Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň – çap we onlaýn žurnalistleriniň bäşisi ÝHHG tarapyndan Litwa Respublikasyna guralan okuw-tanyşlyk saparnyň çäklerinde häzirki zaman žurnalistikasynyň praktiki aspektlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝHHG Aşgabatdaky merkezi Litwanyň Daşary işler ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Habar beriş serişdelerini ösdürmek ulgamynda tejribäni alyşmaga ýardam bermek we Türkmenistanly žurnalistelri Litwanyň Habar beriş serişdeleriniň çap we onlaýn ulgamy bilen tanyşdyrmak maksady bilen, dört günlük sapar gurady.
“Žurnalistleriň hünär endiklerini kämilleşdirmek we halkara tejribesini alyşmaga ýardam bermek habar beriş serişdeleriniň ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, ÝHHG Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany Iwo Petrow gürrüň berýär. – ÝHHG Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanyň žurnalistleriniň hünär mümkinçiliklerini mundan beýläk hem kämilleşdirmäge kabul edýän tarapyň Hökümetiniň tagallaryna ýardam bermek maksdy bilen bu taslama boýunça başlangyç bilen çykyş etdi. Biz bu amala aşyrylan sapar oňa gatnaşyjylarda Habar beriş serişdeleriniň häziki dünýädäki orny barada pikir alyşmaga hem-de öz litwaly kärdeşleri bilen žurnalistika işiniň praktiki nukdaýnazarlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mükinçilik berendir diýip, hasap edýäris.”
Türkmenistanly žurnalistler saparyň dowamynda Litwanyň DIM jemgyýetçilik bilen habar beriş we aragatnaşyk boýunça departamentiniň, Žurnalistler birleşiginiň, şeýle hem birnäçe habar beriş gulluklarynyň, çap we onlaýn – HBS neşirleriniň, şol sanda ELTA-nyň hem, Pribaltikanyň BNS habar beriş gullugynyň, «Delfi» onlaýn-neşiri we «Lietuvos zinios» («Litwa habarlary») gazetiniň wekilleri bilen duşuşdylar. Duşuşyklaryň barşynda ösen täze media şertlerinde žurnalistika işiniň aýratynlyklary, žurnalistleriň hukuklary we borçlary, şeýle hem häzirki zaman žurnalistikasynda ulanylýan usullar we tärler ýaly meselelere garalyp geçildi.
Şeýle hem saparyň maksatnamasyna Wilnýusyň Ýewropa gumanitar uniwersitetiniň media-barlaghanasynda geçirilen trening girizildi. Žurnalistler jemgyýetiň täze medialarynyň meselerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de medianyň dürli görnüşleri üçin materiallary ýazmagyň endiklerini ulanmagy, şeýle hem täzelikleri ýygnamagyň we barlamagyň usullary öwrenildi.
Sapar ÝHHG Merkeziniň “HBS žurnalistleriniň we hünärmenleriniň hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmek” býyjetden daşgary taslamasynyň çäklerinde guraldy. Bu taslama Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan doly maliýeleşdirilýär.