Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Karin Peti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolan belgiýaly diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly içeri, şeýle hem oňyn daşary syýasat strategiýasy netijesinde ýurdumyzyň haýran galdyryjy üstünlikleri gazanandygyny belledi. Oňyn Bitaraplyk hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy bu syýasatyň üýtgewsiz ýörelgeleridir.
Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, şol sanda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde hem-de BMG we ÝHHG ýaly iri halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn türkmen-belgiýa gatnaşyklaryny, hususan-da, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ösdürmek baradaky pikiri aýtdylar. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we medeni-gumanitar ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Belgiýa Patyşalygynyň ilçisi Aşgabatda saparda bolmagynyň çäklerinde, ýurdumyzyň Mejlisinde kabul edildi, onda özara gatnaşyklaryň dürli ugurlary, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşmalar boldy.