Ï Germaniýanyň Türkmenistandaky ykdysadyýet güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Germaniýanyň Türkmenistandaky ykdysadyýet güni

view-icon 911
Şu gün “Mizan” işewürlik merkezinde işewür maslahat – German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky güni geçirilid. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmegiň, iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri girizildi. Bu çäräni hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy gurady.

Aşgabatda dördünji gezek geçirilýän maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda giriş mejlisi boldy, mowzuklaýyn maslahatlar we Germaniýa Federatiw Respublikasyndan gelen wekiliýetiň agzalarynyň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Giriş mejlisiniň öň ýanynda nemes işewürlerine Türkmenistan, onuň düýpli artýan ykdysady kuwwaty, gazanan üstünlikleri hem-de strategiki ösüş meýilnamalary hakynda gürrüň berýän wideofilm görkezildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty netijesinde dünýä kompaniýalary we önüm öndürijileri bilen, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň barşynda Germaniýanyň ykdysadyýet we energetika federal ministriniň orunbasary Ekhard Frans Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky gününiň özara söwdanyň we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga, dürli ugurlarda tejribe hem-de tehnologiýalary alyşmagy işjeňleşdirmäge, işewür gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi.

GFR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wolfgang Brettiň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, döwletimiz ýylyň-ýylyna maýa goýum işini işjeňleşdirmek hem-de bilelikdäki iri taslamalary işläp taýýarlamak üçin mäkäm binýady döredip, ykdysady ösüşiň ýokary görkezijilerini gazanýar. Daşary ýurtly telekeçileriň üstünlikli işlemegi üçin Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, şertler we ýeňillikler, senagatyň ähli pudaklaryny çalt döwrebaplaşdyrmaga alnan ugur, kiçi işewürligiň we hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy nemes işewür toparlarynyň ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanmasyny artdyrýar.

Nemes wekiliýetiniň düzümi hem muňa şaýatlyk edýär, oňa Germaniýanyň Federal ykdysadyýet we energetika ministrligi, “Germaniýanyň ösüş boýunça jemgyýeti”, “German-türkmen maslahaty”, “Halkara hyzmatdaşlygy boýunça german jemgyýeti”, “Söwda we maýa goýumlary boýunça german jemgyýeti”, “Oba hojalygynda taslamalary dolandyrmagyň german jemgyýeti”, “Halkara hyzmatdaşlygy boýunça süýşürintgiler kassalarynyň gaznasy” we başgalar ýaly GFR-iň abraýly döwlet, jemgyýetçilik we işewür toparlarynyň wekilleri girdi.

Bu duşuşyga “PRAKLA Bohrtechnik”, “Wintershall Holding”, “RWE Dea AG”, “Thomas Domling Vertrieb GUS”, “Trox”, “Smiyhs Heimann”, “Kronotex”, “CLAAS”, “Lemken”, “Siemans AG”, “Knauf Gips”, “Wirtgen” ýaly kompaniýalaryna wekilçilik edýän işewürleriň 120-ä golaýy, bank ulgamynyň, logistika we maslahat beriji kompaniýalarynyň, şeýle hem iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň döredilmegi netijesinde giňden meşhur bolan Fraungof institutynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Munuň özi Türkmenistanyň we Germaniýanyň möhüm hyzmatdaş hökmünde öz gatnaşyklarynyň tejribesini hem-de mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Diňe soňky ýyllarda nemes kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi hem-de üstünlikli amala aşyrylýar. Özara söwdanyň möçberleri artdy, şol kompaniýalaryň köpüsi Türkmenistanda öz wekilçilhanalaryny we şahamçalaryny açdylar.

Duşuşygyň barşynda şeýle işewür maslahatlaryň haryt dolanyşygynyň möçberlerini hem-de durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalary artdyrmaga ýardam edýän ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli usuly bolup durýandygy nygtalyp geçildi. Şeýle-de nebitgaz we himiýa senagatynda, elektrik energetikasy, awtomobil we maşyn gurluşygy ulgamynda, gurluşyk we senagat enjamlary babatda, oba hojalygynda we ýol-gurluşyk tehnikasynda, söwdada hyzmatdaşlygy giňeltmegiň dürli taraplaryna garaldy.

Üstaşyr ulag geçelgelerini we Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluny gurmak boýunça iri möçberli taslamalaryň döredilmegini nazara almak bilen, “Türkmenistanda logistika” atly mowzuklaýyn maslahat bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Olar Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky has tygşytly we peýdaly ugry üpjün eder.

Bilim we ylym babatda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine aýratynlykda garalyp geçildi.

Geçirilen çäreleriň çäklerinde “Mizan”işewürlik merkezinde sergi guraldy, onda ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri görkezildi. Bu ýerde “Robert Bosch”, “AEG Power Colutiohs”, “Multiwatt Energiesysteme”, “Maxx Intermodal Sistems”, “GWE pumpenboese” we beýleki nemes kompaniýalarynyň diwarlyklary hem ýerleşdirildi. Olaryň köpüsi ýurdumyz bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýär.

German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky gününe gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berjek maslahaty geçirmäge goldaw berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdiler.