Ï Bilime we sporta bagyşlanan halkara forum öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilime we sporta bagyşlanan halkara forum öz işini tamamlady

view-icon 656
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara serginiň jemleýji güni boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan foruma gatnaşyjylaryň hatarynda ABŞ, Italiýa, Germaniýa, Hytaý, Türkiýe, Malaýziýa, Belarus, Litwa, Gazagystan ýaly ýurtlara wekilçilik edýän guramalaryň we kompaniýalaryň onlarçasynyň wekilleri bar.

Her ýyl geçirilýän bu serginiň baş maksady döwlet durmuş syýasatynyň möhüm ugurlary hasaplanýan bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny ösdürmäge ýardam etmek, şeýle hem möhüm ugurlar we şol ugurlarda esasy meýiller bilen tanyşmak, okuwyň hilini ýokarlandyrmaga, sport-sagaldyş hereketine köpçüligi çekmäge ýardam edýän döwrebap tehnologiýalary ilerletmek we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak bolup durýar.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgi üç günüň dowamynda däbe öwrülen bu halkara foruma yzygiderli gatnaşyjylaryň we ilkinji gezek gatnaşýanlaryň däbe öwrülen tanyşdyryş dabaralaryny geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen ýaşlary—ýurdumyzda we daşary döwletlerde bilim alýan talyplar üçin giň hünär ugry meýdançasy bolup hem hyzmat etdi. Ýokary okuw mekdepleriň wekilleri degişli bilim ojaklarynda eýe bolunýan hünärleriň dürli ugurlary we okatmagyň döwrebap usuly barada jikme-jik we mazmunly maglumatlar bilen tanyşdyrdylar.

Bulardan başga-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dördüsinde-- Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynda bilimi we sporty ösdürmegiň örän möhüm meseleleri boýunça maslahatyň bölümler boýunça mejlisleri geçirildi.

Forumyň barşynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, uniwersitetleriň, institutlaryň we orta ýörite okuw mekdepleriniň, şeýle hem sport guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek arkaly şol ugurlarda ýokary hilli özgertmeleri ugur edinýän halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlary, bilelikdäki gumanitar taslamalary amala aşyrmak, wekiliýetleri, sport toparlaryny alyşmak ýaly meseleler we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň myhmanlary Türkmenistanda bilim ulgamyny we sport pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça iş tejribesi bilen tanyşdylar, ýokary netijeleri gazanmaga özara çalyşmak babatda ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesini kesgitlediler.

Serginiň özi hakynda gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, şunda Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň, şol sanda bu foruma özboluşly ylmy işlerini taýýarlan talyplaryň diwarlyklary daşary ýurtly hünärmenleriň ünsüni özüne çekendigini bellemek gerek.

Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň, şol sanda belli önüm öndüriji kompaniýalaryň tanyşdyran täze maglumat beriji tehnologiýalary, täze enjamlar we interaktiw usullary bolsa türkmen hünärmenleriniň üns merkezinde boldy. Şol usullar häzir bilim ulgamynda giňden ulanylýar. Kompýuter tehnikalarynyň, programma üpjünçiliginiň täzelikleri, mümkin bolan gajetler we beýleki “akylly” gurluşlar ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Çünki şolarsyz indi biziň durmuşymyzy göz öňüne getirmek hem mümkin däl.

Sport dünýäsi, sport senagaty we sagdyn durmuş ýörelgeçi bilen tanyşdyrýan diwarlyklaryň töweregi hem köp adamly boldy. Serginiň bu bölümi sport ulgamynda işleýän hünär ussatlaryny, sport maksatly önümleri işläp taýýarlaýjylary, mümkin bolan sarp edijileri birleşdirdi. Isleg bildirenler Türkmenistanda sport durmuşy hakynda, bu ulgamyň geljegi we ösüş meýilnamalary, şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň barşy hakynda jikme-jik maglumat alyp bildiler.

Foruma gatnaşyjylar bilelikdäki işleriniň netijelerini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar onda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara serginiň we maslahatyň işini ýokary derejede guramaga berlen goldaw we ýardam hem-de olara daşary ýurtlardan gatnaşyjylara görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.