Ï Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasy öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasy öz işine başlady

view-icon 710
Şu gün paýtagtymyzyň “Çandybil” söwda merkezinde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan forumda iki dostlukly ýurduň milli ykdysadyýetleriniň esasy pudaklarynyň kärhanalarynda öndürilýän harytlar görkezilýär.

Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary A.Kalinin, Türkmenistanyň we Belarusyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň käbiriniň ýolbaşçylary we wekilleri, telekeçilik düzümleriniň wekilleri, şeýle hem köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar. Häzirki forumyň ähmiýeti barada aýmak bilen, oňa gatnaşyjylar bu çäräniň geçirilmegi iki dostlukly döwletiň soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge gyzyklanmasynyň subutnamasy bolup durýar.

Häzir türkmen-belarus ykdysady gatnaşyklarynyň eýe bolan baý tejribesi üstünlikli ösýän döwletara gatnaşyklarynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolmak bilen taraplar ony netijeli amala aşyrmak maksadynda anyk ädimleri ädýärler.


Şu ýylyň oktýabrynda Minskide üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasyny ikitaraplaýyn gatnaşyklary okgunly giňeltmegiň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezmek bolar. Şonda Belarusda resmi saparda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň onuň açylyş dabarasyna gatnaşmagy sergä aýratyn öwüşgün çaýdy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň Baştutanlarynyň belleýişleri ýaly, türkmen we belarus ykdysadyýetleriniň özara üstüniň ýetirilmegi iki tarapyňam bähbidine ulanylyp bilner.

Belarus Respublikasynyň oba hojalyk tehnikalarynyň köp ýyllar bäri getirilmegi, türkmen hünärmenleriniň okadylmagy, şeýle hem belarus hyzmatdaşlaryň iri we ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga, şol sanda Lebap welaýatyndaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygyna gatnaşmagy işewür hyzmatdaşlygy gurmaga oýlanyşykly çemeleşmäniň subutnamasy bolup durýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň bilelikdäki işlerini, özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça has täsirli gurallary işläp düzmäge ýardam edýän işewürler maslahatlarynyň, sergi-ýarmarkalarynyň geçirilmegini özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolundaky anyk ädimleriň hataryndan görkezmek bolar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki forum nobatdaky gezek Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň eýe bolan ägirt uly kuwwatyny görkezmäge gönükdirilendir. Biziň ýurtlarymyzy berk işewür gatnaşyklary we däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Sergi-ýarmarkanyň geçirilmegi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge, telekeçilik düzümleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem özara bähbitli ugurlary we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirilendir.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda bolşy ýaly, Belarus Respublikasynda hem önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri halkara ülňülerine laýyk gelýän we dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň görnüşini artdyrmak boýunça giň gerimli taslamalaryň we toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylýandygyny aýtmak gerek. Ol özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Munuň şeýledigine sergi-ýarmarka gelýänler göz ýetirip bilerler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysady strategiýany amala aşyrýar. Ol innowasiýalary ornaşdyrmak, serişdeler kuwwatyny peýdalanmak, ähli ugurlarda giň gerimli özgertmeleri geçirmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlarda, şol sanda geljegi uly türkmen bazarynda mynasyp orun eýelemäge, öz harytlaryny getirmäge çalyşýan belarus hyzmatdaşlarda hem uly gyzyklanma döredýär.

Belarus Respublikasynyň ykdysady kuwwaty barada aýdylanda esasy önümçilik gaznalarynyň ep-esli böleginiň birnäçe senagat pudaklarynyň paýyna düşýändigini bellemek gerek. Ýurtda dürli kärhanalaryň 2300-den gowragy hereket edip, olarda ýurduň jemi içerki önüminiň agramly bölegi çykarylýar. Maşyngurluşygy, metal işläp bejeriş, himiýa we nebithimiýa senagaty, ýeňil we azyk senagaty, tokaý we agajy gaýtadan işleýän pudaklar, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, derman we mikrobiologiýa senagatyň esasy pudaklary bolup durýar.


Sergi-ýarmarkanyň bölümlerinde türkmen we belarus ykdysadyýetleriniň ähli pudaklarynyň diýen ýaly çykarýan önümleri görkezilýär.

Mysal üçin, Belarus Respublikasynyň et, süýt senagatynyň iri kärhanalary azyk harytlarynyň dürli görnüşini hödürleýär. Olaryň hatarynda “Lidskiniň” süýt-konserwa kombinaty, “Belowež peýnirleri” bilelikdäki açyk paýdarlar jemgyýeti, “Molodeçen azyk kombinaty” hususy unitar kärhanasy, “Glubokskiniň et-konserw kombinaty” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Sawuşkin produkt” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Babuşkina krynka” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Mogilýowhleboprodukt” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Inko-Fud” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, “Berezowskiniň et kombinaty” açyk paýdarlar jemgyýeti we belekiler bar. Bu kärhanalaryň çykarýan önümleriniň görnüşleri köp bolansoň örän tejribeli alyjy hem özüne gerek önümini öz islegine laýyklykda saýlap alyp biýlär.

