Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky, 19-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine taslama gatnaşýan ýurtlaryň ählisiniň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Tranzaksion geňeşçi bolup durýan Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň gurluşyk işlerine başlamaga taýýardygyny, taraplaryň TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň basym iş ýüzünde amala aşyrylmagyna we türkmen tebigy gazynyň iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, bilelikdäki işe güýçli badalga berilmegine gönükdirilip, ozal baglaşylan ylalaşyklary berjaý etmek boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meseleleriň arasyndan Transaksion geňeşçiniň we türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalarynyň birnäçesi bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri bilen tanyşdyrylyş çäresini görkezmek gerek. TOPH taslamasyny amala aşyrmak boýunça taýýarlyk işleriniň doly tamamlanandygyny hem-de aýdylan maslahatlaryň we teklipleriň ählisini göz öňünde tutmak arkaly, 2015-nji ýylyň fewral aýynyň başyna çenli hyzmatdaşlara we konsorsiumyň liderine baha bermek we saýlap almak boýunça goşmaça geňeşmeleri geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi. Şu çäreler geçirilenden soňra, Ýerine ýetiji komitet “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň liderini kesgitlemek boýunça halkara bäsleşigini yglan eder.
Bu mejlise degişli beýleki wakalar baradaky gürrüňe geçmezden öň, taraplaryň öz ýurtlarynyň gaz geçirijiniň gurluşygyna çekilýän we işe girişmäge eýýäm taýýar bolan inženerçilik-gurluşyk düzümlerini işletmek babatda uly gyzyklanma bildirmegi taslama gatnaşýan döwletleriň her biriniň bilermenleri tarapyndan anyk maglumatlaryň toplanmagy we birnäçe gezek seljerilmegi bilen şertlendirilendir. Türkmenistanyň gazy eksport etmek babatdaky mümkinçiliklerine berlen bahanyň şol maglumatlaryň möhüm ähmiýetli bölegi bolup durýandygyna söz ýok. Taslama gatnaşýan ýurtlaryň şol maglumatlary seljeren bilermenleriniň pikirine görä, şol mümkinçilikler diňe bir TOPH-nyň ugry däl-de, başga ugurlar boýunça hem türkmen gazynyň iberilmegi göz öňünde tutulýan möçberlerinden ep-esli artykdyr.
Galyberse-de, diňe bir bilermenlere däl-de, bu ýurtlaryň wekiliýetleriniň ähli agzalaryna däp boýunça şu günler Aşgabatda geçirilýän halkara nebitgaz forumyna-da gatnaşmak arkaly, özleriniň gös-göni TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişmegiň maksat edinilýändigine göz ýetirmäge ýene-de bir gezek mümkinçilik döredildi. Bu forumyň çäklerinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy- 2014” atly halkara sergisi hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda halkara hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze belentlikleri, mümkinçilikler we geljege nazar” atly 19-njy halkara maslahat geçirildi.
Daşary ýurtly myhmanlar türkmen döwletiniň ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň köpugurly ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen energetika strategiýasyny amala aşyrmak boýunça gazananlary bilen tanşyp, hususan-da, şu ýylyň maýynda dünýäniň iri gaz ýataklarynyň biri hasaplanýan “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça desgalaryň täze döwrebap toplumynyň düýbüniň tutulmagynyň möhüm ähmiýetlidigini bellediler. Garaşsyz halkara bilermenleriň deslapky baha bermegine görä, bu kändäki gorlar 26 trillion 200 milliard kubmetre barabardyr, munuň özi Türkmenistany dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orna çykarýar. Şol bir wagtyň özünde, bu kändäki gözleg-agtaryş işleri dowam etdirilýär. Geologlaryň aýtmagyna görä, bu işiň gutarnykly netijeleri entek jemlenilmedi, şoňa görä-de, bu täsin galdyrýan gazly meýdançada ýangyjyň gorlaryna has ýokary baha berilmegine garaşylmagyny esaslandyrylan diýip hasaplamak bolar.
Mälim bolşy ýaly, “Galkynyş” gaz känini toplumlaýyn özleşdirmek 2009-njy ýylyň dekabrynda başlandy. Geçen ýylda “Türkmengaz” döwlet konserni Hytaý Halk Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň iri nebitgaz kompanýialary bilen bilelikde “mawy ýangyjyň” bu känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça meýilleşdirilen işleriň birinji tapgyryny üstünlikli tamamlady. Işleriň geçirilmegi netijesinde, bu ýerde ýokary hilli harytlyk gazyň öndürilmegine mümkinçilik berýän desgalaryň täze döwrebap toplumy ulanmaga berildi. Senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýere ABŞ-nyň 8 milliard 100 million dollaryna barabar bolan maýa goýumlary gönükdirildi.
