Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly IX Halkara sergi --ýarmarkasynyň açylyş dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän hem-de kitap neşirýaty we poligrafiýa ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen Aşgabat kitap sergisi ýurdumyzyň dünýäniň ençeme döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň, türkmen döwletine, türkmen halkynyň baý taryhyna, medeniýetine we sungatyna artýan gyzyklanmanyň aýdyň mysalydyr.
Milli kitap neşirýatynyň ýokary halkara derejesine çykarylmagy, neşirýat ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň çekilmegi ýurdumyza dünýäniň neşirýat bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Moskwada her ýyl geçirilýän halkara kitap sergi - ýarmarkasynda türkmen neşirýatçylarynyň kitaplaryna berilýän hormatly sylaglar munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar.
Häzirki kitap sergisi hem Türkmenistana ägirt uly ünsüň berilýändiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çaphana işinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiz sergini guramak işlerini Türkmen döwlet neşirýat gullugyna we Söwda-senagat edarasyna tabşyrdy. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyza dünýäniň ýigrimi ýurdundan metbugat senagatynyň, işewür we edebiýat toparlarynyň wekilleriniň 150-den gowragy geldi.
ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Germaniýadan, Russiýadan, Türkiýeden, Hytaýdan, Koreýadan, Eýrandan, Saud Arabystanynydan, Polşadan, Rumyniýadan, Albaniýadan, Hindistandan, Belarusdan, Ukrainadan, Gazagystandan, Ermenistandan, Moldowadan we beýleki ýurtlardan bolan neşirýat öýleriniň we çaphana kärhanalarynyň ýolbaşçylary, hünärmen-işläp taýýarlaýjylary, menejerler neşir ediji enjamlary öndüriji kompaniýalaryň, söwda şereketleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň 60-dan gowragyna wekilçilik edýärler.
Wekiliýetleriň düzüminde meşhur edebiýatçylar, terjimäniň ussatlary, alymlar, suratkeşler, žurnalistler, şeýle hem bu ulgamda döwletiň we iri ylym-bilim düzümleriniň—Kaliforniýa we Oksford uniwersitetleriniň, Iwan Feodorow adyndaky Moskwanyň Metbugat döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň wekilleri bar.
Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy we hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym we medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz: “Kitap ösüşlere ýetirýän, kämillige itergi berýän güýçdir. Ol adamy täze belentliklere galkyndyrýar, ruhubelent edýär. Kitap adamzat nesilleriniň uçar ganatydyr. Şoňa görä-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy, çeper we okuw kitaplaryny neşir etmek işine berilýän üns has güýçlendirildi. Sebäbi biz jemgyýetiň kämilleşmeginiň, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň ruhy çeşmelerini döwrebap, çuň many-mazmunly, häzirki döwrüň okyjylarynyň bildirýän talaplaryna laýyk gelýän kitaplarda hem görýäris” diýip nygtaýar. Milli Liderimiz gutlagynda adamzadyň ruhy-genji hazynasy hasaplanýan, bilim, terbiýeçilik işinde goldaw boljak ýokary hilli kitaplary we gazet-žurnallary neşir etmekde, neşirýat ulgamyny ösdürmekde siziň biri-biriňize goldaw berip, tejribäňizi paýlaşyp, hemişe ygtybarly hyzmatdaş boljakdygyňyza berk ynanýaryn diýip belleýär.
Dünýäniň ençeme dillerinde neşir edilen kitaplaryň we beýleki neşir önümleriniň ägirt uly ýygyndysynyň, çaphana täzelikleriniň we bezeg tehnologiýalarynyň giň gerimli sergisi baýramçylyk lybasyna beslenen Sergi köşgüniň giň zallarynda ýerleşdirildi.
Ýurdumyzyň neşirýatynyň we çaphana sungatynyň köp dürli önümlerini nobatdaky gezek iri döwlet kärhanalary we hususy kompaniýalar görkezýärler. Diňe şu ýylyň geçen sekiz aýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çeper we okuw edebiýatyna degişli görnüşleriň 240-a golaýy 4,5 million nusgada, şeýle hem gazetleriň we žurnallaryň 50 görnüşi çap edildi. Her ýyl çap edilýän kitap neşirleriniň artýan möçberi we görnüşleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmekde durmuş ugurly syýasatynyň milli ylym-bilim ugurlaryny şöhlelendirýär.
