Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Ýurdumyzyň baş dabarasy bolan bu mukaddes baýramçylyk her bir raýatyň mähriban Watanymyzyň şanly geçmişine we onuň taryhynyň häzirki bagtyýar eýýamyna bolan buýsanç duýgularyny artdyrýar.
Asylly däbe görä, şu gün säher bilen erkinligi, güýç-kuwwaty, döredijilik mümkinçilikleri, garaşsyz türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny we nurana geljege bolan ynamyny alamatlandyrýan kaşaň binanyň ýanyna türkmenistanlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçysy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, şeýle hem daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly watandaşlarymyz bar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly şatlyk we mähir bilen garşyladylar. Türkmen halky ýurdumyzyň ähli üstünliklerini, ýeňişlerini, abadançylygy we rowaçlygy döwlet Baştutanymyzyň ady bilen baglanyşdyrýar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda beýanyny tapýan asylly syýasatyň netijesinde mukaddes Garaşsyzlygyň binýady berkidilýär. Ýurdumyz her bir raýatyň mynasyp we abadan durmuşyny üpjün etmek bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy we döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlary ýurdumyzyň halkara giňişliginde umumy ykrar edilen parahatçylyk söýüjilik merkez hökmündäki ornuny has-da pugtalandyryp, döwletimiziň abraýynyň belende galmagyny şertlendirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow seýilgähiň iki tarapynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň merdana esgerleriniň hatara düzülen ýodasy bilen bina tarap bardy. Türkmen halkynyň özygtyýarlylyga eýe bolan mukaddes senesini häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda ebedileşdirmek maksady bilen gurlan Garaşsyzlyk binasynyň sütüni asman giňişligine uzap gidýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binalar toplumynyň girelgesiniň öňünde oturdylan ýadygärlik daşa ajaýyp gül çemenini goýýar. Bu güller azatlyk we milletiň garaşsyzlygy ugrunda asyrlaryň dowamynda göreş alyp baran gahryman pederlerimiziň edermenligine baky hormaty we hatyrany alamatlandyrdy.
Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, belent başly binanyň etegine gül desselerini, gülli sebetleri goýdular. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk toýy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar türkmen halkynyň milli mukaddesliklerine tüýs ýürekden hormat-sylagyny aýan etdiler.
Sähelçe wagtyň dowamynda mukaddes binanyň öňündäki meýdança mähriban Watanymyza bolan çuňňur söýgüni, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bolan buýsanjy alamatlandyrýan al-ýaşyl güllere bürendi.