Ï Türkmenistan-Hytaý: maýa goýum we maliýe ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Hytaý: maýa goýum we maliýe ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 1699
Pekinde 15-16-njy noýabrda dördünji halkara maýa goýum we maliýe sergisi boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda foruma gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtyna Türkmenistandan uly wekiliýet ugradyldy. Onuň düzümine birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralaryň, döwlet banklarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary girdiler.

Hytaýyň paýtagtynyň oba hojalygynyň milli sergi merkezinde iri bank edaralary, hususy paýdarlar, maliýe hyzmatlar agentlikleri öz ekspozisiýalaryny görkezdiler. Forumyň esasy wezipesi – maliýe hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etmek, maliýe institutlarynyň, kärhanalarynyň we hususy taraplaryň arasynda özara hereket üçin meýdançany döretmek bolup durýar.

Bu HHR-da beýleki ýurtlara maliýe we tehnologik akymlary, ýurduň maýadarlarynyň maýa goýum işleriniň Hytaýyň çäklerinden daşary gönükdirilmeli ugurlaryny kesgitlenýän işewür “meýdançasydyr”. Bu ýerde daşary döwletleriň wekilleri uzakmöhletli we bähbitli maýa goýmak üçin geljegi uly taslamalary görkezýärler. Sergä Hytaýyň iri kärhanalary we maliýe edaralary, söwda assosiasiýalary hem gatnaşdylar.

Bu wekilçilikli foruma Türkmenistanyň gatnaşmagynyň esasy maksady ikitaraplaýyn strategiki özara gatnaşyklary, şol sanda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi we depgin bermekden ybarat bolup durýar. Mundan başga-da, bu çärä Hytaýyň we beýleki daşary ýurtly maýadarlaryň uly möçberli milli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge çekmek, HHR-nyň işewür toparlarynda biziň ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekiji abraýyny kemala getirmek, geljegi uly sebitleýin taslamalara göni maýa goýum akymlaryny köpeltmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Serginiň barşynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetiniň gazananlary görkeziler, ýurdumyzda döredilen maýa goýum ýagdaýy hem-de maýa goýmak ulgamy barada doly maglumatlar hödürlener. Hytaý hyzmatdaşlary bilen täze işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin esas bolup hyzmat eder.

Bu ýerde Türkmenistanyň bölümi bezelişiniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň bezelişinde milli öwüşginler we häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalar sazlaşykly utgaşýar. Bu bolsa oňa gatnaşyjy köp sanly adamlara biziň ýurdumyz barada, onuň köptaraply ykdysady we medeni mümkinçilikleri barada, ileri tutulýan ugurlary we geljegi uly ösüşleri barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berdi. Esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri türkmen bölümini görmäge gelýän myhmanlary özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan uly mümkinçilikler bilen tanyşdyrdylar.

Monitorlaryň ekeranlarynda soňky ýyllarda binagärlik keşbini ajaýyp belent binalar bezän türkmen paýtagtynyň häzirki zaman şekilleri görkezildi.

Senagat ministrliginiň diwarlygy ýurdumyzyň köpsanly täze gurluşyklarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk materiallarynyň dürli görnüşleriniň önümçiliginde pudagyň gazananlaryny hödürledi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ekspozisiýasy bu ýere gelýänleri türkmen halkynyň baý medeni mirasy we gadymy taryhy bilen tanyşdyrdy. Şonda ýurdumyzyň Baş milli muzeýiniň gaznasynyň gymmatlyklary bolan zenanlaryň el işleriniň önümi--milli lybaslary, täsin haly önümleri hemmeleriň ünsüni çekýär.

Milletiň bahasyz gymmatlygyny—ajaýyp türkmen halylaryny hem-de nesilden-nesle geçirilip gelinýän deňsiz-taýsyz elde haly dokamak sungatyny “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň diwarlygy görkezdi. Ony türkmen halyçylarynyň ajaýyp el işleri bezedi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda syýahatçylyk pudagy öz ösüşinde täze depgine eýe boldy. Bu pudakda Hazaryň tebigy kenar ýakasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilýän dünýä derejeli “Awaza” deňiz dynç alşy döwlet syýasatynyň üstünliklidiginiň ajaýyp nyşany bolup durýar. Bu täze, halkara syýahatçylygynyň depginli kemala gelýän merkezi dogrusynda, şeýle hem taryhyň we arhitekturanyň täsin ýadygärlikleri, ýurdumyzyň tebigy gözellikleri barada Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ekspozisiýasy aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berdi.

Sergide hemme köpdürlüliginde milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýän ähli pudaklarynyň diýen ýaly kuwwaty we önümleri görkezilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri, hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bar. Şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Aragatnaşyk ministrligi, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy, Sport baradaky döwlet komiteti öz gazananlaryny hem-de ösüşiniň geljekki meýilnamalaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň ekspozisiýasy üçin öz diwarlygyny ýurdumyzyň Azyk senagaty döwlet birleşigi hem taýýarlapdyr. Onuň köp görnüşli önümleri serginiň myhmanlarynyň ünsüni çekdi.

Dokma senagaty ministrliginiň bölümi uly gyzyklanma döretdi.. Häzirki wagtda iň döwrebap enjamlar hem-de ekologik taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen pudagyň kärhanalary dünýä bazarynda islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri öndürýärler. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň arasynda, trikotaž we žinsi matalar, taýýar önümleriň dürli görnüşleri, pagta ýüplügi bar.

Sergide ýurdumyzyň dürli pudaklarda—oba hojalygyndan we azyk pudagyndan başlap gurluşyk ulgamyna çenli ugurlarda ýöriteleşýän hususy telekeçileriniň we önüm öndürijileriniň hem öz mümkinçiliklerini görkezendigi bellärliklidir. Watanymyzyň telekeçileriniň önümleri bäsdeşlige ukyply harytlaryň sanawyny giňeldip, içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutmaga ýardam edýär hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrýar. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamak we höweslendirmek ugrundaky başlangyçlary boýunça görülýän maksada gönükdirilen çäreleriň netijesinde Türkmenistanda olaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Eksponentleriň hatarynda “Oguzabat”, “Çapak”, “Ugurly Işler” hojalyk birleşikleri, “Gezelenç” golçur kärhanasy, “Ýüpek Ýoly” hususy kärhanasy bar. Şeýle hem bu ýerde “Hasar” hojalyk jemgyýetiniň, “Joş”, “Eçil”, “8 -- ýap” hususy kärhanalarynyň önümleri görkezildi.

Serginiň çäklerinde türkmen-hytaý ykdysady forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem HHR-nyň halkara söwdasyny ösdürmäge ýardam etmek baradaky Komitetiniň, daşary ýurt ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Milli korporasiýasynyň, Hytaýyň eksport-karz ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň, Hytaýyň milli nebit korporasiýasynyň, Senagaty goramak baradaky Assosiýasynyň, gaýtadan dikeldilýän energetikanyň Ählihytaý assosiasiýasynyň, telekeçiligi ösdürmek baradaky Federasiýasynyň, “Dalian Energaz Gaz-sistem KO., Ltd”, “Beijing Sinwei Telekom Teknoloji Ink”, “Lianonig Cengda Ko., Ltd” kompaniýalarynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine ugurlaryň ençemesi boýunça, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda, energetika, aragatnaşyk pudaklarynda, azyk senagatynda, gurluşykda we beýlekilerde döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri girizildi.

Çykyş edenler Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňdygyny nygtadylar. Onuň esaslary Beýik Ýüpek ýoly döwürlerinden ýola goýlandyr hem-de deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýandyr. Bu bolsa soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Bu ýagdaý ýurtlaryň ikisiniň hem strategik hyzmatdaşlyga, özara hereketleriň uly mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmäge meýillidikleriniň aýdyň mysaly bolup durýar. Şol mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde taslamalary üstünlikli amala aşyrmagyň we häzirki wagtda dürli ugurlarda bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň tejribesi bar. Olaryň hatarynda XXI asyryň ägirt uly taslamasy bolan Türkmenistan-Hytaý transmilli gazgeçirijisini agzamak bolar. Ol 2009-njy ýylyň aýagynda ulanyşa tabşyrylyp, onuň üsti bilen türkmen “mawy ýangyjy” Hytaýa iberilýär, şeýle hem bu energiýa köprüsiniň täze ulgamlaryny gurmagyň taslamalary bar.

Şeýle hem dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar, haryt dolanyşygynyň görkezijileriniň depginli ösüşi we beýlekiler üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Hytaý kompaniýalary biziň ýurdumyzda nebitgaz toplumynda, ulag, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Nygtaýşy ýaly, iki ýurtlaryň Baştutanlarynyň özara saparlary özara hereketleri ösdürmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Şu babatda şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-a bolan döwlet saparynyň ähmiýeti bellenildi. Şol saparyň netijeleri boýunça netijeli özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Häzirki maslahatyň barşynda iki dostlukly ýurduň milli ykdysadyýetiniň ýagdaýy we häzirki zaman anyk ýagdaýlaryny nazara almak bilen açylýan, özara bähbitlere laýyk gelýän täze mümkinçilikler hakynda çykyşlar ýaňlandy. Türkmen tarapynyň tanyşdyryş çärelerinde özara hormat goýmak we ikitaraplaýyn peýda görmek ýörelgelerinde dünýäniň ähli ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm tarapy bolup durýandygy bellenildi.

Türkmen döwletiniň baý energetika serişdeleriniň we ulag ýollarynyň çatrygynda özboluşly geografiki ýagdaýynyň bardygy sebäpli Merkezi Aziýa özboluşly “derweze” bolmak bilen, möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Şu mynasybetli dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen köp ugurly özara gatnaşyklary ösdürmäge hem daşary syýasat ugrunyň milli maksatnamasy durmuşa geçirilen mahaly uly üns berilýär, Türkmenistany bu döwlet bilen strategiki häsiýete eýe bolan uzak möhletli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary birleşdirýär.

Çykyş edenler häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň depginli ösýändigini belläp geçmek bilen mysal hökmünde şu sanlary getirdiler. 2008-2013-nji ýyllarda ýurduň jemi içerki önümi 2,3 esse artdy. Şonuň netijesinde ýurduň jemi içerki önümleriniň düzüminde düýpli üýtgetmeler bolup geçdi: Türkmenistan häzirki wagtda pudaklaryň ösýän düzümleýin we söwda toplumy bilen industriýal-maýa goýum ýurdy hökmünde häsiýetlendirilýär. Jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň paýy 48,6 göterime, gurluşygyň paýy 16,6 göterime, söwdanyň we jemgyýetçilik iýmitiniň paýy 6,3 göterime, ulagyň we aragatnaşygyň paýy 5,0 göterime barabardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň maýa goýum syýasaty ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ýokary ösüş depginlerini üpjün edýär. 2008-2013-nji ýyllarda esasy maýada maýa goýumlarynyň möçberi 3,3 esse artdy. Döwlet maýa goýumlary esasy paýy düzýär, ýagny ol 68,5 göterime barabardyr. Soňky ýyllarda döwlete dahylsyz ulgamyň artyp, 20,3 göterime, hususy gurluşykçylaryň we telekeçileriň paýy—11,2 göterime barabar boldy.

Maliýeleşdirmegiň çeşmeleri boýunça düýpli maýa goýumlarynyň düzüminde oňyn özgertmeler bolup geçýär: karz goýumlar (21,4 göterim), kärhanalaryň öz serişdeleri (20,0 göterim), býujet serişdeleri (17,5 göterim), daşary ýurt maýa goýumlary (15,7 göterim), bolup onda ýokary paýy eýeleýär. Bularyň hemmesi ýurdumyzda geçirilýän bazar özgertmeleriniň, şeýle hem ykdysady ösüş strategiýasynyň durmuş ugruna gönükdirilmeginiň netijesidir.

Esasy daşary ýurt kompaniýalary we maliýe institutlary bilen uzak möhletli we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak Türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm taraplarynyň biri bolup çykyş edýär. Bu babatda türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän daşary ýurt maýa goýumlaryny mundan beýläk-de çekmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýadarlar üçin has amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn Maksatnamanyň ähmiýeti nygtalyp geçildi.

