Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň rumyn dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Tanyşdyoyşyň barşynda ministrligiň binasynyň eýwanynda döwlet Baştutanymyzyň kitaplarynyň we biziň ýurdumyza, türkmen halkynyň baý taryhyna, özboluşly däp-dessurlaryna bagyşlanan kitaplaryň sergisi guraldy.
Dabara Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty minitsrliginiň, ylmy intelligensiýanyň, lukmançylyk edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu waka mynasybetli Aşgabada ozal Türkmenistanda Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde işlän jenap Ion Porožan we rumyn parlamentiň deputaty, “Rumyniýa-Türkmenistan” dostluk parlament toparynyň agzasy jenap Petru Mowilan geldiler.
Mälim bolşy ýaly, köp müňlerçe nusgada türkmen, şeýle hem rus, iňlis we beýleki dillerde çap edilen ösümlik dünýäsiniň bu täsin ensiklopediýasy daşary ýurtlarda hünärmenleriň we giň okyjylar köpçüliginiň arasynda ägirt uly gyzyklanma döretdi, olara dünýä siwilizasiýasynyň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ulgamynda uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi we däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iri göwrümli ylmy işi diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösüşine däl-de, eýsem dünýä fitoterapiýasyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy we bu ugurda täze barlag işlerini we möhüm ähmýetli açyşlary etmekde höweslendirmeleri döretdi. Bu “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň rumyn dilinde çap edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Rumyn tarapyndan tanyşdyrylyş dabarasynda jenap Ion Porožan we jenap Petru Mowilan çykyş etdiler. Nygtalşy ýaly, türkmen Lideriniň köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň miwesi bolan bu kitabyň rumyn dilinde çap edilmegi iki halkyň we ýurtlaryň arasynda emele gelen dostluk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak işine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu wakanyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny, şol sanda gumanitar we ylym-bilim ulgamy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge ýardam berjekdigi bellenildi.
Tanyşdyryş çäresiniň barşynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň düýpli ylmy işiniň nazaryýet we tejribe babatynda ähmiýetini bellediler. Bu kitapda türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ýüzlerçesi barada maglumatlar getirilýär, olaryň aýratynlyklary beýan edilýär, dermanlyk ösümliklerden peýdalanmagyň ylmy esaslary we usullary aýdylýar, onda dürli keselleriň öňüni almak we bejermek üçin serişdeleri taýýarlamagyň usullary beýan edilýär. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu neşir rumyn jemgyýetçiligine Türkmenistan barada has köp zatlary bilmäge, türkmen halkynyň baý gadymy däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer, sebäbi bu kitapda gönüden-göni ylmy maglumatlardan başga-da, aň-düşünjäni ösdürmäge niýetlenen köpsanly peýdaly maglumatlar getirilýär.
Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň abadançylygyna we gülläp ösüşine, umumy bähbitlere laýyk gelýän oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen köptaraply işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.