu ugurda halkara bileleşigi bilen has ysnyşykly we özara arkalaşykly hereket etmäge taýýardygyny aýdyň subut edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda belledi.

Milli Liderimiziň bu mähirli sözleri şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy hem-de şu günki wakanyň başlanmagyna ak pata bolup, onuň baş şygaryna öwrüldi.

Mekdep medeni-sport festiwalynyň açylyş dabarasy oňa gatnaşyjylaryň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy.

Aýdymçylaryň we festiwala gatnaşýan ýurtlaryň toparlarynyň joşgunly ýerine ýetiren milli aýdymlary, tanslary we sazlary, şeýle hem bilelikdäki çykyşlary baýramçylyk konsertiniň esasyny düzdi. Dürli dillerde şadyýan çaga sesleri ýaňlanyp, özboluşly aýdymlar nusgawy sazlar we meşhur estrada owazlary bilen utgaşyp gitdi. Festiwal ol ýa-da beýleki žanryň çarçuwalary bilen çäklenmeýär, ozaly bilen aragatnaşyk, döredijilik, açyşlar şatlygy öň hatara çykýar.

Dostluk hem-de birek-biregiň medeniýetini we sungatyny tüýs ýürekden hormatlamak duýgusy köp zatda öz beýanyny tapdy. Milli lybaslaryň dürli öwüşgini, halk sazlarynyň köpdürlüligi, festiwala gatnaşyjylaryň dürli dillerde çykyşlary we ussatlygy deňziň kenarynda gaýtalanmajak şatlyk ýagdaýyny döretdi. Bu ýagdaý dostluk we aragatnaşyk üçin ýürekleri ýakynlaşdyrdy. Ählumumy baýramçylyk we agzybirlik ruhy artistleri we tomaşaçylary gurşap aldy. Olar çykyş edenleriň her birine şowhunly el çarpdylar.

Sport çykyşlary hem hakyky teatrlaşdyrylan sahnalara öwrüldi. Olaryň maksady bolsa birdir-sport hem edil sungat ýaly adamlary birleşdirýär. Bu parahatçylygyň we dostlugyň ygtybarly köprüleriniň biridir. Çagalar şol pikiri ussatlyk bilen beýan etdiler.

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan küştdepdi tansy baýramçylyga özboluşly öwüşgin goýdy. Festiwala gatnaşyjylar bu tansy agzybirlik bilen ýerine ýetirdiler. Bu çykyş dürli öwüşgine eýe bolup bu ajaýyp ýere ýygnananlary gurşap alan şatlyk duýgularyny goşalandyrdy. Ýaş zehinleriň tomaşaçylara we bir-birine peşgeş beren sungatlary şu günki çykyşlary ýatdan çykmajak baýramçylyk wakasyna öwürdi.

Joşgunly çykyşlar tamamlandy, ýöne çagalar şonda-da bu ýerden gitmän, bir-biri bilen özlerinde galan täsirleri paýlaşdylar. Baýramçylyk sahnadan soň deňziň kenarynda dowam etdi. Bu ýerde çagalar gülküsi daş-töwerege ýaň salyp, şadyýan oýunlar ýaýbaňlandy.

Mekdep medeni-sport festiwaly häzirlikçe diňe badalga aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp gelýän nesliň sagdynlygyna berýän ünsi beden, ruhy we ahlak sagdynlygynyň toplumlaýyn milli ulgamynyň döredilmegi döwletiň we jemgyýetiň durmuşyndaky ägirt uly özgertmeleri herekete getirýän güýç bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Şonuň üçin festiwala gatnaşyjylara öňde diňe “Awazadaky” sport hepdesi däl-de, eýsem şatlyk duýgusyndan, çagalaryň egsilmez mümkinçiliklerinden hem-de ýaşgy umyt-arzuwlaryndan, saglygyň we bagtyýarlygyň güýjünden doly durmuş garaşýar.