Ï Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň ilçisi işe başlady

view-icon 796
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Amenotep Sambrano Kontrerasdan ynanç hatyny kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine baştutanlyk edip türkmen paýtagtyna geldi.

Milli parlamentiň başlygy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikler arzuw etdi.

Jenap Amenotep Sambrano Kontreras hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Nikolas Maduranyň mähirli salamyny we tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Diplomat öz üstüne ýüklenen uly jogapkärçiligi nygtamak bilen, parahatçylyk söýüjilik syýasaty we öňdebaryjy başlangyçlary bilen uly halkara abraýyna eýe bolan ýurtda öz döwletine wekilçilik etmegiň uly mertebe bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda Wenesuelanyň doly ygtyýarly wekili türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Latyn Amerikasy ýurtlary bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegi ugur edinýär, şol ýurtlar bilen bolsa soňky ýyllarda işjeň gatnaşyklar ösdürilýär.

Ilçä ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşini üpjün etmäge, durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen milli taslamalaryň we maksatnamalaryň esasy taraplary barada habar berildi. Ylym we bilim, saglygy goraýyş we medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda türkmen Lideri tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmelere aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň ilatynyň durmuş derejesini, abadançylygyny mundan beýläk-de üpjün etmäge gönükdirilen paýtagtymyzda we sebitlerde durmuş düzümleriniň ösdürilmegine uly üns berilýändigi nygtaldy.

Diplomat şeýle hem milli parlamentiň düzüm gurluşy hem-de kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmelere uly gyzyklanma bildirmek bilen, jenap Amenotep Sambrano Kontreras öz ýurdunyň syýasy, durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylýan üstünlikler barada gürrüň berdi. Hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, ilçi Wenesuela Respublikasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň, ozaly bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň we dostlukly Türkmenistanyň hem-de Wenesuelanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat eder.

* * *

Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ýurdumyza saparynyň barşynda ol Daşary işler ministrliginde kabul edildi, duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek mesellerine garaldy.