Ï Aziýanyň geljegi dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna sazlaşykly goşulyşmakdan ybaratdyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziýanyň geljegi dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna sazlaşykly goşulyşmakdan ybaratdyr

view-icon 784
Şu gün türkmen paýtagtynda BMG-niň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasynyň (SPEСA) “Kommunikasiýa mümkinçiliklerini gowulandyrmak: “Owganystany “Özgertmegiň onýyllyklarynyň” üstünliklerine SPEСA-nyň möhüm goşandy” atly ykdysady forumy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, ÝHHG-niň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA), Ýewraziýa ösüş bankynyň, ABŞ-niň halkara ösüş baradaky agentliginiň (USAID), sebit we halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem Azebaýjan Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan wekiliýetler we beýlekiler gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň başynda oňa gatnaşanlar düýn, 3-nji dekabrda bolan şanly wakanyň – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda Gagazystan-Türkmenistan-Eýran transkontinental demir ýolunyň türkmen-eýran böleginiň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmek üçin taryhy ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Foruma gatnaşyjylar transmilli demir ýolyny gurmak boýunça geçirilen giňmöçberli işlere haýran galýandyklaryny aýdyp, bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Demirgazyk-Günorta ugurda möhüm ähmiýetli halkara ulag geçelgesine öwrüljek bu ýoly döretmek pikirinde millionlarça adamlaryň bähbitlerine, diýmek, parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine hyzmat etmek bilen baglanyşykly çuňňur many-mazmunyň goýlandygy barada aýdan sözlerini aýratyn bellediler. Bu ýoluň iň uzyn bölegi Türkmenistanyň çäklerinden geçýär. Onuň biziň ýurdumyzdan geçýän böleginiň uzynlygy gapdal şahalary bilen bilklikde 825 kilometre ýetýär.

Ykdysady forumyň çäklerinde geçirilen mejlisleriň barşynda SPEСA sebitinde, şol sanda Owganystanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda kommunikasion mümkinçilikleri gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ESKATO-nyň bu ulgamdaky barlaglary baradaky çykyşlar hödürlenildi. Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa döwletlerine ýardam bermek meseleleri boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň,olaryň ykdysady ösüşini höweslendirmegiň we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagynyň geljegi kesgitlenildi.

Çykyş edenler ykdysady forumyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, şeýle duşuşyklaryň sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini, şeýle hem şu maksatnamanyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň has netijeli usullaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýändigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, wajyp meseleleriň köpüsini umumy tagallalar bilen çözmek maksadalaýyk bolardy. Şeýle çemeleşmede kabul edilýän usullaryň oňyn häsiýete eýe bolmagy, sebitde durnuklylyk üpjün edilýär, şeýle hem ýurtlaryň ol ýa-da beýleki ykdysady meseleleri çözmäge sarp edýän harajatlary azalýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ulag we kommunikasiýalar, döwrebap düzümleýin ugamlary döretmek ýaly ählumumy ösüşiň wajyp ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy zerurdyr. Ýokary hilli düzümiň döredilmegi ykdysady ösüşe oňyn täsir edýär, söwda ulgamynyň we ykdysady işiň giňelmegine ýardam edýär, önümçiligiň giň möçberleriniň hasabyna tygşytlylyk gazanmak üçin mümkinçilikleri açýar, tebigy serişdeleriň ulanylmagyny kadalaşdyrýar we önümçilik we logistiki päsgelçilikleri peseldýär. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar şu duşuşygyň gün tertibine girizien meseleleriň wajypdygyny bellediler. Şol meseleler bolsa sebitleýin ykdysady gatnaşyklara we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goşulyşmagyna, hususan-da, sebitiň durnukly ösmegi üçin kommunikasion mümkinçilikleri has amatly ulanmaga degişlidir.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagynyň ykdysady, durmuş we syýasy wehimlere üstünlikli aradan aýyrmakda möhüm orna eýe bolýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýetiniň artmagy ählumumy ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän şertlerinde ýurtlaryň bäsdeşlige uykpylylygyny ýokarlandyrmaga hem täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, SPEСA maksatnamasyna gatnaşyjylaryň biri hökmünde türkmen döwletiniň sebitiň çäklerinde özara gatnaşykalry ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, Merkezi Aziýada ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine uly üns berýär. Ýurdumyz yklymyň ulag ýollarynyň strategiki çatrygynda geografiki taýdan amatly ýerleşip we ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolup, bu ýagdaýdan has netijeli peýdalanmaga çalyşýar. Şunda Türkmenistan ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berýän ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Biziň ýurdumyz ulag-kommunikasiýa ulgamy meseleleri boýunça özüniň çemeleşmelerini kemala getirip, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýany häzirki döwürdäki ählumumy ösüşiň aýrylmaz we möhüm bölegi hasaplaýandygyndan ugur alýar. Soňky ýyllarda türkmen döwletiniň täze, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän teklipleri, şol sanda ulag ulgamyndaky teklipleri barha işjeň öňe sürýändigi hem muňa şýaýatlyk edýär. Galyberse-de, biziň ýurdumyz özüniň strategiýasynda döwrebap ulag düzümini döretmegiň ornuna aýratyn ähmiýet berýär, goňşy döwletler bilen bilelikde sebitleýin-yklym taslamalaryny amala aşyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlan Gazagystan-Türkmenistan –Eýran demir ýolunyň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekildi. Bu möhüm ulag ýoly Merkezi Aziýanyň we goňşy sebitleriň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer, sebitara gatnaşyklara kuwwatly itergi berer. Ähmiýetli taslamalaryň hatarynda Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan polat ýolunyň gurluşygy hem görkezildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine hem sebitiň gurýer döwletleriniň iri halkara bazarlaryna çykmagy nukdaý nazaryndan garalýar.

Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Türkmenistanda ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegine öwrüljek demir ýollaryň we awtomobil köprüleriniň köpçülikleýin gurulýandygy bellenildi. Munuň özüne hem Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we halkara ulag ýollaryny döretmegiň we olardan netijeli peýdalanmagyň ýolundaky möhüm ädim hökmünde baha berilýär. Umuman, bu ulgamda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary üçin bilelikdäki tagallalar bilen sebitara gatnawlary üçin öz çägi arkaly amatly üstaşyr şertleriň döredilmegini üpjün eder.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitini durnuklylygyň, rowaçlygyň we parahatçylygyň, durmuş taýdan abadançylygyň merkezine öwürmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýandygyny bellediler. Şeýle hem ýurdumyzyň Owganystanda parahatçylykly durmuşy ýola goýmak boýunça tagallalarda işjeň orny eýeleýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň belent münberinden öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň, hususan-da, bu ýurduň ykdysadyýetini we durmuş düzümini dikeltmek bilen baglanyşykly başlangyçlaryň ähmieti bellenildi.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşanlar SPEСA-nyň çäklerinde Owganystanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam bermek boýunça taslamalaryň işlenip taýýarlanymagyny hem-de durmuşa geçirilmegini goldaýandyklaryny beýan etdiler we Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleýin edaralary bilen oňyn gepleşikleri dowam etmegiň, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdylar.

Ertir SPEСA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň dokuzynjy mejlisi geçiriler.