Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna we Adam hukuklarynyň gününiň bellenilmegine bagyşlanyp, BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde guralan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk boldy.
Duşuşyga ÝUNISEF-iň we beýleki degişli halkara guramalarynyň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarynyň köpüsi , şol sanda ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek arkaly, ýaş nesil üçin has oňaýly durmuş şertleriniň döredilmeginiň üpjün edilmegine degişli meselelere jogapkärli çemeleşýändigini tutuş dünýä äşgär edýändigi, ýaşlaryň abadançylygynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugry hökmünde ykrar edilendigi bellenildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda şol Konwensiýanyň tassyklanan pursadyndan bäri geçen 20 ýylda iş ýüzünde netijeli ädimleriň ädilendigi, şol sanda çagalyk, enäniň we çaganyň hukugyny goramak boýunça kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürilip ýetişdirilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar, şol sanda çagalar üçin täze, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bilim edaralary, lukmançylyk, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, sport desgalary gurulýar, sungat mekdepleri açylýar we beýleki işler durmuşa geçirilýär.
Türkmen jemgyýetiniň belent ruhy däp-dessurlaryna we ýörelgelerine eýermek arkaly, döwletimizde beden taýdan mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara aýratyn üns berilýär. Hukuk kepillendirmeleriniň toplumy, maksadaokgunly ykdysay we durmuş bilen bagly çäreler hut şu ugra gönükdirilendir.
Türkmenistan şu ugur boýunça esasy halkara – hukuk resminamalaryna, Çagalaryň durmuşyny üpjün etmek, goramak we ösdürmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasyna, Gaaganyň degişli Konwensiýasyna goşuldy. “Çaganyň hukuklaryny kepillendirmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna,”Durmuş üpjünçiligi hakyndaky” Kodekse, kanunçylyga girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurdumyzda çaga doglanda, oňa ideg edilende berilýän kömek pullarynyň, maýyplyk boýunça, şol sanda çagalygyndan maýyplara berilýän kömek pullarynyň möçberi birnäçe esse artdyryldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar täsirli pikir alşylandygyny belläp, bu möhüm ähmiýetli ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini bellediler.