Ï Türkmenistanyň gazananlary daşary ýurt metbugatynyň sahypalarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň gazananlary daşary ýurt metbugatynyň sahypalarynda

view-icon 768
“ATAVATAN TÜRKMENISTAN” halkara žurnalynyň nobatdaky, bäşinji sany çapdan çykdy. Ol Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk senesine bagyşlanýar.

Meşhur žurnalyň nobatdaky sanynyň sahabynda “Bagtyýarlyk döwrüni esaslandyran MILLI LIDER” diýen ýazgy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nurana keşbi ýerleşdirilipdir.

Türkmen we türk dillerinde çap edilen žurnal milli Liderimiziň baştutanlygynda ägirt uly halkara abraýyna eýe bolan we häzirki wagtda ykdysady ösüş depginleri boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna giren Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan, şeýle hem gadymy döwürlerden bäri doganlyk, taryhy, ruhy-medeni kökleriň umumylygyna esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary birleşdirýän Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky häzirki wagtdaky gatnaşyklar baradaky makala bilen açylýar.

Bu baradaky gürrüň neşirde çap edilen ähli makalalarda diýen ýaly dowam etdirilýär, olary iki ýurduň belli syýasy we jemgyýetçilik işgärleri, žurnalistler we syýasatçynaslar ýazypdyrlar.

“Hyzmatdaşlyk” diýen rubrikada ýerleşdirilen “Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar baý many-mazmuna eýe” atly makalada Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň we oňa has ýokary depgin bermegiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belleýär.

Makalada nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda asyrlarboýy döredilen dostluk köprüsi hakyky doganlyk duýgularyna ýugrulandyr. “Tutuş adamzadyň bähbitlerine peýdalanylýan örän baý tebigy serişdeler Türkmenistanyň ösüş we abadançylyk ýoly bilen halkara hyzmatdaşlygyna açyk ýurt hökmünde ynamly öňe barýandygy bizi buýsandyrýar” diýip bellemek bilen, Türkiýäniň ministri ýakyn geljekde Türkmenistanyň sebitde parlak ýaldyza öwrüljekdigine ynamyny beýan edýär.

Ýene bir görnükli ýolbaşçylaryň biri - ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyç “Türk-türkmen ebebi dostlugy we sportuň ähmiýeti” diýen makalasynda 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ünsi çekýär, häzirki wagtda bu oýunlara ýokary derejede taýýarlyk işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.


“Şanly Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygyna” atly rubrikada çap edilen makala okyjylaryň köpsanlysynyň ünsüni özüne çeker, onda Türkmenistanyň özbaşdak ösüş ýyllary içinde gazanan ägirt uly üstünlikleri we baş döwlet baýramymyz – Garaşsyzlyk gününiň ähmiýeti barada gürrüň berilýär. Bu baýramçylyk däp boýunça türkmen halky tarapyndan ägirt uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýär.

Şeýle hem makalada ýakynda çap edilen “Dünýäde ykrar edilen milli Lider” atly kitapda döwletleriň we iri halkara guramalarynyň baştutanlarynyň, syýasatçylaryň, alymlaryň, görnükli medeniýet, sungat wekilleriniň, işewürleriň we beýleki tanymal adamlaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň häzirki ösüşi, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri hakynda aýdanlary jemlenýär.

Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçiliklere ýörite makala bagyşlanýar. Onda bellenilişi ýaly Türkmenistanda milli Liderimiziň baştutanlygynda bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge we hukuk binýadyny ösdürmäge gönükdirilen nobatdaky möhüm çäreleriň görülýändigi bellenilýär. Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär.

Türkmenistanyň maýa goýum işjeňligi barha ýokarlanýar, daşary ýurtly maýadarlaryň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikler açylýar, has amatly şertler döredilýär. Makalanyň awtory ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy bölegini ösdürmäge gönükdirilen iri özgertmeleriň sanawyny, Türkmenistanda hususy kärhanalary açmaga isleg bildirýänler üçin zerur maglumatlary getirýär.

