Ï Bilim we sport – halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilim we sport – halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlary

view-icon 882
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisi açyldy. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde geçirilýär.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, bilim we sport ulgamlarynyň köpsanly işgärleri, hormatly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiz gutlagynda Halkara forumyna gatnaşyjylary onuň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, öňdebaryjy tejribeler esasynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň guramaçylyk we hukuk esaslaryny kesgitlemekde, şeýle hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmakda häzirki forumyň ähmiýetli orun tutmaga gönükdirilendigini belledi.

Okuw ýylynyň gyzgalaňly dowam edýän döwründe däp boýunça guralýan halkara sergi Türkmenistanyň dünýäniň ýeke-täk bilim giňişligine girmegine, ýurdumyzyň daşary ýurtlaryň ýörite ugurly sport edaralary bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam edýjän netijeli gurallaryň birine öwrüldi. Bu iki mowzugyň bir forumda birleşdirilmegi bolsa milletiň, ýurduň geljeginiň binýadyny goýýan durmuş ösüşi ýaly şeýle möhüm ugurlarda özara baglanyşygy görmäge mümkinçilik berýär. Şunda her ýyl geçirilýän sergileriň her biri öz ýörite aýratynlygyna eýedir. Şu ýylda bu pudaklardaky bilermenleriň we hünärmenleriň işjeň halkara gatnaşyklary arkaly bilim işini guramagyň hem-de oňa goldaw bermekdäki serişdeleriň, sport pudagyny ösdürmegiň öňdebaryjy tehnologiýalaryna, innowasion usullaryna üns berildi.


Häzirki foruma gatnaşyjylaryň hatarynda dünýäniň on ýurdundan, şol sanda ABŞ-dan, Italiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Malaýziýadan, Belarusdan, Litwadan, Gazagystandan we beýlekilerden guramalaryň we kompaniýalaryň 90-dan gowrak wekilleri bar. Serginiň çäklerinde wekiliýetleriň agzalary diňe bir däp bolan tanyşdyryş çäreleri däl-de, eýsem, bu pudaklarda döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we has-da ösdürmäge gönükdirilen beýleki çäreleri hem geçirerler.

Pawilýonlaryň oňat meýilleşdirilip ýerleşdirilişi hem-de oýlanyşykly bezelişi serginiň hünär boýunça bölümlerine oňa gatnaşyjylary çekmäge mümkinçilik berýär. Onuň onlarçasynda dürli ýurtlaryň bilim mümkinçilikleri, şol sanda bilim pudagynda esasy öndürijileriň uly isleg bildirilýän IT-tehnologiýalar önümleri, innowasion barlaghana enjamlary giňden görkezilýär. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda dünýäniň dürli sebitlerinden bolan ýokary okuw mekdepleri, milli we halkara guramalar we assosiasiýalar, daşary ýurtlarda okatmak we talyplary alyşmak boýunça agentlikler, okuw edebiýatyny we programma serişdelerini öndürijiler we distribýuterler, şol sanda “Microsoft” /ABŞ/, “Lenovo” we “Huawey” /Hytaý/ we köpsanly beýlekiler ýaly meşhur kompaniýalar bar. Bu ýerde kompýuter tehnologiýalar ulgamynda iň soňky işlenip taýýarlanylanlar we gazanylanlar, şeýle hem okuw edaralary üçin iň täze enjamlar we mebeller görkezilýär.

“Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara maslahatyna köpsanly gatnaşyjylar ýurdumyzyň öňden bäri hyzmatdaşlarydyr. Bu gözden geçirilişe ilkinji gezek gatnaşýanlar hem bar. Sergide bilimi we sporty ösdürmek ulgamynda geljegi uly taslamalaryň birnäçesi görkezildi. Olaryň 23-siniň arasynda Lefkadaky Ýewropa uniwersiteti /Demirgazyk Kipr/ aýratyn ünsi çekdi. Ol sergä gelenleri özüniň bakalawriat, magistratura we doktorantura programmalary bilen tanyşdyrdy. Hünärmenler bilim pudagynyň edaralary üçin enjamlary öndürýän Malaýziýanyň “EduGeek” kompaniýasynyň teklipleri bilen hem gyzyklandylar.


