Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyda 20-ä golaý ýurduň wekiliýetleriniň, şeýle hem halkara maliýe düzümleriniň gatnaşmagynda, VI Halkara maýa goýum forumy bölümler boýunça mejlisleri geçirmek arkaly öz işini tamamlady, şol mejlislerde milli ykdysadyýetiň ulag-aragatnaşyk we nebitgaz pudaklaryna degişli meseleler garaldy.
Şol meseleleriň möhümligi Türkmenistanyň ykdysady ösüşindäki bu wajyp ugurlar bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça ýurdumyzyň serişdeler, ýangyç we üstaşyr geçirmek bilen bagly bolan mümkinçilikleri ählumumy ulgama işjeň ýagdaýda utgaşdyrylýar. Şunda döwlet Baştutanymyzyň bellemegine görä, ýurdumyzyň şu ugurlardaky örän uly kuwwaty heniz doly äşgär edilmedi. Maýadarlaryň, bilermenleriniň we pudaklaryň hünärmenleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň geljegine örän uly umyt baglanýan bazarynda özboluşly taslamalaryň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň duşuşygy deňziň ýakasyndaky kaşaň “Berkarar” myhmanhanasynda geçirildi.
Şu gün bu ýerdäki mejlisler zalynda wekilçilikli duşuşygyň işiniň gün tertibiniň dowamy hökmünde “Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamlaryna gönükdirilýän maýa goýumlar” atly mejlis geçirildi. Şonda ýurdumyzda awtoulag, demir ýol, howa we suw ulaglary ulgamlaryny, gatnawlaryň ähli görnüşleriniň we aragatnaşygyň döwrebap usullaryny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri, şu ugurlarda milli, sebit we yklymara möçberli taslamalary amala aşyrmak barada giňişleýin çykyş edildi.
Hyzmatdaşlyk etmek boýunça taraplaryň ählisi üçin has oňaýly ugurlary äşgär etmek arkaly geçen söhbetdeşlikleriň barşynda, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda “Huaweý” (Hytaý Halk Respublikasy), “Wozroždeniýe” (Russiýa Federasiýasy), “Orakl” (ABŞ), “Orbit Interneşnl FZE” (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýalarynyň, şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Polşanyň we Azerbaýjanyň hem-de beýlekileriň ugurdaş işewür düzümleriniň wekilleri täze anyk teklipler bilen tanyşdyrdylar.
Soňra “Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilýän halkara maýa goýumlar” diýen mesele boýunça mejlis geçirildi. Şonda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna degişli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, şeýle hem pudagyň öňdebaryjysy hasaplanýan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýaly esasy düzümlerine wekilçilik edýän türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudagyndaky işleriň ýagdaýy ony mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň we önümçilikleri giň gerim bilen döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary jikme-jik seljerildi.
Bu pudagy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleriniň we maýa goýumlary babatdaky sygymlylygynyň diňe bir ýangyç çig malynyň çykarylýan möçberleriniň köpelmegi bilen däl-de, bulary gaýtadan has düýpli işläp taýýarlamak, nebit we gazhimiýa önümçiliklerini işjeň ýagdaýda ösdürmek, geologiýa-gözleg işlerini giň gerim bilen alyp barmak, mineral-çig mal serişdelerini özleşdirmekde ylmyň ähmiýetini artdyrmak bilen baglydygy nygtaldy. Häzirki wagtda önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täze ýataklaryň senagat taýdan işlenip taýýarlanylmagynyň ýurdumyzyň ýangyç-energtika toplumynyň diňe bir ýokary derejede düşewüntli bolmak bilen çäklenmän, daşary ýurtly maýadarlar üçin ykdysady taýdan özüne çekiji bolup durýandygy aýdyň görünýär.
Ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň täsirli çykyşlary häzirki wagtda amala aşyrylýan we geljekki özgertmeler barada giňişleýin düşünje berýär. Ýaponiýanyň we Russiýanyň işewürlik bileleşigniň wekilleri-de ýataklaryň senagat taýdan işlenip taýýarlanylmagynyň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, işjeň hyzmatdaşlygy we önümçilik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça nukdaý nazarlaryny beýan etdiler. Ýangyjyň iberilmegine has köp üns berildi. Çykyşlarda serişdeler babatda örän uly kuwwata eýe bolan Türkmenistanyň ýer ýüzündäki halklara energiýa serişdeleriniň ýetirilmegine we energiýanyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine önjeýli goşant goşup biljekdigi we goşmalydygy baradaky pikir öňe sürüldi. Dünýäniň maýa goýumlary boýunça toparlarynyň ýurdumyza bildirýän gyzyklanmasynyň artmagy-da hut şu ählumumy wezipe bilen şertlendirilendir.
Daşary ýurtly myhmanlar türkmen döwletiniň öz hyzmatdaşlaryna kanunçylyk esasynda düýpli ykdysady ýeňillikleriň we kepillendirmeleriň birnäçesini döredendigini bellediler. Forumda häzirki wagtda hyzmatdaşlyk etmegiň tejribesiniň hut şunuň ýaly berk hukuk binýady esasynda we ýurduň hökümeti tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi arkaly kämilleşdirilmelidigi, täze işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagynyň höweslendirilmelidigi, ýokary tehnologiýalar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmalydygy bellenildi. Şu işdäki üstünlik esasan, tagallalaryň birikdirilmegine we özboluşly meseleleri çözmekde toplanan tejribä, hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli usullaryna baglydyr, Awazadaky şu forum hut şol usullaryň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam bermelidir.
Bölümler boýunça mejlisler taamlanandan soňra VI Halkara maýa goýum forumynyň netijeleri jemlenildi. Ýeri gelende aýtsak, düýn, 14-nji oktýabrda şonuň çäklerinde, umumy mejlis geçirilenden soňra, “Türkmenistanyň bank we maliýe hyzmatlary, halkara söwdasyny ösdürmek” hem-de “Türkmenistanyň energetika pudagyna we senagatyna gönükdirilýän maýa goýumlary” diýen meseleler boýunça duşuşyklar geçirildi.
Umuman alanyňda, forumyň işine 20-ä golaý ýurduň, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýnyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Belarusuň, Ukrainanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we beýleki döwletleriň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, bu pudaklaryň hünärmenleri we döwlet düzümleriniň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Bu forumyň netijleriniň, orta atylan oý-pikirleriň we teklpleriň halkara işjeň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, geljegine uly umyt baglanýan, ýokary tehnologik taslamalaryň amala aşyrylmagy üçin düýpli maýa goýumlarynyň çekilmegine, hyzmatdaşlygyň binýadynyň innowasion ösüşe mahsus derejede täzelenilmegine ýardam berjekdigi ikuçsyzdyr.
Forumyň netijeleri boýunça ony guraýjylar we gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýüzlenme kabul edip, şonda milli taslamalary amala aşyrmakda halkara hyzmatdaşlygyna, maýa goýumlary, gurluşyk, telekeçilik bilen bagly işler üçin has göwnejaý şertleriň döredilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi üçin hoşallyk bildirdiler. Türkmenistanyň VI Halkara maýa goýum forumynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigi aýratyn bellenildi, bu forumyň barşynda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ähli meýilnamalaryň we bilelikdäki giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we şuňa degişli çäreler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy we ylalaşyldy.