Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergi we syýahatçylyk maslahaty açyldy. Bütindünýä syýahatçylyk gününe gabatlanyp, bu forum Hazaryň türkmen kenarynda indi ikinji gezek geçirilýär, oňa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň şu pudagynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän köp sanly ýurtlaryň şu pudak boýunça hünärmenleri ýygnandylar.
“Seýragna” myhmanhanasynda serginiň açylyş dabarasyna ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä we syýahatçylyk maslahatyna gatnaşyjylara Gutlagyny uly üns berip diňlediler. Milli Liderimiz şonda bu halkara çäräniň syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň häzirki zaman düzümini, maddy-enjamlaýyn üpjünçiliginiň has-da ösdürilmegine, hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegine, pudagy we işewürligi dolandyrmagyň ykdysady usullarynyň kämilleşdirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu foruma gatnaşýanlaryň wekilçilikli düzümi daşary ýurtly maýadarlaryň, dünýäde syýahatçylyga degişli hyzmatlaryň bazarynyň bilermenleriniň we bu hyzmatlary berjaý edýänleriň Türkmenistanyň syýahatçylyk babatdaky mümkinçilikleri, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky örän uly taslama boýunça uly gyzyklanma bildirýändigini äşgär edýär. Bularyň arasynda dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň, şol sanda Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Argentinanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Müsüriň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we beýlekileriň milli syýahatçylyk agentlikleriniň, şu ugra degişli ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, onlarça kompaniýalaryň wekilleri bar.
Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny dünýäniň ähli ýerinden syýahatçylary çekmegiň täze we geljegine uly umyt baglanýan ugry hökmünde ösdürmek -- bu halkara çäresinde garalýan esasy meseledir.
“Seýrana” myhmanhanasynda guralan sergide Türkmenistanda syýahatçylyk toplumynyň ýagdaýyna görä, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki örän uly mümkinçilikleri görkezilýär. Bar bolan mümkinçilikleri, gazanylan üstünlikleri we täze teklipleri aýdyň beýan edýän bu sergä ýurdumyzyň döwlet guramalary we edaralary, hususy kärhanalar, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşýan ýa-da muňa goşulmagy maksat edinýän daşary ýurt kompaniýalary gatnaşýarlar.
Mälim bolşy ýaly, syýahatçylyk islendik döwletde girdeji gazanýan möhüm pudaklaryň biri bolup durýar. Türkmenistan hem bu pudagyň maddy we ykdysady binýadynyň çalt depgin bilen ösdürilmegi, onuň maýa goýumlar babatdaky özüne çekijiliginiň ýokarlandyrylmagy babatda gyzyklanma bildirýär. Çünki bu ýagdaý beýleki pudaklaryň ösüşine, täze ýokary tehnologik önümçilkleriň döredilmegine, ylymda we bilimde innowasiýon ýagdaýlaryň ösdürilmegine, ekologiýa we medeniýete goldaw berilmegine oňyn täsirini ýetirer.
Sergide foruma gatnaşýanlara oňaýly tekliplerini, önümlerini we hyzmatlaryny görkezmäge, Türkmenistanyň we onuň welaýatlarynyň syýahatçylyga degişli täsir galdyrýan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, syýahatçylyk pudagyndaky täze ýagdaýlar we myhmansöýerlik barada has täze maglumatlary almaga mümkinçilik döredildi. Şonuň çäklerinde täze işewürlik konsepsiýalary bilen tanyşdyrylyş dabaralary guraldy hem-de işjeň gepleşikleri geçirmek üçin oňaýly şertler döredildi.
Günüň ikinji ýarymynda “Seýrana” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda syýahatçylyk boýunça maslahat açyldy, oňa Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem halkara we daşary ýurt guramalarynyň, şol sanda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlyk we ösüş müdirliginiň (TIKA) wekilleri gatnaşdylar.
Umumy mejlisiň barşynda türkmen tarapynyň wekilleri çykyş edip, ýygnananlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumynyň innowasion ösüşi boýunça işlenip düzülen strategiýa we ileri tutulýan ugurlar, bu pudagyň baý, dürli görnüşdäki medeni we tebigy mirasdan ybarat binýady bilen tanyşdyryldy.
Syýahatçylyk boýunça maslahata gatnaşýan daşary ýurtlular öz çykyşlarynda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek, hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek boýunça hyzmatdaşlyk ýaly meseleleriň giň toplumy barada durup geçdiler.
Pikir alyşmalaryň barşynda bu pudagyň ösüşi boýunça derwaýys çemeleşmeler, şeýle hem toplanan üstünlikli tejribe barada aýdyldy, Türkmenistanyň şu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyna degişli has oňat nusgalara-da garaldy.
Ertir forum öz işini dowam eder. Syýahatçylyk boýunça maslahatyň çäklerinde bölümlerde dürli ýurtlaryň döwlet toparlarynyň, syýahatçylyk edaralarynyň we telekeçilik düzümleriniň arasynda möhüm ähmiýetli meseleler barada gepleşikler geçiriler. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri, Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasynyň halkara syýahatçylygyny ösdürmekdäki möhüm ähmiýeti, şeýle hem syýahatçylyk pudagynyň döwrebap tehnologiýalary bilen bagly meseleleri şolaryň hatarynda görkezmek bolar.
Şeýle hem foruma gatnaşýanlar dürli künjekler bilen tanyşdyrylar, olar üçin Awaza derýasyndaky boýunça gezelençler guralar, “Ýelken” ýaht-klubuna barlyp görler.