Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda saglygy goraýyş boýunça nobatdaky IV türkmen-german maslahaty öz işine başlady. Ol iki dostlukly ýurduň arasynda lukmançylyk ulgamynda üstünlikli ösýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan maslahat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Saglygy goraýyş federal ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Mýunhende, Aşgabatda we Berlinde yzygiderlilikde geçirilen türkmen we nemes kärdeşleriniň ozalky duşuşyklary degişli ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge kuwwatly itergi berip, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak, ylmy işgärleri we ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi.
Häzirki duşuşyga gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Federal ministrligiň, iri “Nickl & Partner architekten AG”, “Siemens Medical Solutions” “Hospital internasional GmbH” kompaniýalarynyň, Merkezi Aziýa boýunça “Senior Ekspert Serwis” (SES) maksatnamasynyň wekillerinden, şeýle hem Maksimilian Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň hem-de Aahen şäheriniň uniwersitetiniň, Robert Koh adyndaky institutyň esasy klinikalarynyň tanymal alym-professorlaryndan ybarat uly topar geldi. Foruma şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri çagyryldy.
Türkmen tarapyndan duşuşyga döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriniň, şypahana-bejeriş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň ýüze golaýy, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professorlary, mugallymlary gatnaşdylar.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Wolfgang Brett maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa GFR-den bolan hyzmatdaşlara bildirýän ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Olar ýurdumyzyň kämil saglygy goraýyş ulgamyny döretmek, ilata ýokary halkara ülňülerine laýyklykda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek boýunça düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanda öňdebaryjy enjamlar, şol sanda nemes işläp düzüjileriň tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze ylmy-kliniki merkezleriň hem-de keselleri bejeriş-öňüni alyş edaralaryň açylandygy barada aýtmak bilen, ilçi şunda Germaniýanyň ähli klinikalarynda hem şeýle tehnologiýalaryň ýokdugyny belledi. Ýokary bilimli işgärleri alyşmak, okatmak we taýýarlamak boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk adamlaryň saglygyny goramak boýunça ählumumy wezipeleri çözmäge iki ýurduň uly goşandy bolar diýip, ilçi belledi.
Häzirki maslahatyň birinji mejlisi türkmen lukmanlaryny Mýunhen uniwersitetiniň klinikalarynyň binýadynda, şeýle hem esasy nemes professorlarynyň biziň ylmy lukmançylyk merkezlerimizde geçirýän işleriniň maksatnamasynyň çäklerinde okatmak meselesine bagyşlandy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda türkmen hünärmenleriniň onlarçasy nemes klinikalarynda tälim alyp, hünär derejesini kämilleşdirdiler, ine, bu gün bolsa baş maksat—gös-göni lukmançylyk işinde akademiki aragatnaşygy çuňlaşdyrmak bolup durýar.
Maslahatyň gün tertibinde kilinikalary meýilleşdirmek we taslama düzmek, keselleri bejeriş - öňüni alyş edaralarynda ýokanç gözegçiligi boýunça tejribe alyşmak babatda özara gatnaşyklaryň mümkinçilklerini ara alyp maslahatlaşmak bar. Onkologiýa keselli çagalarda keseliň öňüni almak, anyklamak we bejermek meselelerine aýratyn üns berildi. Iki günlük duşuşygyň ertirki mejlisi lukmançylykda hil kepilini üpjün etmek meselelerine bagyşlanar.
Şu gün maslahatyň çäklerinde Saglygy goraýyş federal ministrliginiň wekilleriniň, şeýle hem lukmançylygyň öňdebaryjy nemes alym—professorlary Klaus Parhoferiň, Peter Pompeniň, Wikol Kaliniň, Uwe Hasbargeniň Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, ordinatorlary we talyplary bilen duşuşyklary boldy.
Ertir saglygy goraýyş boýunça nobatdaky IV türkmen-german maslahaty öz işini tamamlar. Onuň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekiler.