Ï Türkmenistanyň Bitaraplygynyň netijeliligi barada halkara maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň netijeliligi barada halkara maslahaty

view-icon 838
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň maslahatlar zalynda türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 19 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň hatyrasyna döredijilik we hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Mejlisi we Demokratik partiýasy tarapyndan guraldy.

Maslahatyň işine ýurdumyzda resmi taýdan işleýän diplomatik wekilhanalaryň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, syýasatşynaslar, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň taryhy üçin şanly senäniň öňýanynda geçirilýän maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Hususan-da, Gutlagda bu maslahat daşary syýasatyň we halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri barada pikir alyşmak üçin ýene bir mümkinçilik bolar we onda Bitaraplygyň häzirki zaman tejribesi aýratyn orun alar diýlip nygtalýar.

Maslahatda edilen çykyşlarda 19 ýylyň içinde Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesini durmuşa geçirmekdäki esasy tapgyrlar we netijeler häsiýetlendirildi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly özgertmelerinde, milli ösüşiň ähli ulgamlarynda öz beýanyny tapdy.


Abraýly halkara guramalarynyň wekilleriniň – BMG-niň Ženewadaky bölüminiň, ÝHHG-niň Türkmenistandaky merkeziniň, UNISEF-iň wekilleriniň we beýlekileriň çykyşlarynda türkmen döwletliliginiň täze pelsepesiniň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, medeni-ruhy we ylmy-tehniki ugurlaryndaky ösüşleriniň halkara gatnaşyklary ulgamynda köp maksatly syýasaty bilen aýrylmaz arabaglanyşyklykda ýüze çykandygy nygtaldy. Geçen 19 ýyl bütin sebitde we onuň çäklerinden daşarda, parahatçylykly we gülläp ösüşiň hereketlendiriji güýji bolmaga ymtylýan Türkmenistanyň bitarap, parahatçylyk döredijilik syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikler bilen şöhratlandyryldy.

Şu babatda ýurdumyzyň açyklygy, örän giň hyzmatdaşlyga taýýarlygy dünýäniň oňyn tejribelerini kabul etmek hem-de sebit we dünýä meselelerini çözmekde işjeň parahatçylyk döredijilik ýörelgeleri möhüm ýagdaýlara öwrüldi. Bularyň ählisi milli bähbitleri goramagyň we Türkmenistanyň umumadamzat ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň netijeli guralyna öwrülen türkmen Bitaraplygynyň ýörelgeleridir.

Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hukuk derejesine eýe bolup, Türkmenistanyň Bitaraplygy halkara durmuşyna hemmetaraplaýyn gatnaşmak arkaly parahatçylygy saklamak, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny ösdürmäge ýardam bermek, sebitde we onuň çäklerinden daşarda möhüm meseleleriň ählisi boýunça netijeli gepleşikleri geçirmek üçin zerur şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Öz çykyşlarynda türkmen diplomatlarynyň belleýişleri ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň dünýädäki özara gatnaşyklarynyň aýratyn ornuny öňünden kesgitlän “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” baradaky kararnamasynyň biragyzdan kabul edilen 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky şöhratly sene diňe bir ýurdumyz üçin ähmiýetli däldir. Bu sene Milletler Bileleşiginiň taryhynda möhüm sahypa öwrüldi. Ol öz tejribesinde ilkinji gezek şeýle resminamany kabul etdi. Çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine ynam bildirip, ähli döwletleri ony hormatlamaga we goldamaga çagyrdylar.

Ondan soňky wakalar bu saýlanan ugruň dogrudygyny tassyklap, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde halkara parahatçylyk döredijilik tagallalarynyň, ýurdumyzyň ýaşaýşyň ýokary hili bolan döwletleriň hataryna çalt girmeginiň uly alamaty bolup durýandygynyň jedelsiz subutnamasyna öwrüldi.

Maslahatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Gülleýän Türkmenistanyň durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylanlary beýan edýän, owadan suratlar bilen bezelen täze neşir üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilip, döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň Garaşsyzlygyna hem-de Bitaraplygyna bagyşlanan çykyşlarynyň we pähim-parasatly sözlerinden alnan parçalaryň ýygyndysy görnüşindedir.

“Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýä syýasatynyň ähli ölçeglerinde, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmekdäki tagallalary birleşdirmekde, ykdysady we durmuş taýdan ösüş ugrundaky hyzmatdaşlykda, ynsanperwerlik we medeni gatnaşyklaryň çäkleriniň giňelmeginde öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde biz demokratik özgertmeleriň giň gerimler bilen amala aşyrylmagyna, halk häkimiýetiniň esaslarynyň berkidilmegine, hakyky raýat jemgyýetiniň döredilmegine, onuň ösüş ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemäge, ýurdumyzda alnyp barylýan köptaraply we uzakmöhletleýin maksatnamalary amala aşyrmaga raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleriň döredilmegine aýratyn uly üns berýäris” diýip, milli Liderimiz belleýär.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň diplomatik işine, dünýäniň beýleki döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlyk derejesine hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň daşary syýasat ugruny berkitmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryna ýokary baha berdiler.

2015-nji ýylyň ýurdumyzda Parahatçylyk we Bitaraplyk ýyly diýlip yglan edilmegi parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dostlugyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň aýdyň nyşanydyr. Şonuň üçin-de, nobatdaky halkara ylmy maslahat döwletimiziň ählumumy durnuklylyga, dünýäniň ýurtlary bilen parahatçylykly gatnaşyklara, Türkmenistanyň Bitaraplygyny we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak tejribesini öwrenmäge bolan gyzyklanmanyň artmagyny tassyklaýan şanly wakadyr.

Hoşniýetli ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk döwletimiziň Bitaraplyk strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Paýtagtymyz Aşgabatda döwletara duşuşyklarynyň we iri halkara maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugrunyň sazlaşykly durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwletimiziň häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamyna ynamly girmegi dünýä döwletleri bilen giň diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hem-de BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy we beýleki iri halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda dowam edýär.

Halkara derejesinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklary BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işinde hem görmek bolýar. Ol öz işini türkmen paýtagtynda 2007-nji ýyldan bäri alyp barýar. Merkeziň işi, esasan, mümkin boljak howplaryň öňüni almak üçin özara kabulederlikli çözgütleri tapmakda Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetleriniň gepleşiklerine, sebitiň çäklerinde netijeli döwletara gatnaşyklarynyň durnuklaşmagynyň we berkemeginiň pugtalanmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň umumylykda ykrar edilen hukuk derejesinden ugur almak bilen, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda we berkitmekde, umumadamzat gymmatlyklaryny pugtalandyrmakda halkara bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga işjeň çemeleşýär. Döwletimiz açyk we deňhukukly gatnaşyklara gyzyklanma bildirmek bilen, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny sazlaşykly ösdürmek maksatlaryndan ugur alyp, täze teklipleri we çemeleşmeleri öňe sürýär.

Maslahatda bellenilişi ýaly, parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş diňe syýasy hyzmatdaşlyga däl-de, eýsem, ykdysady ösüş, daşky gurşawy we adam hukuklaryny goramak, demokratik dolandyryş we kanunyň ileri tutulmagy babatda hyzmatdaş ýurtlaryň jogapkärçiligine hem esaslanýar. Türkmenistan şol ýörelgelere ygrarlydygyny görkezmek bilen, dünýäniň ähli ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeldip, durnukly ösüşiň sebit usullaryny döretmek babatda täze teklipleri öňe sürýär.

Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasat ugrunyň umumylykda ykrar edilen ylalaşdyryjy döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagyny şertlendirdi diýip, biragyzdan bellediler. Häzir Türkmenistan sebit derejesinde hem-de dünýä möçberinde möhüm meseleleri çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri görkezýär.

Bu ýere ýygnananlaryň biragyzdan belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan adamzat tagallalaryna mynasyp goşant goşýandygyna buýsanyp biler. Şol tagallalar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda ählumumy parahatçylygy we agzybirligi üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasat strategiýasyny işjeň durmuşa geçirýän türkmen diplomatlarynyň orny bellenip geçildi.

Maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar onda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň maksatlaryny, Bitaraplyk ýörelgelerini amala aşyrmakda, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk däplerini ösdürmekde nobatdaky ädime öwrülen duşuşygyň guralandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.