Ï Halkara bilermenler toparynyň duşuşygy tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara bilermenler toparynyň duşuşygy tamamlandy

view-icon 684
Şu gün türkmen paýtagtynda halkara bilermenler toparynyň birinji duşuşygy tamamlandy, onuň gün tertibine giň möçberli energetika hyzmatdaşlygynyň dürli taraplaryny gurşap alýan toplumlaýyn halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamaga degişli meseleler girizildi.

Şu duşuşyk 2013-nji ýylyň maýynda Nýu-Ýorkda bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji maslahatynyň 82-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly kararnama esasynda geçirildi.

Bilermenler toparynyň işine BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri, Energetiki Hartiýanyň sekretariýatynyň, halkara guramalarynyň we agentlikleriniň, daşary ýurtlaryň hem-de Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň işgärleri, halkara bilermenleri gatnaşdylar. Iki günlük maslahatyň çäklerinde energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň usullaryny kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga , energiýa serişdeleriniň halkara bazarlarynda döwletiň işiniň anyk hem-de açyk ýörelgelerini kesgitlemäge uly üns berildi.

Maslahatyň barşynda energiýa serişdelerini öndüriji, üstaşyr geçiriji hem-de sarp ediji ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk taraplary, transmilli turbageçiriji düzümlerde maýa goýumlaryny goramak boýunça netijeli çäreler we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki wagtda döwletleriň durnukly ösüşiniň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolan energetika howpsuzlygynyň täze giň möçberli binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň möhümdigi nygtady. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, energiýa serişdeleriniň eksportunyň köptaraply ugurlaryny kemala getirmek babatdaky oňyn syýasaty dünýä bileleşiginiň toparlarynda giňden ykrar edilmegine hem-de goldanylmagyna eýe bolýar.

Energetiki Hartiýanyň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly düýn Aşgabatda bolan maslahaty muny nobatdaky gezek tassyklady, onuň netijeleri energetika howpsuzlygynyň bitewi we mäkäm ulgamyny döretmek, döwletara energetika düzümleriniň ygtybarly hem-de durnukly işlemeginiň usullaryny kemala getirmek boýunça syýasy-hukuk ulgamynda hem, iş ýüzündäki çäreler nukdaýnazaryndan hem dünýäniň energetika giňişliginde giň gatnaşyklara kuwwatly itergi berer.

Duşuşygyň jemleri boýunça BMG-niň howandarlygynda köptaraplaýyn we toplumlaýyn resminamany işläp taýýarlamak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny has-da ösdürmek baradaky pikiri aýdan halkara bilermenler toparynyň duşuşygyna gatnaşyjylar Jarnama kabul etdiler, ol döwletler we halkara guramalary tarapyndan bu babatda toplanan häzirki döwrüň halkara hukugynyň we tejribesiniň umumylykda ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň hukuklarynyň we borçnamalarynyň tutuş jemini aýdyň düzgünleşdirmegi üpjün eder.