Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Türkmenistanyň VI Halkara maýa goýum maslahaty açyldy.
“Berkarar” myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna 20 töweregi ýurtdan döwlet we hususy düzümlere, şeýle hem abraýly halkara maliýe düzümlerine, iri daşary ýurt kompaniýalaryna wekilçilik edýän adamlaryň 150 töweregi ýygnandy.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan ýurdumyza bildirilýän ägirt uly gyzyklanma maslahata Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden gatnaşýan ýurtlaryň köp bolmagy hem şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda Russiýa, ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Türkiýe, Bolgariýa, Polşa, Sloweniýa, BAE, Belarus, Ukraina, Özbegistan, Gazagystan, Azerbaýjan we beýlekiler bar. Maslahatyň işine türkmen tarapyndan pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, banklaryň, dürli döwlet guramalarynyň we önümçilik birleşikleriniň, ýörite ugurly ylmy institutlarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň VI Halkara maýa goýum maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Gutlagda nygtalyşy ýaly, “Şu Halkara maslahat ýurdumyzyň maýa goýum babatynda ösüşiň belent sepgitlerine ýetýändiginiň, dünýä işewürleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmekde täze mümkinçiliklerden peýdalanýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolar”.
Türkmenistanyň maýa goýum strategiýasynda önümçilik-tehniki ugra aýratyn üns berilýändigini nygtap, milli Liderimiz: “Milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen çäklenmän, dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryny önümçilige ornaşdyrmakda, olardan kämil baş çykarýan milli hünärmenleri taýýarlamakda hem möhüm ädimler ädilýär” diýip belledi.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň maýa goýum mümkinçiligine we hyzmatdaşlygyň geljegine bagyşlanan ilkinji mejlisiniň çäklerinde wideotanyşdyrylyş görkezildi. Onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşindäki üstünlikler, türkmen Lideri tarapyndan işlenip taýýarlanan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi aýdyň beýan edildi. Maslahatyň esasy mowzuklarynyň arasynda Türkmenistanda makroykdysady ýagdaýa syn bermek, maýa goýum ýagdaýlaryna seljeriş, maýa goýum işiniň ykdysady, durmuş we hukuk esaslary, şeýle hem halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işewürlik we maýa goýum üçin mümkinçilikler diýen mowzuklar bar.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan aýratyn hem innowasion ykdysadyýetiň kemala getirilmegine gönükdirilen gyzykly we peýdaly taslamalaryň ählisini goldamaga taýýardyr. Bular anyk taslamadan diňe bähbit getirmän, eýsem, pudaklarda täze işleri ýola goýýan maýa goýumlar bolmalydyr.
Türkmen wekillerinden başga-da, mejlisde Aziýanyň Ösüş bankynyň, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasynyň departamentiniň, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň dolandyryş edarasynyň we Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri çykyş etdiler.
Şeýle hem şu gün “Türkmenistanyň bank we maliýe hyzmatlary, halkara söwdasynyň ösüşi” we “Türkmenistanyň energetika we senagat pudagyna maýa goýumlar” bölümleriniň işleri geçirildi. Olaryň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar maliýe ulgamy, Türkmenistanda amala aşyrylan maýa goýum taslamalar, ätiýaçlandyryş ulgamynyň ösüşi, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň, şol sanda gurluşyk we binagärlik, dokma senagaty pudaklarynyň ösüşi bilen tanyşdylar.
Türkmen hünärmenleriniň çykyşynda bellenilişi ýaly, “açyk gapylar” syýasatyny alyp baryp, ýurdumyzda işewürligi üstünlikli ýöretmek üçin hemme şertleri, amatly maýa goýum ýagdaýlaryny döretmek bilen Türkmenistan uzakmöhletleýin, özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyga ymtylýar. Şu babatda hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biz üçin ýakyn we alys ýurtlar, uly we kiçi kompaniýalar ýokdur, diňe öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýän ynsaply we ygtybarly hyzmatdaşlar bardyr. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady netijeliligi, durmuş ähmiýetliligi we ekologiýa howpsuzlygy, gyzyklanma bildiren hemme taraplaryň pugta we uzakmöhletleýin üstünlige ýetmegi üçin has netijeli gurallary bilelikde gözlemek ýaly ýörelgeler bu hyzmatdaşlygyň esas goýujy ýörelgeleri bolup durýar.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi. Bu maksatnama milli ykdysadyýetiň ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, önümçilik toplumynyň netijeli işini we döwrebaplaşdyrylmagyny, bäsdeşlige ukyplylygy pugtalandyrmagy we ýurduň howpsuzlygyny, şeýle hem iň täze tehnologiýalarda diwersifikasiýalaşdyrylan döwrebap ykdysady düzümiň döredilmegini üpjün edýän depginli ösüşiň uzakmöhletli mümkinçiligine eýe bolan nusgasynyň kemala getirilmegini göz öňünde tutýar.
Bu wezipeleri çözüp, Türkmenistan öňdebaryjy tejribä hem-de innowasion tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalaryň ählisi bilen, ykdysadyýetiň we hyzmat ulgamynyň hemme ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn üns berýär. Öňdebaryjy tejribe we innowasion tejribeler ýurdumyzda köpsanly maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilen mahaly üstünlikli peýdalanylyp bilner.
Öňdebaryjy daşary ýurt maýadarlarynyň Türkmenistana bolan strategik bähbitleri bolsa, ägirt uly tebigy serişdeler, biziň ýurdumyzyň eksport we üstaşyr kuwwaty, depginli senagatlaşdyrylmagy we ösýän bazar bilen şertlendirilendir.
Yslam ösüş bankynyň, Russiýa Federasiýasynyň GDA we ŞHG ýurtlarynyň ykdysady taýdan ýakynlaşmak meseleleri boýunça söwda-senagat edarasynyň komitetiniň, Moskwanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmen-türk işewürler geňeşiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Rižao şäheriniň söwda edarasynyň wekilleri hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, maýa goýum-innowasiýa düzümini emele getirýän düzümlerini çuňlaşdyrmak babatda garaýyşlaryny paýlaşdylar. Şeýle hem Russiýanyň we Sloweniýäniň kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary, meşhur “Sifal” fransuz kompaniýasynyň wekili anyk teklipler bilen çykyş etdiler.
Ertir VI Halkara maýa goýum maslahaty öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçiriler.
Bir söz bilen aýdylanda, maslahat oňa gatnaşyjylara netijeli işewür söhbetdeşlik, göni gatnaşyklary ýola goýmak, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklary işläp taýýarlamak, maýa goýum taslamalaryny görkezmek üçin giň mümkinçilikleri döretdi.
Indi altynjy gezek guralýan bu maslahatyň çäklerindäki bilelikdäki işler Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligini ösdürmek, ýurdumyzyň ygtybarly işewür we maýa goýum hyzmatdaş hökmünde keşbiniň kemala getirilmegi üçin kuwwatly itergä öwrüler.