“Galkynyş” gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlaryň toplumy sebitde gaz üpjünçiligine degişli iri desgalaryň biridir. Bu toplumyň kuwwatlylygy ýylda tebigy gazyň 30 milliard kubmetrini gaýtadan işlemäge ýardam berýär.
Ýeri gelende aýtsak, “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji tapgyryny amala aşyrmagyň çäklerinde aglabasynyň önümliligi her gije-gündizde 2 million kub metrden ybarat bolan guýularyň 60-syny burawlamak, her biriniň kuwwatlylygy harytlyk gazyň 15 milliard kubmetrini arassalamaga we taýýarlamaga mümkinçilik berýän esasy desgalaryň ikisini, guýulardan gaz toplaýjy bölümlere çenli gaz geçirijileri her biriniň kuwwatlylygy ýylda 5 milliard kubmetre barabar bolan çig gaz üçin niýetlenen gaz toplaýjy bölümleriň 6-syny, şeýle hem tebigy gazy guratmak we ony agyr elementlerden arassalamak, harytlyk kondensatyň 235 müň tonnasyny işläp taýýarlamak, umuman alanyňda, kükürdiň 2 million tonnasyny öndürmek we gaplamak boýunça birnäçe tehnologik ulgamlary gurmak göz öňünde tutulýar.
Bulardan başga-da, goşmaça desgalaryň birnäçesi, merkezi dolandyryş, dolandyryş-durmuş maksatly binalaryň toplumy, gaz turbinaly elektrik beket gurlar hem-de eksport üçin niýetlenen, uzynlygy 440 kilometre ýetýän, gaz gysyjy beketleriň ikisini özünde jemleýän we geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metre barabar bolan gaz geçiriji çekiler. Şeýle hem bu ýerde 2 müň 400 adama niýetlenen we ähli zerur düzümi bolan şäherjik gurlar.
Türkmenistanda Amyderýanyň sag kenaryndaky, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki hem-de nebitgazly beýleki sebitlerdäki täze we geljegine uly umyt baglanylýan ýataklary özleşdirmegiň batly depgin bilen alnyp barylýandygyna aýratyn üns berilýär. Şeýle hem dünýäde uly isleg bildirilýän nebithimiýa önümleriniň öndürilmegi üçin niýetlenen innowasion senagat önümçiliklerini döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi bu strategiki pudakdaky ykdysady bähbitleri göz öňünde tutup, giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Şu günki wakalar baradaky gürrüňe dolanyp gelip, düýn “TAPI Ltd.”-niň Direktorlarynyň geňeşiniň birinji mejlisiniň, Tehniki iş toparynyň mejlisiniň hem-de Transaksion geňeşçiniň hyzmatlar boýunça Ylalaşyga goşulan taraplaryň duşuşygynyň bolup geçendigini bellemek gerek. Şonda degişli hünärmenler taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryny täzelemek, “TAPI Ltd.”-ni hasaba almak, paýdarlyk baradaky ylalaşyk we Direktorlaryň geňeşiniň agzalarynyň borçnamalary, konsorsiumyň liderini saýlamak we beýlekiler bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we olar barada ylalaşdylar. Şeýle hem uly ýangyç geçirijileri gurmak boýunça zerur tehniki mümkinçiliklere, öňdebaryjy tehnologiýalara we baý tejribä eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalaryny işe çekmek barada gürrüň edildi.
Şu mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Tehniki iş toparynyň mejlisiniň işiniň esasy netijelerine garadylar we oňladylar. Şonuň çäklerinde TOPH taslamasyny çalt depgin bilen amala aşyrmagyň tehniki ugurlary bilen bagly beýleki möhüm meseleler ylalaşylyp çözüldi.