11-nji synpyň okuwçylary üçin täze maksatnamalar boýunça işlenip taýýarlanan we çap edilen okuw kitaplary hem-de okuw gollanmalary munuň aýdyň mysalydyr. Olar täze döwlet bilim konsepsiýasyna laýyklykda şu ýyl ilkinji gezek orta mekdepde okuwlaryny dowam edýärler. Mekdebe çenli hem-de kiçi mekdep ýaşyndaky çagalar üçin zerur bolan okuw gollanmalary we köpdürli öwüt beriji maglumatlar bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ýaş nesli hemmetaraplaýyn we sazlaşykly terbiýelemegiň wezipelerine laýyk gelýär.
Metbugat merkeziniň, “Türkmenkitap” lomaý-bölek kärhanasynyň, “Galkynyş” kitap merkeziniň, “Çaphana hyzmatlary” edarasynyň hem-de welaýatlaryň neşirýat merkezleriniň pawilonlarynda iň täze neşirleriň ajaýyp nusgalary görkezilýär. Olaryň sahypalarynda türkmen halkynyň baý, ruhy we tahyry-medeni mirasy giňden beýan edilýär. Olaryň hatarynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň täze neşirleri, şeýle hem şu ýyl diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde 290 ýyllygy bellenilýän akyldar şahyra bagyşlanan kitaplar bar. Ajaýyp işleriň hatarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahyryň döredijiligine bagyşlan “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly ýygyndysy bar.
Uly türkmen sergisiniň merkezi diwarlygynda döwlet Baştutanymyzyň beýleki täze işleri hem görkezilýär. Olaryň hatarynda durmuş-ykdysady we ylmy-medeni ösüşi başdan geçirýän we şunda halkyň köpasyrlyk däplerine ygrarlylygyny saklaýan Türkmenistany dünýä açýan neşirler -- “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediýanyň VI kitaby, “Döwlet guşy”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” diýen kitaplar bar. Hut şu ýerde türkmen ýazýjylarynyň we žurnalistleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň VI jildiniň iňlis dilindäki täze neşirine bagyşlanan ilkinji duşuşygy bolup geçdi.
Türkmenistanyň döwlet kitaphanasy, Ylymlar akademiýasy hem-de Kitap palatasy aýawly saklanýan seýrek golýazma kitaplarynyň we beýleki gymmatlyklaryň ýygyndysyny görkezdiler. Bu diwarlygyň ýanynda sergä gelenlere häzirki zaman ussatlaryň gadymy kitaplary dikeltmek boýunça geçirýän işlerini synlamak mümkinçiligi döredildi.
“Gündogar ýyldyzy”, “Intek Media”, “Hatdat”, “Garant”, “RM print”, “Allegro”, “Foto-art” ýaly hususy kärhanalaryň diwarlyklarynda türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň ajaýyp görnüşde neşir edilen eserleri, olaryň elektron görnüşleri, owadan bezelen albomlar we senenamalar, mahabat we sowgatlyk önümleri sergä gelenleriň ünsüni çekip, türkmen bazaryny çaphana innowasiýalary, şol sanda dürli gatlaklarda çap etmek ýaly ugurda täzelikler bilen baýlaşdyrýar.
Sergide görkezilýän neşir önümleriniň ylym-bilim derejesi, däp bolşy ýaly, baý mazmuny Aşgabat kitap sergisiniň esasy aýratynlygy bolup durýar. Ylym, okuw-bilim, çagalar, çeper edebiýatyň köpdürlilügi, sungat we taryh boýunça kitaplar, ajaýyp goldlnmalar we fotoalbomlar dünýäniň ençeme ýurdundan bolan döwlet düzümleriniň hem-de ylym-bilim merkezleriniň, neşirýat öýleriniň we söwda kärhanalarynyň diwarlyklarynda görkezildi. Olaryň arasynda “Fan Noli” /Ermenistan/, JÇJ “Makbel” /Ukraina/, “Raritet” we “Saryarka” /Gazagystan/, “Lifecare” /Hindistan/, “Bedelkom” /Koreýa/, “Lumina” we “Epigraf” /Moldowa/, /Belarus/, “Timas” /Türkiýe/ bar.
