Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

view-icon 727
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara atçylyk sport toplumyna geldi. Milli Liderimiz bu ýerde şanly senä--Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

Gözelligiň we kämilligiň ykrar edilen nyşany bolmak bilen, häzirki wagtda ahalteke bedewi täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Ganatly bedewlere uly sarpa goýýan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanda ýurdumyzyň atçylygynyň şöhratly däplerini aýawly saklamak we dowam etdirmek, atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke tohum atlaryny bütin dünýäde wagyz etmek üçin ähli şertler döredildi.

Ir säherden Halkara atçylyk sport toplumynda ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýere, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjege Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Dabara gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly işewürler, şeýle hem bäş welaýatyň wekilleri bar. Olaryň hatarynda biziň daşary ýurtly watandaşlarymyz—Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVII maslahatyna gatnaşyjylar hem bar.

Dabaranyň başlanmagyna ähli zat taýýar edildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary parlaýar. Toplumyň tutuş çägi dürli reňkdäki şarlar we güller bilen bezelipdir. Bu toplum diňe bir at çapyşyklarynyň geçirilýän ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sportuň bu milli görnüşini hemmetaraplaýyn ösdürmek we wagyz etmek üçin merkez hem bolup hyzmat edýär.


Türkmenleriň köp asyrlara barabar taryhy ýyndam, syratly we ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ganatly bedewler hemişe-de türkmen jigitleriniň wepaly ýoldaşy bolupdyr. Şan-şöhraty bütin dünýä dolan ahalteke bedewlerine ähli ýerde uly sarpa goýulýar. Häzirki wagtda bu bedewlere sarpa goýýanlar Merkezi Aziýada, Ýewropada we Amerikada hem az däldir.

Ahalteke bedewleriniň häzirki şan-şöhraty ganatly bedewleriň hakyky muşdagy we olara uly sarpa goýýan milli Liderimiz, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu assosiasiýa ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny saklap galmak we olaryň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak meselelerine gözegçilik edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň özi hem at çapmagy halaýar, ajaýyp ahalteke atlaryna çäksiz sarpa goýýar. Hut milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ganatly bedewler halkymyzyň milli ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylygyň milli medeniýetini dikeltmek we ösdürmek boýunça edilýän ähli işler özgertmeler syýasatyndan gözbaş alýar. Ýurdumyzda türkmen güneşiniň astynda, Garagumuň gyzgyn çägeleriniň arasynda, Köpetdagyň dereleriniň jana şypaly howasynda “behişdi bedewler” özleriniň iň gowy häsiýetlerini saklap galýarlar. Bu häsiýetler bolsa olara türkmen tebigaty hem-de ussat seýislerimiziň köp nesilleri tarapyndan peşgeş berildi.

Ahalteke tohum atlary ägirt uly kuwwata hem-de mümkinçiliklere eýedir. Geljekde olar sportuň päsgelçiliklerden geçmek we uzak aralyga çapmak ýaly görnüşlerinde öňdäki orunlary eýeläp biler. Gadymy döwürlerden bäri “behişdi bedewler” diýlip atlandyrylyp gelinýän bu atlar şatlykly we dabaraly günlerde hem, kyn günlerde hem biziň ata-babalarymyzyň ýanynda bolupdyr. Asyrlaryň dowamynda bedew halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň, maksada okgunlylygyň hem-de ýeňşe bolan erk-islegiň nyşanyna öwrüldi. Hut şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewi ýene-de ýurdumyzyň aýdyň nusgasy, onuň ösüşleriň täze belentliklerine we beýik maksatlara tarap okgunly öňe gitmeginiň nyşany hökmünde taryhy sahna çykdy.

Baý medeni mirasa eýe bolan türkmen halkynyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns bermegi netijesinde bedewler ähli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýarlar.

...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Halkara atçylyk sport toplumyna gelip saklanýar, onuň girelgesinde bu ýere ýygnananlar—hökümetiň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we türkmen paýtagtynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtdaky ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy şowhunly el çarpyşmalar bilen mähirli garşylaýarlar.

Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, baýramçylyk lybasyna beslenen toplumyň içine girýär. Bu ýerde Aşgabadyň sport mekdepleriniň türgenleriniň dürli sport çykyşlary, şeýle hem milli baýramçylyga mahsus bolan ähli alamatlary özünde jemleýän hakyky türkmen toýy ýaýbaňlandy. Aýdym-saz we halk oýunlary, şatlyk-şagalaň, türkmen toýlarynyň täsinligi gaýtalanmajak öwüşgin döredýär. Bu ýerde welaýatlaryň bäşisine degişli ak öýler dikilipdir, belent owazly bagşylaryň ýerine ýetirmeginde aýdymlar, töweregine kiçi çagalary hem, aksakally ýaşululary ýygnaýan gadymy türkmen aýdymlary ýaňlanýar.


Zergärler özleriniň inçe we täsin önümleri bolan milli röwişde ýerine ýetirilen bezeg şaý-seplerini çykarypdyrlar. Zenanlar myhmanlaryň gözüniň alnynda halkymyzyň gadymdan meşhur tärleri bolan keçe basylyşyny görkezdiler. Onuň gapdalynda bolsa senetkärler şol ýerde ýasan dutarlaryny, ýene birleri tiken telpeklerini we silkme telpeklerini çykarypdyr. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň dürli sebitlerine häsiýetli bolan halk aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen utgaşdy. Halk döredijiliginiň we milli däpleriniň şunuň ýaly ajaýyp görnüşleri ýurdumyzyň myhmanlarynda aýratyn uly gyzyklanma döretdi.

Biraz aňyrrakda suratkeşler çeken suratlaryny, haly we keramika önümlerini, atlaryň bezeg şaý-seplerini görkezýär.

Sportuň milli görnüşleri bolmazdan türkmen toýuny göz öňüne getirmek juda çetin. Ýaş ýetginjekler ýaglyga towsup, ony almaga synanyşdylar, olardan biraz uluraklar bolsa, sportuň milli türkmen göreş boýunça güýçlerini, çalasynlyklaryny we ussatlyklayny görkezmekde bäsleşdiler. Bu ýerde milli Liderimiz pälwanlaryň hereketlerini synlady we ýaryşyň ýeňijisini gutlady. Ýeňijilere, pälwanlara gadymyýetde bolşy ýaly, köşek, guzy we beýleki baýraklar garaşýardy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, hemişe bolşy ýaly, ähli welaýatlardan baýramçylyga gelen ýaşulularyň ýanyna baryp, olar bilen görüşdi hem-de olaryň hal-ahwallaryny sorady.

At çapyşyklar geçirilýän aýlawa girilýän ýeriň öň ýanynda bolsa artistler edebi aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirdiler. Onda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan “behişdi bedewe” hem-de ahalteke tohumyndaky atlaryň abraýyny täze belentlige çykaran mähriban Arkadagymyza bagyşlanan şygyrlar, yz ýany bilen aýdym ýaňlandy. Döwlet Baştutanymyz artistlere hoşallyk bildirip, atçylyk toplumynyň binasyna girip, özi üçin niýetlenen ýere geçýär.

Dabarany alypbaryjy tutuş türkmen halkynyň adyndan milli Liderimize eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edýär hem-de döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy bilen gutlaýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Italiýada XVI Halkara sirk sungatynyň festiwalynda çykyş edip, bäsleşigiň baş baýragy—“Latina-2014” altyn kubogy, “Di Albacete”, “Consegina il Premo”, “Comune Di Latina” baýraklaryny we Italiýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň diplomyny eýeländigini yglan etdi. Bu bolsa şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra at çapyşyklaryna badalga berildi. Bu gezek at çapyşyklarynyň ýedisinde gamyşgulak bedewlerimiz ýyndamlygyny we çalasynlygyny görkezdiler. Ýaryşlara ýurdumyzyň ussat çapyksuwarlary gatnaşdylar.

Birinji çapyşykda 2400 metr aralyga geçirilen bäsleşige üçýaşar bedewler gatnaşdylar. Çekeleşikli çapyşykda ussat çapyksuwar B.Agamyradow Keýmirdon diýen mele bedewde bellenilen aralygy 2 minut 48,8 sekuntda geçip, ýeňiş gazandy.