Sergä gelýänler Belarus Respublikasynyň gök-miwe konserwirleýjileriň, hususan-da, “Byhowskiniň konserw-gök kakadyjy zawody” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Maloritskiniň gök kakadyjy kombinaty” açyk paýdarlar jemgyýetiniň we beýlekileriň görkezen önümleri bilen hem tanyşyp bilerler. Bu ulgamyň kärhanalarynyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň sanawyna ter görnüşinde gaplanan mürepbe, bal, üwmeç, sous, tomat şireleri ýaly önümler girýär.

Süýjülikler – bu, megerem, köpleriň uly isleg bildirýän önümleriniň bir görnüşidir. “Kommunarka” bilelikdäki açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Krasnyý pişewik” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Spartak” açyk paýdarlar jemgyýetiniň bilelikdäki kärhanasynyň, “Slodyç konditer fabrigi” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Domoçaý” bulka-konditer fabrigi” açyk paýdarlar jemgyýetiniň we beýlekileriň kemputlary, zefirleri, halwalary, marmeladlary, şokoladlary, kökeleri, waflileri örän süýjüçil adamyň hem göwnünden tursa gerek. Olaryň görnüşleri bolsa sergi-ýarmarka gelen her bir adamda aýratyn täsir döretse gerek. Bu iri kärhanalar eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda Belarus Respublikasynyň konditer bazarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Şol nyşanlar astynda çykarylýan önümleriň hiline diňe Belarusda däl-de, eýsem onuň çäklerinden alyslarda hem, şol sanda Türkmenistanda hem mynasyp baha berýärler.

“Santo-Bremor” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň bilelikdäki kärhanasynyň, “Belryba” açyk paýdarlar jemgyýetiniň kärhanalarynyň tekçeleri hem önümleriň köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Olar esasan hem balygy gaýtadan işleýän zawodlaryň önümlerini çykarmaga ýöritleşedirilendir.

“Brestgazenjam” açyk paýdarlar jemgyýetiniň-holdingiň bilelikdäki kärhanasynyň tekçesi sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Ol mälim bolşy ýaly, GEFEST kysymly gaz, gazelektrik, elektrik plitalary, oturtma tehnikalaryny we howa arassalaýyjylary öndürmek bilen meşgullanýar.


Maşyngurluşyk Belarus Respublikasynyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Türkmenistana Belarus tehnikasyny, maşynlaryny, tekerlerini we dürli maksatly enjamlaryny ibermegiň sanawy hem-de möçberi her ýyl giňelýär hem-de artýar. Häzirki sergide “BelAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň karýer üçin ýüküni öz düşürýän maşynlary, “Belarus” traktorlary, “MAZ” ýük awtomobilleri, “Belşina” tekerleri ýaly milli önümler netijesinde giňden mälim bolan Belarusyň maşyngurluşyk kärhanalary çykyş edýärler. Bu ýerde öz önümleriniň eksportunyň çägini birsyhly giňeldýän “Gomselmaş” açyk paýdarlar jemgyýetiniň we Gomeliň wagon abatlaýjy zawodynyň işi bilen tanyşmak münkindir.

Belarus wekilleriniň aýtmaklaryna görä, kärhanalar öz işinde howpsuzlygyň, amatlylygyň we tygşytlylygyň ähli talaplaryna, halkara ülňülerine laýyk gelýän oňat hilli önümleri köpçülikleýin çykarmaga ugur alýar. Zawodlaryň tehnologiki we konstruktorçylyk gulluklarynyň hünärmenleri bazaryň talabyny we maşyngurluşyk senagatnyň iň täze gazananlaryny nazara almak bilen çykarylýan önümleriň görnüşlerini yzygiderli täzeleýärler.

Gurluşyk materiallaryny öndürmek hem Belarusyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň hatarynda çykyş edýär. Tutuşlygyna alnanda Belarusda gurluşyk materiallarynyň 130 görnüşinden gowragy, şol sanda sement, diwarlyk, diwara tutulýan we timarlaýjy materiallar, gurnama demirbeton we beton gurnamalary, üçek materiallary we başgalar öndürilýär. Şu maslahatda bu pudak Belarus Respublikasynyň Binagärlik we gurluşyk ministrligi, şeýle hem birnäçe pudaklaýyn kärhanalar tarapyndan hödürlendi.