Türkmen dilinde neşir edilen gündogar filosofiýasynyň, şygryýetiniň we prozasynyň nusgawy şahyrlarynyň eserlerinden, taryh we medeniýet hakynda ylmy işlerden ybarat kitaplaryň ajaýyp ýygyndysy bilen eýran neşirýatçylarynyň diwarlyklary tanyşdyrdy.
“Cengage Learning EMEA” /ABŞ/ işläp düzüjileri okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň elektron arhiwini we toplumyny döretmek boýunça tehnologiýalary hödürleýärler. “Oxford University Press-iň” Aşgabatdaky wekilhanasy öz innowasiýalary bilen tanyşdyryp, täze kompýuter tehnologiýalary we interaktiw tagtalary bilen utgaşdyrylan innowasion kitaplary hem-de okuw kitaplaryny görkezdiler. Olar iňlis dilinde dürli okuwlaryň çalt öwrenilmegini üpjün edýär.
Russiýa däbe görä, sergä yzygiderli gatnaşýanlaryň biridir, “Medkniga Elbi-Cpb” we JÇJ “Elbi-- Cpb”, “Binom”, “Galart”, “Informnauka”, “Biçik” ýaly neşirýat kärhanalarynyň onlarçasy bu ýurda wekilçilik etdiler. Russiýaly eksponentleriň düzümi ýylsaýyn artýar. Neşirýat täzelikleri we çaphananyň ýokary tehnologiýaly nusgalary, şol sanda okuw-öwreniş goldanmalary içine alýan işläp düzmeler bilen sergä ilkinji gezek gatnaşýan “Karapuz”, “Cokrat”, “AST-Press” tanyşdyrýar. “Mozaika-sintez” mekdebe çenli ýaşly çagalary öýde okatmak üçin okuw toplumyny hödürleýär. “Ru-skan” kompaniýasy ýurtda kitaphanalaryň arasynda elektron ulgamy döretmek üçin aýratyn möhüm bolan innowasion skanirleýji enjamlaryň işi bilen tanyşdyrdy.
Günüň ikinji ýarymynda halkara sergi - ýarmarkasynyň çäklerinde “Kitap—hyzmatdaşylygyň we ösüşiň ýoly” atly ylmy maslahat boldy. Oňa Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda öňdebaryjy neşirýat toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, kitaphana düzümleriniň wekilleri, çaphanaönümçiligi pudagynyň hünärmenleri, edebiýatçylar we žurnalistler ýygnandylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar dürli ýurtlarda neşirýat pudagynyň ösüşiniň gazananlarynyň, kitap we beýleki çaphana önümleriniň önümçiligine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, maglumatlary geçirmegiň we kitap ýaýratmagyň elektron hyzmatlar ulgamyny döretmegiň milli tejribeleri bilen tanyşdylar. Pikir alyşmagyň barşynda ýöriteleşdirilen düzümleriň arasynda ýygjam hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, şol sanda neşirýat işiniň we çaphana tehnologiýalarynyň, terjimeçilik işiniň, kitaphana gatnaşyklarynyň hünärmenlerini taýýarlamak we döredijilik alyşmalary bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Serginiň çäklerinde “Türkmen. Ru.” Internet-portalynyň tanyşdyryş çäresi boldy. Onuň maglumatlary okgunly ösýän Türkmenistanyň durmuşyny, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy däplerini şöhlelendirer.
Ertir “Kitap—hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly IX Halkara sergi-- ýarmarkasy öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde Sergi köşgünde hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda döredijilik duşuşyklary, täze neşirleriň we çaphana enjamlarynyň tanyşdyryş çäreleri bolar.