2400 metr aralykda geçirilen ikinji at çapyşygy hem diýseň gyzykly boldy. Bu ýaryşda pellehana ilkinji bolup, ussat çapyksuwar G.Agamyradow Abraýly diýen al bedewi bilen 2 minut 40,7 sekuntda gelmegi başardy.

2400 metr aralykda geçirilen üçünji çapyşykda hem üçýaşar atlar bäsleşip, gyzykly tomaşa görkezdiler. Bu ýaryşda ussat çapyksuwar E.Babalyýew Gaýrat diýen dor bedewinde iň gowy netijäni görkezip, bellenilen aralygy 2 minut 46,4 sekuntda geçdi.

3 müň metr aralykda geçirilen dördünji çapyşykda dörtýaşar we şondan hem uly bedewler bäsleşdiler. Bu bäsleşikde ussat çapyksuwar B.Agamyradow Kemer diýen dor bedewi bilen 3 minut 28,9 sekunt wagt görkezip, birinji orna mynasyp boldy.

Bäşinji çapyşykda 2800 aralyga geçirilen ýaryş uly täsir galdyrdy. Oňa dörtýaşar we şondan uly bedewlere atlanan çapyksuwarlar gatnaşdy. Bu çapyşykda ussat çapyksuwar B.Begliýew Gündogar diýen dor aty bilen 3 minut 17,4 sekunt wagt görkezip, pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy.


Dörtýaşar bedewleriň arasynda 2800 metr aralykda geçirilen altynjy çapyşykda pellehanadan ilkinji bolup, ikinji derejeli çapyksuwar Ö.Ýalkabow öz çapan Hanpolat diýen bedewinde 3 minut 16,1 sekunt netije bilen ýeňiş gazandy.

Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli guralan dabarany alypbaryjy soňra 2800 metr aralyga Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy ugrunda dörtýaşar atlaryň gatnaşmagynda 7-nji çapyşygy yglan etdi. Bu aralygy ussat çapyksuwar B.Agamyradow Dalbedew diýen dor aty bilen 3 minut 15,3 sekuntda geçdi hem-de baş baýraga eýe boldy.

Ähli çapyşyklarda birinji orny eýelän çapyksuwarlara awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy. Milli Liderimiz ýeňijileriň her birini gutlap, olara dünýä meşhur bolan ajaýyp sungatymyzy mynasyp dowam etmegi hem-de atçylyk sportuny ösdürmäge, dünýäniň atçylyk sport giňişliginde Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmäge ukyply ussat çapyksuwarlary taýýarlamaga ýardam etmegi hem-de ýaş neslimizi türkmen halkynyň gadymdan gelýän döredijilik däplerinde terbiýeläp ýetişdirmegi arzuw etdi.

Ýeňiji çapyksuwarlar öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli atçylygymyzy ösdürmek hakynda edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň atçylygynyň dünýä meşhur bolan däplerini aýawly saklamak we artdyrmak, deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimizi dünýä tanatmak, atçylyk sportunyň milli we beýleki görnüşlerini ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Tomaşaçylarda uly täsir galdyran at çapyşyklary iki sagatdan gowrak dowam etdi. Münberleri dolduryp oturan janköýerler olara uly üns bilen tomaşa etdiler. Çapyşyklaryň arasynda tomaşaçylaryň bagşylaryň ýerine ýetiren aýdymlaryndan we sazlaryndan lezzet alandyklaryny bellemek gerek. Şu hem biziň milli çapyşyklarymyzyň aýratynlyklarynyň biridir. Halk dessançylarynyň ýerine ýetirmeginde gadymy aýdymlar we dessanlar ýatdan çykmajak öwüşgin döredip, bu ýere ýygnananlara örän uly täsir edýär. Çünki ýerine ýetiriji halk bagşylaryň sungaty ähli döwürlerde türkmenlerde aýratyn hormat-sarpadan peýdalanypdyr. Sebäbi onda halkymyzyň durmuşy şöhlelenýär.

At çapyşyklary tamamlanandan soň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Dowamat diýen ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.

Mahlasy, Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan köpçülikleýin dabaralar, konsertler, köpdürli medeni-sport çäreler şu gün eziz Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda geçirildi.