Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde halkara nebitgaz forumy öz işini tamamlady. Onuň çäklerinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2014” atly sergi we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda halkara hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze belentlikleri, mümkinçilikler we geljege nazar” atly 19-njy halkara maslahaty geçirildi.
Giň möçberli pudaklaýyn gözden geçirilişe daşary ýurt nebitgaz we hyzmat edýän kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň, dürli döwlet düzümleriniň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, BAE-niň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň we Ýewropa, Aziýa, GDA ýurtlarynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň 600-e golaýy, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dünýäniň işewür toparlarynyň foruma ýokary gyzyklanmasy uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň uly energetika kuwwaty bilen şertlendirilendir. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň açyklygy hem möhüm orun eýeleýär. Dünýäniň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýete eýe bolan bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek şol syýsatyň möhüm ugry bolup durýar.
Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda türkmen Lideriniň öňe süren oňyn başlangyçlary, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, türkmen ýangyç-energetika toplumyny, tutuş milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, onuň degişli halkara kadalary, milli kanuçylyk we anyk taslamalar bilen berkidilmegi – bularyň ählisine dünýäniň nebitgaz işewürliginiň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyna goýulýan maýa serişdeleriniň goraglylygynyň ygtybarly syýasy we ykdysady kepillikleri hökmünde garalýar.
Üç günlük forumyň işiniň barşynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylary we olaryň geljekki hyzmatdaşlary türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudagynda özara gatnaşyklaryň geljegine we strategiki ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen ýangyç serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösdürilmegine maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi, ýurdumyzda nebiti we gazy gözlemegiň hem-de çykarmagyň, şeýle hem olary gaýtadan işlemegiň geljegi uly usullary we tehnologiýalary Halkara maslahatynyň esasy meselelerine öwrüldi.
Türkmen döwleti ýurdumyzy dünýäniň öňdäki döwletleriniň dörtlügine goşýan tebigy gazyň ägirt uly serişdelerine eýe bolmak bilen, gazy dünýä bazarlaryna eksport etmegiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny özüniň strategiki ugry hasaplaýar. Özara bähbitlilige esaslanýan bu meýilnamalar dünýä bazarynda türkmen tebigy gazyna islegler nazara alnyp, tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.
Forumda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan energetika döwleti bolmak bilen, köpugurly gaz-ulag ulgamyny maksada laýyk döredýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň möçberli taslamalaryň ençemesini bilelikde durmuşa geçirýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna aýratyn üns berildi. Daşary ýurtly bilermenleriň belleýşi ýaly, häzirki wagta bu taslama işläp taýýarlamak tapgyryndan gurluşyk işleriniň başlanmagyna taýýarlyk derejesine geçdi. Şeýle hem çykyşlarda Ýewropa ugry boýunça gaz geçirijisini çekmegiň mümkinçilikleri barada durlup geçildi.
Şu babatda esasy günbatar kompaniýalary türkmen konsernlerine gury ýerde barmasy kyn bolan ýataklarda hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklarda ýangyç serişdelerini gözlemek we işläp taýýarlamak, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemek, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ýollaryny döretmek babatda iň täze ýokary netijeli tehnologiýalary hödürlemäge taýýardygy beýan edildi.
Türkmenistan ählumumy energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýörelgeler ygrarly bolmak bilen, öz tarapyndan, uglewodorodlaryň serişdeler binýadyny yzygiderli giňeldýär we içerki, şeýle hem daşarky bazarlarda energiýa serişdelerine bolan islegleri doly kanagatlandyrmak babatda mümkinçilikleri nazara almak bilen, milli gaz geçiriji ulgamy kämilleşdirýär.
Şunuň bilen baglylykda, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi hem uly ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda onuň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu gaz geçirijisi öz gözbaşyny ýurdumyzyň günorta-gündogarynda ýerleşýä “Şatlyk” ýatagyndan alyp we Mary, Ahal hem-de Balkan welaýatlarynyň çäginden geçip, Belek şäherçesine ýeter. Tamamlaýjy tapgyra gadam basan bu taslama ýurdumyzyň ähli iri gaz ýataklaryny bir bitewi halka birleşdirip, türkmen “mawy ýangyjyny” islendik ugur boýunça dünýä bazarlaryna ibermekde möhüm orun eýelär.
Maslahatda ekologiýa meselesine aýratyn üns berildi. Türkmenistanda hereket edýän desgalary döwrebaplaşdyrmakda we täze senagat desgalarynyň gurluşygynda bu meselä möhüm ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artdyrylmagy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda döwrebap, has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa ülňülerine hem-de talaplaryna laýyk gelýändigine gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen netijeli çäreler görülýär. Şol desgalaryň ählisi olaryň daşky gurşaw üçin howpsuzlygy babatda degişli barlagdan geçirilýär.
Maslahatda türkmen hünärmenlerini gyzyklandyrýan we ýakyn geljekde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin gerek boljak zatlaryň ählisi ara alnyp maslahatlaşyldy we iri kompaniýalaryň hem-de firmalaryň diwarlyklarynda beýan edildi. Şol kompaniýalar we firmalar iň täze tehnologiýalary, enjamlary ulanmak babatda Türkmenistanyň berk talaplaryny nazara almak bilen özleriniň täze işläp taýýarlamalaryny Aşgabada getirdiler.
Ykdysady gözden geçirilişe gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ünsi täze ýataklary özleşdirmek we öňden gelýänleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky taslamalara gönükdirildi. Türkmen ýangyç-energetika toplumynyň ýakyn geljegine nazar aýlamaga ajaýyp mümkinçiligi döredýän innowasion tehnologiýalaryň diwarlyklary uly gyzyklanma döretdi.
Sergi we maslahat edilen çykyşlaryň, şeýle hem şu günlar daşary ýurtly işewürleriň hem-de türkmen nebitgaz edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen köpsanly işewür duşuşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Şeýlelikde, serginiň we maslahatyň işiniň barşynda foruma gatnaşyjylaryň ählisi Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we esasy ugurlary barada doly maglumatlary aldylar, tagallalary birleşdirmegiň we maýa serişdelerini çekmegiň mümkinçiliklerini ýüze çykardylar, gatnaşyklar babatda toplanan tejribäni alyşdylar.
Halkara forumyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşanlara diplomlar we halkara standartly sertifikatlar gowşuryldy. Halkara sergisine we maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, myhmansöýerlik we forumyň ýokary derejede guralandygy, oňyn başlangyçlary hem-de ýangyç-energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňden goldaýandygy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşalylyk bildirdir.