TOPH taslamasyny amala aşyrmak boýunça taýýarlyk işleriniň doly tamamlanandygyny hem-de aýdylan maslahatlaryň we teklipleriň ählisini, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oktýabrda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna 2015-nji ýylda girişmek baradaky tabşyryklaryny göz öňünde tutmak arkaly, 2015-nji ýylyň fewral aýynyň başyna çenli hyzmatdaşlara we konsorsiumyň liderine baha bermek we saýlap almak boýunça goşmaça geňeşmeleri geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi. Şu çäreler geçirilenden soňra, Ýolbaşçy komitet “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň liderini kesgitlemek boýunça halkara bäsleşigini yglan eder.
Bulardan başga-da, Ýolbaşçy komitetiň işjeň we netijeli ýagdaýda geçen mejlisinde TOPH taslamasynyň häzirki derejesi we ony amala aşyrmagyň iş tertibi kesgitlenildi hem-de transmilli ýangyç geçirijiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmak bilen baglylykda ýakyn geljek üçin niýetlenen meýilnamalar bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, TOPH taslamasy oňa gatnaşýan ýurtlary bilelikdäki maksatlara aýdyň düşünmek, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini äşgär etmek esasynda hakyky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklar arkaly has-da ysnyşykly baglanyşdyrar.
TOPH taslamasyny amala aşyrmak Türkmenistanyň energetika boýunça strategiýasynyň bir bölegidir. Bu strategiýa boýunça eksport üçin niýetlenen ugurlary diwersifikasiýa etmek hem-de energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we howpsuz ýetirilmegini üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, şeýlle hem nebitgaz senagatyny ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek arkaly “mawy ýangyjyň” diňe bir Ýewropa ugry boýunça däl-de, Aziýa sebitindäki ýurtlarda-da ýerlenmegi boýunça anyk ädimleri ädýär, çünki bu sebitdäki ýurtlaryň ösýän ykdysadyýeti energiýa serişdeleri babatda bildirilýän islegiň has-da ýokarlanýandygyny görkezýär.
Bu transmilli taslama ykdysady taýdan giň gerime eýe bolmak bilen çäklenmeýär. Günorta Aziýanyň käbir sebitlerinde, hususan-da, Owganystanda durnuksyz ýagdaýyň saklanýandygyny göz öňünde tutanyňda, TOPH gatnaşýan ýurtlaryň ählisiniň bu taslamany amala aşyrmak ugrundaky syýasy erkini birleşdirmek boýunça ozal görlüp-eşidilmedik ähmiýete eýedir. Her niçik-de bolsa, häzirki wagtda synçylaryň aglabasy TOPH taslamasynyň durmuşda örän möhüm ähmiýete eýedigini aýdyň görkezýändigini belleýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm başlangyçlary we anyk ädimleri aýratyn ähmiýetlidir. Şol başlangyçlar halkara derejesinde yzygiderli ösüşiň gazanylmagyna hem-de BMG-niň howandarlygynda energiýa serişdeleriniň üstaşyr howpsuz geçirilmegini üpjün etmek boýunça netijeli usulynyň döredilmegine ýardam berýär. Ýeri gelende aýtsak, şunuň ýaly halkara derejeli usul TOPH gaz geçirijisi ýaly düzüme degişli örän uly transmilli taslamalary amala aşyrmakda juda zerurdyr.
Milli Liderimiz düýn taslama gatnaşýan ýurtlaryň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryny kabul etmegiň çäklerinde bellemegine görä, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy özara peýdaly energetika we ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, syýasy taýdan uly ähmiýetli ýagdaý bolup durýar hem-de halkara energetika giňişliginde döwletleriň bähbitleriniň utgaşdyrylmalydygyny we biri-birine laýyk getirilmelidigini, diýmek, uly geosyýasat boýunça anykdygyny we amala aşyrylyp bilinjekdigini tassyklaýar. Bu taslama netijeli çemeleşilende, esasy maksada ýetmek – energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň sazlaşygyny üpjün etmek başardýar.
TOPH taslamasynyň eýýäm anyk görnüşe eýe bolmak bilen çäklenmeýändigi görünýär. Onuň bilelikde üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýangyç geçirijiniň geografiki taýdan geçýän ugrundaky ýerlere degerli täsirini ýetirjekdigini aýtmak gerek. Eýýäm häzirki wagtda onuň geljekde Merkezi we Günorta Aziýada hem-de ýanaşyk ýerleşýän sebitlere netijeli täsirini ýetirýän durnuklaşdyryjy ýagdaýa öwrülip, yklymdaky hojalyk gatnaşyklarynyň tutuş ulgamynyň yzygiderli ösüşine itergi berjekdigini aýtsa bolar.