Maýa goýumlarynyň ep-esli böleginiň durmuş ugruny ösdürmäge gönükdirilýändigini belläp geçmek zerurdyr, şonuň netijesinde halkara ülňülerine laýyk gelýän düzümleýin desgalaryň ýüzlerçesi gurulýar. Her bir welaýatyň tebigy, önümçilik, maliýe we zähmet serişdelerini nazara almak bilen welaýatlary özgertmek boýunça milli maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Her ýyl şu maksatlar üçin ABŞ-nyň 2 milliard dollardan gowragy gönükdirilýär.

Işjeň maýa goýum syýasaty we ýurtda gurluşyk toplumyny ösdürmek üçin şertleriň döredilmegi ykdysady ösüşi ýokarlandyrmaga, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, ylymda we tehnikada täze üstünlikleri gazanmaga, täze maýa goýum pudaklarynyň döretmäge hem-de artdyrmaga getirdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynda” nygtalyp geçilişi ýaly, eksporta ugur alýan we importuň ornuny tutýan täze önümçilikleri döretmek industrial—innowasion ösüş ýoluna geçmek, şäher we oba ilatynyň durmuş derejelerini mundan beýläk-de deňleşdirmek arkaly ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň pudaklaýyn düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Bu ileri tutulýan wezipeleri çözmäge gönükdirilen maýa goýumlary diňe bir gurluşyk senagatyny ösdürmäge hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýardam etmek bilen bir hatarda olaryň ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna ýaýramagyny hem ýokarlandyrýar.

Özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilen mahaly ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň maýa goýumlaryny giňden çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär, ol soňky ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň has düýpli bölegine öwrülýär. 2013-nji ýyda bellige alnan edara görnüşli taraplaryň umumy sanynda hususy ulgamyň paýynyň 67 göterime barabar bolmagy muňa mysal bolup biler. Gurmak bellenilýän senagat desgalarynyň aglaba bölegini telekeçileriň serişdeleri bilen amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýadarlar üçin has amatly şertleri döretmek ýurdumyzyň maýa gýoum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 2013-nji ýylda daşary maýa goýumlary serişdeleriň umumy möçberinde 21 göterime barabar boldy. Esasan maýa goýumlary ýangyç serişdelerini agtarmak we çykarmak ulgamyna, ýeňil senagata we gurluşyk ulgamyna goýulýar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysadyýetine düýpli maýa goýumlarynyň goýmagyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen halkara talaplaryny nazara almak bilen maýa goýum işiniň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtap geçdiler.

Häzirki günde Türkmenistanda milli taslamalary durmuşa geçirmäge, şol sanda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşplerini özgertmäge işjeň gatnaşýan daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary bilen işlemekde baý tejribe toplanyldy. Olaryň gatnaşmagy bilen ýurdumyzyň çäklerinde eýýäm bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport, söwda, hyzmatlar ulgamlary, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy desgalarynyň, edara binalaryň, şeýle hem medeni--durmuş maksatly beýleki desgalaryň müňlerçesi guruldy.

Aragatnaşyk ulgamyny, ýangyç-energetika toplumyny, gurluşygy, energetikany, dokma, himiýa we azyk senagatyny, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň mümkinçilikleri hakyndaky çykyşlar hem edildi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan hakyndaky görkezilen wideo film netijesinde ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň möçberleri, ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin ygtybarly esasy döredýän hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýan özgertmeler hakynda aýdyň düşünje aldylar.

Öz nobatynda Hytaý wekiliýetiniň wekilleri bu ýere ýygnananlary HHR-iň ykdysady ösüşiniň umumy meýilleri we maýa goýum strategiýasynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Hytaý tarapy ýokary halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge Hytaý Halk Respublikasynda uly ähmiýet berilýändigini belläp, häzirki ykdysady maslahatyň häzirkizaman anyk ýagdaýlaryny we köp ugurly mümkinçilikleri nazara almak bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler, şol mümkinçilikleri durmuşa geçirmek ikitarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýär.

Duşuşygyň ahyrynda ykdysady maslahata gatnaşyjylar özara ynanyşmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerinde guralýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň depginli häsiýetini ýene-de bir gezek belläp, mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklar üçin bir bitewi esasy kemala getirmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen şular ýaly duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmegiň möhümdigini nygtap geçdiler.