8-nji oktýabrda Moskwada Bütinrussiýa sergi merkeziniň çäginde açylan “Altyn güýz – 2014” atly obasenagat sergisinde türkmen azyk önümleri görkezilýär.
Sergä Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň 55-sinden kärhanalaryň 2500-den gowragy we daşary ýurtlaryň 8-sinden wekiliýet gatnaşýar. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti hem azyk önümlerini görkezýärler.
Bölümleriň mowzugy oba hojalyk tehnikasyny we enjamlaryny, şol sanda azyk we gaýtadan işleýän senagat, ekerançylyk, maldarçylyk, seçgi, fermer, çakyr önümçilik senagaty we beýlekiler üçin enjamlary goşmak bilen, ýöriteleşdirilen bölümler arkaly görkezilen obasenagat toplumynyň ähli pudaklaryny öz içine alýar.
Aýry-aýry bölümler innowasion tehnologiýalar, serişde tygşytlaýjy we bioenergetika, azyk howpsuzlygy, import we onuň ýerini tutuş, däne we çig mal bazary, oba syýahatçylygy ýaly ugurlara bagyşlandy. Bu ýerde halk döredijiliginiň nusgalaryny – medeniýetiň oba hojalygynyň ösmegine täsirini şöhlelendirýän milli lybaslary, durmuşa degişli hem-de amaly haşam sungatynyň serişdelerini görmek bolýar.
Serginiň açylyş dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Dmitriý Medwedew gatnaşdy. Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisiniň 75 ýyllygyna bagyşlanan serginiň möhüm wakasy GDA agza döwletleriň önümleri görkezilen bölümlerden ybaratdyr. “Altyn güýzüň” umumy sergi meýdançasynda Azberbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň we Türkmenistanyň obasenagat toplumlary ilkinji gezek giňden we köpugurly görkezilýär.
Bu ýurtlaryň her biri bilen, şeýle hem sergä gatnaşýan beýleki döwletleriň köpüsi bilen Türkmenistany giň ugurlary, şol sanda ýurduň eksport kuwwatyny netijeli ulanmak babatda, oba hojalyk senagatynyň milli önümleriniň bäsdeşlige ukyplylyk derejesini artdyrmak, gaýtadan işleýän önümçilikde we beýlekilerde ugurlaryň giň gerimini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Ýurdumyzyň milli diwarlygy Watanymyzyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň, şeýle hem balyk hojalygynyň we çakyr önümçilik senagatynyň önümlerini görkezýär. Biziň diwarlygymyzyň aýdyň öwüşgüniniň däp bolan türkmen dostanalygy, myhmansöýüjiligi hem-de häzirki zaman dünýäsine açyklygymyzy alamatlandyrýan türkmen saçagynyň bereket baýlygy ýetirdi.
Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň köpdürli önümleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Birleşik türkmen topragynyň berekedini we olardan taýýarlanan önümleri giňden görkezdi. Myhmanlara şeýle hem türkmen gawunlarynyň we garpyzlarynyň deňsiz-taýsyz tagamyna baha bermäge mümkinçilik döredildi. Sarp edijilik babatda hem, täjirçilik nukdaýnazaryndan hem geljegi uly bolan önüm hökmünde gawun kaky hem aýratyn bellenilip geçildi. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň kärhanalary bakja önümleri esasynda birnäçe beýleki önümleriň hem önümçiligini ýola goýdular. Bu tagamlaryň ählisi hem diňe içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem öz mynasyp ornuny tutmaga oňat mümkinçilige eýedir.
Türkmen azyk senagatyna oňat eksport mümkinçiligini açýan artykmaçlyklar gürrüňsiz suratda ýokary hil hem-de ekologiýa arassalygy bolup durýar. Biziň azyk senagatçylarymyzyň önümleri birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp boldy, hususan-da, munuň özi ajaýyp türkmen çakyrlaryna degişlidir. Olary üýtgeşik, deňsiz-taýsyz tagam häsiýetleri tapawutlandyrýar. Gürrüňsiz suratda bu ýerde üstünligiň syry tehnologlaryň, hünärmenleriň döredijilk işlerinde hem-de güneşli türkmen tebigatynyň aýratynlyklaryndadyr. Bu bolsa önümçilik üçin öz hili boýunça täsin bolan çig maly peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Sergä gatnaşyjylarda Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalarynda gaplanan balyk önümleri hem gyzyklanma döretdi. Bu pudak häzirki wagtda ösüşiň täze derejesine çykýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda deňizýaka sebiti ösdürmek, Hazaryň ekologiýa arassalygyny gorap saklamak, bioköpdürliligini saklamak we rejeli peýdalanmak üçin toplumlaýyn çäreleri görülýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iri önümçilik kärhanalaryny, gymmatly balyklaryň tohumyny emeli usulda köpeltmek boýunça toplumlary gurmak babatda uly işler alnyp barylýar.
Moskwadaky sergide öz mümkinçiliklerini oba hojalyk we azyk pudagynda ýöriteleşýän Watanymyzyň hususy telekeçileri we haryt öndürijileri hem görkezýärler. Olaryň sany Türkmenistanda milli Liderimiziň ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyny goldamak we höweslendirmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleri görmegi netijesinde ýyl-ýyldan artýar.
... Gadymy türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly, “Azapsyz ýeriň ady ýok”. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly durmuş ugurly syýasatyndan ruhlanan türkmenistanlylaryň zähmeti bilen ýurdumyzyň buýsançly ady bu gün dünýä derejesinde barha ýygy-ýygydan we batly ýaňlanýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, obany galkyndyrmak üçin köp işler edildi, çünki obasenagat ugry – munuň özi ykdysadyeýtiň diňe bir möhüm bölegi bolman, eýsem, däbe öwrülen durmuş ýörelgesidir. Oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak bilen birlikde, türkmen obasynyň durmuşy düýpli özgerýär, derejesi artýar, ýaşaýyş jaý gurluşygygyň gerime eýe boldy, şäher amatlyklarynyň ählisini özünde jemleýän ajaýyp öýler bina edilýär, döwrebap düzümler döredilýär, ýollar gurulýar, ýokary tehnologiýaly aragatnaşyk hyzmaty ýola goýulýar. Şularyň netijesinde sebitleriň oba ulgamynyň senagat, maýa goýum we eksport kuwwaty artýar.
“Altyn güýz – 2014” sergisiniň açylyş dabarasyndan soň iş maksatnamasy başlandy. Onuň ilkinji gününde türkmen diwarlyklarynyň ýanynda sergä gatnaşýan ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar we geňeşmeler geçirildi. Olar bäsdeşlige ukyply ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa türkmen önümleriniň Arkalaşygyň ýurtlarynyň bazarlarynda mynasyp ornuny tapmagyny arzuw etdiler.
Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň oba hojalygy, meliorasiýa, azyk senagatynda we beýleki ugurlarda döwletara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine bagyşlanan maslahatlara, okuwlara, “tegelek stollaryň” işine gatnaşmagy hem göz öňüne tutulýar.
Sergi 11-nji oktýabra çenli dowam eder.