Türkmen we türk halklarynyň taryhynda bütin dünýä belli şahsyýetler az bolmandyr. Olaryň hatarynda žurnalda ýörite makala bagyş edilen soltan Alp Arslany görkezmek bolar. Taryha özboluşly syýahat bolan bu makalada türkmen-seljuk soltanlygyna hökümdarlyk eden döwründe Alp Arslan döwletiň çäklerini iki esse diýen ýaly giňeltdi we şol döwür üçin örän netijeli döwlet dolandyryş ulgamyny döretdi, kanunylygyň hem-de hukuk tertibiniň ýokary derejesini kemala getirdi diýip bellenýär. Bu meşhur şahsyýetiň tagallalary netijesinde türkmen we türk halklarynyň taryhy Watany ylmyň we medeniýetiň ösen merkezine öwrüldi, bu ýerde Gündogar Täzeden döreýşi peýda boldy we gülläp ösdi.

“Beýik seljuk soltany Togrul begiň weziri Amid Al-Mülk Kundurynyň Merwdäki kitaphanasy” atly makalada beýik taryhy şahsyýetler baradaky gürrüň dowam etdirilýär. “Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky döwrebap ösüşleri” atly makalada nesilleriň dowamatlylygy, olaryň daşky dünýä göz ýetirmäge ymtylmaklary beýan edilýär. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça biziň ýurdumyzyň röwşen geljeginiň ygtybarly esasy bolan milli bilim ulgamynda uly özgertmeler geçirildi we ol ýokary sepgitlere çykaryldy.

Türkmenistanyň geljegi uly bolan bazaryny soňky ýyllarda üstünlikli özleşdirýän türk kompaniýalary baradaky makala işewür toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döreder. Biziň ýurdumyz iň iri möçberli gurluşyk işlerini ýaýbaňlandyran döwlet hökmünde dünýäde bellidir. Bellenilişi ýaly, türk telekeçileriniň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly gurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary netijesinde Türkiýe dünýäniň iň iri 250 gurluşyk kompaniýalarynyň täze sanawyny çap eden “Engineering News Record” žurnalynyň bu sanawyndaky ornuny has-da berkitdi.

Türkmen telekeçileriniň halkara Izmir sergisine gatnaşmaklary döwletara gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň taryhynda möhüm waka hökmünde ykrar edildi, bu iri möçberli çärä dünýäniň 67 döwletinden 1132 firmanyň wekilleri gatnaşdy. Bu çärä bagyşlanan makalada Türkmenistanyň sergi bölüminiň diwarlyklarynyň bu ýere gelen myhmanlarda, şol sanda köpsanly daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döredendigi aýdylýar. Sergä gelenler amaly-haşam sungatyna, hususan-da, ýüpek halylara, türkmen nyşanlary bilen bezelen sowgatlyklara, milli lybaslara ýokary baha berdiler.

Žurnaly “Syýahatçylyk” rubrikasy jemleýär. Onda birnäçe makala, şol sanda Köýtendagyň täsin tebigatyna bagyşlanan makala hem çap edilýär. Onda tebigatyň bu ajaýyp künjeginiň aýratynlyyklary we tebigy täsinlikleri, hususan-da, deňiz derejesinden 2100 metr ýokarda ýerleşýän dinozawrlaryň aýak yzlary baradaky gyzykly maglumatlar getirilýär.

“Atawatan Türkmenistan” atly halkara žurnalynyň nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazaryň türkmen kenarynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylary çekmek boýunça geçirilýän çäreler barada gürrüň berýän makala bilen tamamlanýar.

Ekologiýa taýdan örän arassa şypahana zolagyny giňden wagyz etmäge halkara derejesindäki çäreler, şol sanda şu ýyl geçirilen wantsörfing boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem häzirki zaman dynç alyş düzümleriniň döredilmegi ýaly çäreler ýardam edýär. Gürrüň, hususan-da, soňky ýyllarda açylan dürli maksatly täze desgalar, şol sanda türk hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda deňiz ýakasynda bina edilen “Ýelken” ýaht-kluby barada gidýär.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnalyň ýokary çeperçilikli fotosuratlar bilen bezelendigini bellemelidiris, olar Türkmenistanyň özbaşdak ösüşiniň 23 ýyly içinde gazanan ägirt uly üstünlikleri, milli medeniýetimiz we türkmen halkynyň örän baý mirasy barada aýdyň düşünje berýär.