Ï Türkmenistan – BMG: suwdan peýdalanmak we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – BMG: suwdan peýdalanmak we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk

view-icon 1022
Şu gün paýtagtymyzdaky “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri hem-de hünärmenleri üçin BMG-niň serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini gorap saklamak we paýdalanmak boýunça Konwensiýasynyň düzgünlerine laýyklykda suwdan peýdalanmak we saglygy goraýyş ulgaşmlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine bagyşlanan iki günlik maslahat açyldy.

Türkmenistanyň Suw hojalygy ministrliginiň guran bu maslahaty biziň ýurdumyzyň BMG-niň halkara guramalarynyň – Ýewropa ykdysady komissiýasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçiriler. Maslahata gatnaşmak üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Suw syýasaty boýunça milli gepleşikleriniň sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Peep Mardiste, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň halkara bilermenleri, şeýle hem Norwegiýadan we Moldowa Respublikasyndan milli bilermenler ýörite Aşgabada geldiler.

Duşuşygyň gün tertibine serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini gorap saklamak we paýdalanmak boýunça Konwensiýanyň suw we saglygy goraýyş meseleleri boýunça Tertipnamasynyň esasy düzgünleri bilen tanyşmak, şeýle hem ondan gelip çykýan borçnamalaryň milli derejede ýerine ýetirilişi babatynda tejribe alyşmak meseleleri girizildi.

Mälim bolşy ýaly, ekologiýa we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, ilaty arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bolmak bilen, ilknji nobatda ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, daşky gurşawy we milletiň saglygyny goramak meseleleri bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň 2012-nji ýylda BMG-niň suw boýunça konwensiýasyna goşulmagy bu ulgamda netijeli sebit we sebitara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde möhüm ädim boldy. Serhetüsti suw serişdelerini peýdalanmagyň özara kabul ederlikli deňagramly guralyny işläp taýýarlamak meseleleri boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki iri halkara maslahatlarynda öňe sürüldi.

Jenap Peep Mardiste biziň ýurdumyzyň ynsan saglygyny we her bir adamyň hem-de toparyň saglygyny hem-de abadançylygyny gorap saklamak meselelerini oňyn çözmekdäki ägirt uly tejribesini belläp, şu gezekki maslahatyň suw ekologiýa ulgamlaryny goramak wezipelerini hem öz içine alýan suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, şeýle hem suw bilen baglanyşykly keselleriň ýaýramak töwekgelçiliginiň öňüni almak, gözegçilik etmek we peseltmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyna uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bu maksatlara ýetmek üçin dünýä bileleşiginiň bilelikdäki tagallalary bilen suw we saglygy goraýyş meseleleri boýunça Tertipnama işlenip taýýarlanyldy, onuň esasy düzgünleri we wezipeleri bilen halkara bilermenleri çykyş edip, maslahata gatnaşyjylary tanyşdyrdylar.

Bellenilişi ýaly, bu Tertipnama daşky gurşawy we ilatyň saglygyny goramak meselelerini öz içine alýan, ekologlary, ekologiýa ulgamlaryny dolandyrmak, suw serişdeleri ulgamy boýunça, şeýle hem arassaçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynyň hünärmenlerini birleşdirýän ilkinji halkara ylalaşygydyr. Milli maksatlaýyn görkezijileri emele getirmek we suw bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almakda hemişelik gözegçilik ulgamyny döretmek bu resminamanyň möhüm düzgünleri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnamanyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi, onuň çäklerinde ähli welaýatlarda suw arassalaýjy zawodlar, suw süýjediji desgalar gurulýar, bar bolan suw arassalaýjy desgalaryň we suw geçiriji ulgamlaryň häzirki zaman ekologiýa tehnologiýalary we innowasiýa ugurly ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak bilen durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar.

Ertir maslahat işini dowam eder.