Serginiň bu bölegine gatnaşyjylaryň hatarynda diwarlary içinden timarlamak üçin keramiki plitkalaryň we pol üçin keramiki plitkalaryň, keramogranitiň (gres), howuzlar üçin keramiki plitkalaryň, eýwan üçin keramiki plitkalaryň (klinker), we keramiki bezeg plitkalaryň baý görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşen “Berezastroýmaterialy” açyk paýdarla jemgyýeti bar. Kärhana öz satyn alyjylaryna gaýtalanmajak we modaly bezegi bolan, şeýle hem estetiki we oňat hili bilen tapawutlanýan önümlerini hödürleýär.

Sergi ýarmarkasyna gatnaşyjylaryň hatarynda çagalar iýmiti üçin gury süýt önümlerini öndürýän “Bellakt” açyk paýdarlar jemgyýeti bar. Süýdi gaýtadan işlemegiň däpleriniň iň täze tehnologiýalar we hünärmenleriň netijeli işlemegi bilen sowatly utgaşdyrmak kärhananyň öndürýän önümleriniň häzirki döwrüň bazarynyň ýokary talaplaryny laýyk gelmegine mümkinçilik berýär. Sergide sagdyn çagalar üçin, bejeriş-öňüni alyş, bejeriş çaga garyndylary, şeýle hem göwreli aýallary we çaga emdirýän eneleri naharlamak üçin gury süýt önümleri hödürlenýär.


Bir gezek ulanylýan “SEMSO baby” çagalar podguzniklerini, şeýle hem öz söwda markasy bilen çagalar üçin çygly salfetkalary Belarusda ýeke-täk öndüriji bolan “BelEmsa” kompaniýasynyň önümlerini hem belläp geçmeli. Podguznikler taýýarlanylan mahaly ulanylýan çig mal Gümrük birleşmesiniň tehniki talabynda göz öňünde tutulan gigiýeniki howpsuzlygyň görkezijileri boýunça bellenen barlaghanalarda gözegçiligi geçýär we önümiň şu görnüşi üçin arassaçylyk kadalaryna hem-de ölçeglerine laýyk gelýär.

Agaçlaryň gymmatly görnüşlerinden dürli görnüşdäki gapylary, parketleri we plintuslary öndürýän kärhanalaryň önümleri giň görnüşde hödürlenilýär. Sergide önümlerini hödürleýän kärhanalaryň hatarynda “Postawa mebel merkezi” kärhanasy, “OKA” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, “STROÝMIR” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, “Bellesizdeliýe” kärhanasy bar. Bu kärhanalaryň önümleri ygtybarly tehnologiýa boýunça öndürilýär, estetiki daşky görnüşi bilen tapawutlanýar we hil babatda bildirilýän talaplara laýyk gelýär.

Sergä ýaşajyk gatnaşyjylary we olaryň ata-enelerini “PP Polesiýe” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet tarapyndan öndürilýän, öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen ekologiýa taýdan arassa materiallardan ýasalan ýokary hilli plastmas we ýumşak oýnawaçlar gyzyklandyrýar. Olar aýdyň reňk öwüşgini, gaýtalanmajak bezegi bilen tapawutlanýar we eýýäm Russiýanyň, Belarusyň, GDA ýurtlarynyň we Ýewropanyň bazarlarynda oňat taraplaryny görkezdiler. Önümleriň müňden gowragy ata-enelere çaganyň boş wagty we ösüşi bilen baglanyşykly wezipeleri çözmäge kömek edýär, olaryň hatarynda piramidalar, konstruktorlar, ösüşi üpjün edýän oýunlar, çäge bilen oýnalýan toplumlar, mehaniki oýnawaçlar bar.

Belarusyň agajy gaýtadan işleýän pudaklarynyň paýy takmynan respublikanyň senagat önümçiliginiň düzüminde iki göterime barabardyr we dürli görnüşleri: agaç byçglanyp alynýan materiallary, fanerleri, mebelleri, bir ülňüli öýleri hem-de agaçdan gurluşyk detallaryny, otluçöpleri öndürmegi özünde jemleýär.

Belarus Respublikasynyň agajy gaýtadan işleýän esasy kärhanalarynyň hatarynda “Gomeldrew” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Minsk mebel” açyk paýdarlar jemgyýeti bar, olar beýlekileriň hatarynda öz önümlerini hödürleýärler. Häzirki zaman tehnologiýalaryny nazara almak bilen ulanylýan mebel öndürmekdäki köp ýyllyk tejribe, iň täze bezegçilik işläp taýýarlamalary, hil ülňüleri kärhanalara içerki bazarda satuwlaryň möçberlerini artdyrmaga hem-de geografiýanyň giňelmegi we eksportda önüm ibermegiň artmagy boýunça işi üstünlikli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Esasy önümler—munuň özi ekologiýa tadan arassa materiallary peýdalanmak bilen elin agaçdan ýasalan korpus mebelidir, ýokary hilli toplaýjy önümlerdir we esasy önüm öndürijileriň goşmaça önümleridir. Kärhanalar sergi ýarmarkasynda myhmanhana zallary, ýatylýan otaglar, hollar, myhmanhanalar üçin häzirki zaman ulanarlykly, amatly mebeli hödürlediler.

