Ï Türkmen-gazak işewürler maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-gazak işewürler maslahaty

view-icon 801
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Türkmenistana ertir başlanýan resmi saparynyň öň ýanynda şu gün “Mizan” işewürlik merkeziniň maslahatlar zalynda türkmen-gazak işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Gazagystan Respublikasynyň eksport we maýa goýumlar boýunça “Kazneks Inwest” milli agentligi bilen bilelikde guraldy.

Maslahata gatnaşmak üçin Gazagystanyň hökümet düzümleriniň, pudak edaralarynyň, maýa goýum kompaniýalarynyň, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň düzüminde uly wekiliýet Aşgabada geldi. Olaryň hatarynda “Topan”, “Ferrum Vtor”Aktýubinskiniň relspürs zawody, “Günorta-Gazagystan maşyn gurluşyk zawody” paýdarlar jemgyýeti, Aktaunyň metal guýujy zawody, Almatynyň elektromehaniki zawody, “Mamyr”, “Arcellor Mittal Tubular Aktau”, “Konsern Bakarassow”, “Henkel”, şeýle hem derman enjamlaryny we lukmançylyk serişdelerini öndürmekde ýöriteleşdirilen “Dosfarm” we “Dolçe”, “Gazeksportgarant” paýdarlar jemgyýeti, Gazagystan Respublikasynyň telekeçileriniň milli edarasy we beýlekiler bar.

Türkmen tarapyndan duşuşyga ykdysadyet we ösüş, demir ýol ulaglary, nebitgaz senagaty we mineral serişdeler, energetika, senagat, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, oba hojalyk, dokma senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetleriniň, Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet iş bankynyň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transmilli ugurlaryň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň we Gazagystanyň diňe bir iki dostlukly ýurtlaryň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine däl-de, eýsem, bütin sebitiň durnukly ösüşine gabat gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, açylýan täze mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ymtylýandygyny aýratyn nygtadylar. Bu oňyn hyzmatdaşlyga ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň işi, bilelikde geçirilýän işewürlik maslahatlary ýardam edýär. Muňa özara söwdanyň artýan möçberleri şaýatlyk edýär.

Gazagystan Respublikasynyň milli ykdysadyýet ministriniň orunbasary Timur Žaksylykowyň belleýşi ýaly, goňşy dostlukly ýurtlaryň ikisi hem özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin baý serişdeler kuwwatyna we maýa goýum mümkinçiligine eýedir. Ulanmaga tabşyryljak Gazagystan-Tükmenistan-Eýran täze polat ýoly sebiti ykdysady taýdan ösdürmäge, durmuş we senagat düzümleriniň gurluşygyna täze kuwwatly itergi berer, iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çeker, ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder. Işewür hyzmatdaşlaryň häzirki duşuşygy iki ýurduň telekeçilik toparlarynyň arasynda gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam edýän taraplaryň ikisiniň hem geljegi uly bolan täze teklipleriniň ýüze çykmagyna hyzmat eder.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň häzirki zaman gazananlary, onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada wideofilm görkezildi.

Pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanda gazak maýa goýumynyň gatnaşmagynda otuzdan gowrak kärhanalaryň hereket edýändigi bellenildi. Taraplar özara bähbitli ugurlaryň ençemesi boýunça, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda, maşyn gurluşygynda, gurluşyk materiallarynyň önümçiliginde, himiýa we dokma pudaklarynda özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi dowam edýärler.

Oba senagat toplumynda, hususan-da, däneçilikde, tohumçylykda, un we çörek önümleriniň, mikrobiodökünleriň önümçiliginde hyzmatdaşlyk etmek meseleleri arýatyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dermançylyk pudagynda işewür aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirildi.

Söwda-ykdysady pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň hatarynda bilim, ylym we medeniýet, syýahatçylyk we sport, şeýle hem iki dostlukly halklaryň bähbidine gabat gelýän beýleki ugurlar boýunça ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Gazak myhmanlarynyň Türkmenistanyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň hem-de telekeçileriniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary mahalynda bilelikdäki taslamalar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ugurlary has anyk ara alnyp maslahatlaşyldy.