Ï Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça Ýörite maksatnamasynyň Ýolbaşçy geňeşiniň duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça Ýörite maksatnamasynyň Ýolbaşçy geňeşiniň duşuşygy geçirildi

view-icon 907
Şu gün Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasynyň (SPEСA) Ýolbaşçy geňeşiniň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Ol BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş Ummany üçin Ykdysady we Durmuş toparlary üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň guramaçylyk we bilermenler derejesinde goldaw bermeginde amala aşyrlýar.

Duşuşykda “Kommunikasiýa mümkinçiliklerini gowulandyrmak: “Owganystany “Özgertmegiň onýyllyklarynyň” üstünliklerine SPEСA-nyň möhüm goşandy” atly ykdysady forumynyň jemlerine galaldy, şeýle hem SPEKA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň ozalky maslahatynyň geçirilen wagtyndan bäri Maksatnamanyň çäklerinde geçirilen işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Maksatnama suw-energetika serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşary söwdany giňeltmek we gümrük düzgün-kadalaryny ýeňilleşdirmek, ulag düzümini kämilleşdirmek, şeýle hem “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ýaly esasy ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm guraly bolup durýar. Bu babatda BMG-niň we beýleki abraýly guramalarynyň işjeň gatnaşmagynda hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklaryň möhümdigi, şeýle hem halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaranyň esasynda ähli möhüm meseleleri çözmegiň zerurdygy aýratyn bellenildi.

Ýolbaşçy geňeşiň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine Owganystan bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky kommunikasiýa mümkinçiliklerini gowulandyrmak boýunça teklipler girizldi. Mälim bolşy ýaly, Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmek diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, eýsem has giň gerimde tutuş howpsuzlyk ulgamy we durnukly ösüş üçin möhüm şert bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolblaşçylygynda oňyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöredýän Türkmenistan häzir esasy halkara düzümleriň howangdarlygynda sebit we sebtiara maksatnamalaryny amala aşyrmakda strategik hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar. Asuda we abadan durmuşy gurmakda, durmuş-ykdysady düzümi dikeltmekde Owganystana kömek bermek, şol sanda energetika, ulag, kommunikasiýalar, gurluşyk we beýleki ugurlarda ähmietli taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna kömek bermek türkmen döwletiniň üýtgewsiz netijeli we döredijilikli ugrunyň beýany bolup durýar. Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli syýasatyna hem-de onuň sebitde we düýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlaryna oňyn baha bermek bilen, bu ýere ýygnananlar sebitde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde türkmen döwletiniň möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

Şeýle hem Taslama işçi toparlarynyň işleriniň ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşmalar boldy. Olar SPEKA-nyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän işler hakynda hasabatlary Ýolbaşçy geňeşiniň garamagyna hödürlediler. Hususan-da, ykdyadyýeti, statistikany, söwdany ösdürmek, suw we energetika serişdeleri, ulag we serhetlerden geçmek, şeýle hem gender syýasaty bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly beýleki meselelere hem garaldy. Olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 2015-nji yylda SPEKA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň onunjy mejlisini geçirmegiň wagtyny we ýerini kesgitlemek duşuşygyň meseleleriniň biri boldy. Şeýle hem geljek döwür üçin ýolbaşçy ýurdy saýlamak meselesine garaldy.

SPEKA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň dokuzynjy mejlisiniň netijelerini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar häzirki döwrüň ýagdaýlary baş maksady – sebitde we dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine döwletleriň we iri halkara guramalarynyň has ysnyşykly we sazlaşykly gatnaşyklaryny talap edýär diýip bellediler. Maksatnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň sebitiň ykdysady taýdan goşulyşmagyny has-da berkitmäge, ulag düzümini ösdürmäge, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga, suw gorlaryny netijeli peýdalanmaga hem-de daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir diýip bellemek bilen, bu ýere ýygnananlar häzirki duşuşygyň şu sebitiň ýurtlarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde netijeli ornuny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda SPEKA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen topragyndaky myhmansöýerlik üçin, maslahytyň ýokary derejede guralandygy hem-de netijeli işlemek üçin döredilen oňaýly şertlere tüýs üýrekden hoşallyk bildirdiler.