Ï Türkmenistan – jemi içerki önümiň ösüş depginleri boýunça dünýä liderleriniň biri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – jemi içerki önümiň ösüş depginleri boýunça dünýä liderleriniň biri

view-icon 1011
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň üstünligi Halkara pul gaznasy tarapyndan ykrar edildi

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň pul-karz özgertmeleri, bäsdeşlige ukyplylyk we ykdysady ösüş” atly iki günlük ylmy-okuw maslahaty öz işine başlady.

Milli walýutanyň—manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 21 ýyllygy mynasybetli guralan maslahata Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň, Ýewropa Halkara pul gaznasynyň, Bütündünýä bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň, Ýewropa komissiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň bank assosiasiýasynyň, Wengriýanyň Erste bankynyň, “Doýçe Bank AG ” bankynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda “De La Ru”, “Roýal Mint” ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem bar. Maslahata gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi dünýäniň esasy maliýe düzümleriniň biziň ýurdumyza ägirt uly gyzyklanma bildirmeginiň, onuň günsaýyn artýan halkara abraýynyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Türkmen döwleti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda öz ösüşinde oňyn görkezijileri hem-de ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolup durýandygyny dünýä äşgär edýär.

Türkmen tarapyndan maslahata ýurdumyzyň döwlet we paýdarlar – täjirçilik banklarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine täze taryhy döwürde milli bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri, şeýle hem dünýäniň we sebitiň ykdysady kuwwaty we olaryň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine täsiri ýaly meseleler girizildi.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda bellenilişi ýaly, “Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orny eýeleýär. Bu ulgamyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyply bolup, depginli ösüşini üpjün etmek we dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy üçin möhümdir”.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ähmiýeti hakynda çykyşlar beýan edildi. Bütündünýä bankynyň we Halkara pul gaznasynyň wekilleri, hususan-da, Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory jenap Sarož Kumar Janyň hem-de Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça baş ykdysadçysy jenap Hans Timmeriň çykyşlarynda milli ykdysadyýeti we maliýe-bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda Türkmenistanyň uly üstünlikleri gazanandygy aýdyldy. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen bu ugurlarda görülýän çäreler ýurduň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli ilerlemegi üçin ygtybarly binýady döretmäge ýardam etdi.

Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy jenap Býorn Roter öz çykyşynda we habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren gürrüňinde biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň derejesine ýokary baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň üstünliklidigini belledi. Myhmanyň nygtaýşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda gazanylan oňyn makroykdysady görkezijiler öňde goýlan wezipeleri çözmekde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijelidiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen döwletiniň üstünlikleri abraýly maliýe düzümleriň bilenmenleri tarapyndan ençeme gezek bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, HPG-niň wekili “Dünýä ykdysadyýetiniň syny” atly statistiki maglumatlaryň ýygyndysynda çap edilen halkara pul gaznasynyň maglumatlary munuň şeýledigine aýdyň güwä geçýär diýip belledi. Tanyşdyrylan maglumatlara laýyklykda, Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginleri soňky iki ýylda ortaça 10 göterimden gowrak derejede saklanýar. Geljek 2015-nji ýylda bilermenleriň çaklamalaryna görä, bu makroykdysady görkeziji 11,5 göterime deň bolar. Bu görkezijiniň HPG-niň synynda görkezilen ýurtlaryň arasynda iň ýokary görkeziji bolup durýandygyny bellemek gerek.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetiň ösüşiniň konsepsiýasynyň esasy ýörelgesi serişdeler, senagat zähmet we intellektual kuwwaty diwersifikasiýalaşdyrmakda jemlenýär. Bu strategiýanyň netijeliligi ozaly bilen, onuň takyk hasaplamalardan, ykdysady, durmuş, demografik şertleri düýpli seljermekden ugur almak bilen, berk ylmy esasda işlenip taýýarlanmagynda jemlenýär. Bu babatda bellenilişi ýaly, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin milli maksatnamalarynda esasy üns döwrebap düzümi döretmäge hem-de ägirt uly çig mal serişdeleriniň esasynda halk hojalygynyň täze pudaklaryny döretmäge gönükdirilýär.

Oňyn netijeleri gazanmakda döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine gabat gelýän kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmäge, maliýe ulgamyny, döwletiň salgyt-býujet we nyrh syýasatyny kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Bu işde ykdysady özara gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki tapgyrynda tutuş ykdysadyýetiň netijeli işlemegini üpjün edýän bank ulgamy hem möhüm orun eýeleýär.

Ykdysady ösüşiň türkmen nusgasyny amala aşyrmak üçin bar bolan amatly şertler hem milli walýutany-manady dolanyşyga girizmäge ýardam etdi. Ol ykdysadyýetiň durnuklylygyny saklamagyň mäkäm maliýe guraly, täze taryhy döwürde türkmenistanlylaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň esasy çeşmesi bolup durýar. Şeýle möhüm ädimiň ädilmegi netijeli ykdysady we pul-karz syýasatyny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi, şeýle hem oňyn özgertmeleri geçirmäge hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmäge ýardam etdi. Bank ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda ykdysadyýetiň hususy ulgamyny goldamak boýunça uly işler geçirilýär. Olar hyzmatlar ulgamyny giňeltmek, täze tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň dwörebap ulgamyny döretmek, ipoteka karzlaşdyrmagy ösdürmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Maslahatda bellenilişi ýaly, maýa goýum işlerini giňeltmek, daşary ýurt maýalaryny we ýerli telekeçilik serişdelerini çekmek üçin oňaýly ýagdaýy döretmek, strategik ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak üçin karzlaryň möçberini artdyrmak ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüşiniň şertlerinde biziň ýurdumyzda esasy serişdeleri täzelemegiň üpjün edilmegine, ykdysadyýetiň innowasiýalary tiz kabul ediş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän adam maýasyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda bellenilişi ýaly, maýa goýumlarynyň uly möçberleri önümçilik we önümçilik däl pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilýär. Dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmagy ugur edinýän önümçilikleriň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak we olaryň täzelerini gurmak boýunça maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Umuman, maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady ösüş babatda alyp barýan syýasaty sazlaşykly ykdysady ösüşi, maliýe we sosial durnuklylygy üpjün etdi, şeýle hem Türkmenistanyň baş strategik maksady bolan ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesini ösen döwletleriň derejesine çenli artdyrmak maksadyny gazanmak üçin mäkäm binýady döretmäge mümkinçilik berdi.

* * *

Milli pulumyzyň—manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 21 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bütindünýä bankynyň Toparynyň arasynda biziň ýurdumyzda bu abraýly maliýe guramasynyň hemişelik wekilhanasyny açmak we onuň işi hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Gol çekmek dabarasynda bellenilişi ýaly, bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň, şeýle hem Türkmenistan bilen dünýäniň maliýe edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň üstünliklere beslenmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan Merkezi Aziýada Bütindünýä bankynyň Topary bilen şeýle Ylalaşyga gol çeken ilkinji döwlet bolup durýar. Şol toparyň düzümine bolsa Halkara abatlaýyş we ösüş banky, Halkara ösüş assosiasiýasy, Halkara maliýe korporasiýasy, Maýa goýumlaryny kepillendirmek boýunça köptaraplaýyn agentlik hem-de Maýa goýum meselelerini kadalaşdyrmak baradaky halkara merkez girýär.