Mälim bolşy ýaly, Belarus Respublikasynda ýeňil senagat örän ösendir, ol ýurduň ilatyny ýokary hilli modaly harytlar bilen elýetli nyrhlar boýunça giň görnüşde üpjün edýär. Ýurt boýunça tutuşlygynda alnanda ýeňil senagat kärhanalarynyň 500-e golaýy işleýär, olar önümleriň 5 müň gowragyny öndürýär. Bu pudagyň eksporta ugur almagyň ýokary derejesine eýedigini hem belläp geçmeli. Birnäçe ýyllaryň dowamynda “Orşa kenep kombinaty” kärhanasy, “Lenta” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Milawisa” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Komintern” açyk paýdarlar jemgyýeti we beýleki kärhanalar eksport edýän esasy kärhanalar bolmagynda galýar, olar hem türkmenistanlylara öz önümlerini görkezýär.

Serginiň mowzuklaýyn bölümlerinde Belarusyň iri kärhanalary tarapyndan öndürilýän parfýumeriýa we kosmetika, durmuş himiýasy önümleri hem hödürlenýär.

Türkmen önüm öndürijileri öz önümlerini görkezdiler, olar ýarmarkada has giňden beýan edildi, şolar import edilýän önümlere mynasyp bäsleşigi üpjün edýär. Ýarmarkada hödürlenen ýurdumyzyň harytlarynyň sanawynda eksporta ugur alan trikotaž we jinsi matalary, taýýar tikinçilik hem-de dokma önümleriniň dürli görnüşleri, türkmen halylary, himiýa senagatynyň hem-de beýleki möhüm pudaklaryň önümleri aýratyn orny eýeleýär.


Sergide önümlerini görkezýänleriň hatarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň derman önümlerini, bejeriş—içimlik suwlaryny, bejeriş palçygyny we deňiz duzuny, ýodly taýyjyklary we ýodly galamlary hem-de beýlekileri öndürmäge ýöriteleşen önümçilik birlikleri bar. Bejeriş fito-çaýlar hem sergi ýarmarkasyna gelýänleriň ünsüni çekýär, olar Türkmenistanyň çäklerinde ösüp ýetişýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda öndürilýär.

Azyk önümleri ulgamynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Döwlet azyk senagaty birleşigi, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi tarapyndan hödürlenen et, süýt, süýji-köke, çörek-bulka önümleri, alkogolly we alkogolsyz içgiler, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän toplumyň harytlary giňden hödürlenýär.

Syýahatçylyk senagatyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ekspozisiýasy sergi--ýarmarkasyna gatnaşyjylarda ägirt uly gyzyklanma döretdi. Bu ýere gelip görýänlere häzirki wagtda biziň ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän uly möçberli taslamalar bilen, şol sanda Hazar deňziniň kenar ýakasynda dünýä derejesindäki şypahanany--"Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik berildi. Bu ýerden biziň ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşen özboluşly taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikler barada maglumatlary almak mümkindir.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen çäreler netijesinde Türkmenistanda oba hojalyk we azyk senagatyndan gurluşyk senagatyna çenli dürli ugurlarda ýöriteleşen hususy haryt öndürijileriň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki sergi-ýarmarkasynda hem muňa göz ýetirmek münkindir, şonda söwda hatarlarynyň ep-esli bölegi ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň kärhanalaryna, kompaniýalaryna degişli edildi.

Ýokary hilli, konserwantlaryň bolmazlygy we diňe elin ekologiýa taýdan arassa çig malyň peýdalanylmagy, şeýle hem ähli önümleriň halkara bäsleşiklerinde köp sanly sylaglar bilen ençeme gezek bellenilmegi hödürlenen ähli harytlaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýandygyny hem bellemek zerurdyr.

Sergi-ýarmarkasynyň pawilionlarynyň birinden Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri hakynda gyzyklanylýan maglumatlary hem almak mümkindir.

...Munuň özi paýtagtymyzyň “Çandybil” söwda merkezinde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň Sergi--ýarmarkasynda öz önümlerini hödürleýän kärhanalaryň doly sanawy däldir.

Forum 20-nji dekabra çenli öz işini dowam etdirer.