Belarusuň esasy ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklary ýokary derejede gazanylan täze ikitaraplaýyn ylalaşyklar babatda bilim ugry boýunça türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanypdyr. Ine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi saparynyň barşynda şu ýylyň oktýabrynda Minskide iki ýurdyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşyklaryň çäklerinde tejribe alyşmakdan, bilelikdäki barlaglardan, talyp döredijiliklerinden başlap, iri ylmy taslamalary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge degişli işlere çenli ýokary okuw mekdepleriniň işleriniň giň ugurlary boýunça işjeň gatnaşyklary ýola goýmak we beýlekiler göz öňünde tutulandyr.

Sergide ýurdumyzyň bilim ulgamynyň edaralary hem giňden görkezilýär. Milli ekspozisiýanyň esasy ugurlary—ýokary we orta hünär bilimi, orta okuw mekdepleri, mekdebe çenli we mekdepden daşary bilim hem-de terbiýe bolup durýar. Diwarlyklaryň serişdeleri, olaryň aýdyň mazmuny bilim beriş işinde peýdalanylýan maglumat beriş tehnologiýalary, bilim bermegiň täze usullary we programmalary, hünärmenleri taýýarlamak boýunça önümçilik we ylmy-tehniki merkezleriň işleri, olaryň kärhanalar we beýlekiler bilen hyzmatdaşlyklary barada düşünje berýär. Bu ýerde Türkmenistanda neşir edilýän ylmy we okuw-usuly edebiýatlary, gollanmalary, ensiklopediýalary, maglumatnamalary, sözlükleri görmek bolýar.

Serginiň ikinji mowzuklaýyn ugry – sport. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň esasy sport guramalary, şeýle hem ýörite enjamlary, abzallary we lybaslary öndürijiler görkezilýär. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda, şeýle hem dürli sport federasiýalary we mekdepleri bar. Olarda terbiýelenýänler bu uly gözden geçirilişiň açylyş dabarasynda görkezme çykyşlaryny görkezdiler. Türkmen türgenleriniň halkara derejeli abraýly ýaryşlarda gazanan baýraklar toplumy goýlan diwarlyklar aýratyn ünsüňi çekýär.


Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýada taýýarlyk aýratyn uly mowzuk boldy. 30 töweregi desgalary özünde birleşdirýän bu örän uly desganyň taslamasy hem sergide mynasyp orunda goýlupdyr. Bu bölümde Italiýanyň “Filmmaster” kompaniýasynyň tanyşdyrylyş çäresi aýratyn uly gyzyklanma döretdi. Bu kompaniýa Olimpiýa oýunlarynyň, dünýä çempionatlarynyň we beýleki iri sport çäreleriniň baýpamçylyk açylyş we ýapylyş dabaralaryny guramakda örän uly tejribä eýedir.

Italiýanyň Ýewropada zerur bolan ähli sport lybaslaryny öndüriji meşhur beýleki bir kompaniýasy – “Errea” ekologiýa häsiýetli materiallardan taýýarlanan ýokary hilli önümleri bilen ünsi çekdi. Sport öwüşginleri beýleki pawilýonlarda hem şöhlelendi. Ýöne bu ýagdaý ýurdumyzyň öndürijileri tarapyndan görkezilen önümlerde aýratyn özüne çekiji we tapawutly ýagdaýda açylyp görkezildi. Olar türkmen dokma önümlerinden sport hem-de işjeň dynç alyş üçin niýetlenen oňaýly we üýtgeşik biçüwli egin-eşikleriň köp görnüşini görkezdiler.


Sergi köşgüniň meýdançalary bilim we sport ulgamynda möhüm duşuşyklary, gepleşikleri geçirmek, işewür gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin ýere öwrüldi. Daşary ýurt wekiliýetleri tarapyndan Türkmenistanyň tiz ösýän bazarynda işewürligi öňe ilerletmegiň mümkinçilikleri aýratyn işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle gepleşikler günüň ikinji ýarymynda bu ýerdäki maslahatlar zalynda başlanan ylmy maslahatda dowam etdi. Ol Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň bilim we sport ýaly ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga bagyşlandy.

Ertir ylmy maslahat öz işini dowam eder. Onuň bölümçelerdäki mejlisleri paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde—Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda, Türkmenimstanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda hem-de Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçiriler.

Bilim we sport ulgamynda gazanylanlara diňe ýokary hünär derejesinde syn bermek üçin gözden geçiriş meýdançasy bolman, eýsem-de, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň netijeli guraly hem bolup durýan halkara sergisi-de öz işini dowam eder.

“Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisine we ylmy maslahatyna daşary ýurtly gatnaşyjylaryň paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bilen däp bolan duşuşyklary hem şol maksatlara hyzmat eder.

Wekilçilikli maslahat öz işini 13-nji noýabrda tamamlar.