Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler minitsrliginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegine bagyşlanylan maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, käbir ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, käbir ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu Rezolýusiýa şu ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde biragyzdan kabul edildi.
Bu buýsançly ýagdaý bolup, ýokarda agzalan resminamanyň awtordaşlary hökmünde Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň köpüsi, şeýle hem Ýewropa, Latyn Amerikasy we Afrika ýurtlary – jemi 66 döwletiň çykyş etmegi Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň ählumumy goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Şunda bu Rezolýusiýanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek hakyndaky teklibi resmi taýdan berkiden ilkinji resminamasy bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň adyndan Türkmenistanyň bu möhüm halkara başlangyjynyň biragyzdan goldanylandygy üçin BMG-niň ähli agza ýurtlaryna hoşallyk beýan edildi.
Awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny intermodal logistika merkezleriniň we gury ýer portlarynyň üsti bilen birleşdirýän ulag ulgamynyň kemala gelmeginiň esasyny goýýan bu resminamanyň düzgünlerinde 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen paýtagtynda geçirilen ýokary derejedäki Halkara maslahatyna jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň esasy ugurlary beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilen bu wekilçilikli maslahatyň gün tertibine dünýä ykdysadyýetiniň strategiki pudaklarynyň biri we ählumumy durnukly ösüşiň hökmany şerti bolup durýan ulag-üstaşyr ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi, ulag-üstaşyr ulgamynyň ösdürilmegi bolsa dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradylan Aşgabat jarnamasy şu ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas boldy.
Rezolýusiýa ekologiýa taýdan amatly howpsuz, netijeli, ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň harytlaryň we adamlaryň ondan-oňa amatly geçirilmegi hem-de durnukly ykdysady ösüşi goldamakda, halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýetini ykrar edýär. Bu babatda resminamada halkara awtomobil we demir ýollarynyň, gatyşyk ýük gatnawlarynyň we içerki ulag terminallarynyň logistik merkezleriniň ornuna, ählumumy logistikanyň we üpjün etmegiň ugurlaryna, ulag görnüşleriniň goşulyşmagyna, degerli tehnologiýalaryň, tehniki taýdan hyzmat etmegiň we düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň, päsgelçiliksiz halkara üstaşyr gatnawlaryny üpjün etmekdäki ähmiýetine aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň düzgünleriniň uly ähmiýete eýedigini görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda kabul edilen we durmuşa geçirilýän iri möçberli hem-de uzakmöhletleýin milli maksatnamalar ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendigi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ulagyň ähli görnüşleriniň kärhanalary üçin iň häzirki zaman tehnikasy we enjamlar yzygiderli satyn alynýar, awtomobil we demir ýollarynyň, beýleki düzümleýin desgalarynyň gurluşygy işjeň alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň çäginde iri ulag merkezlerini kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň biridir. Täze howa menzilleriniň, halkara demir portlarynyň, awtomobil we demir ýol menzilleriniň bina edilmegi bu başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.
Şunda ulag pudagyny ösdürmegiň milli strategiýasy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu bolsa öz nobatynda, häzirki döwrüň geosyýasy we geoykdysady ösüş zerurlyklary we meýilleri bilen şertlendirilendir.
Biziň ýurdumyz bu ulgamda özara hyzmatdaşlyk meselelerinde, şol sanda BMG-niň we beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmekde işjeň orun eýelemek bilen, iri düzümleriň taslamalaryny öňe sürýär we daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen bilelikde olary durmuşa geçirmek bilen bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we pugtalandyrmaga uly goşandyny goşýar. Olaryň hatarynda şu ýylyň 3-nji dekabrynda goňşy ýurtlaryň üçüsiniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Gazagystan-Türkmenistan –Eýran transmilli demir ýolunyň gurluşygyny görkezmek bolar. “Orta Aziýa—Ýakyn Gündogar” täze ulag geçelgesiniň taslamasy munuň mysaly bolup biler, oňa goňşy ýurtlaryň birnäçesi taslama gatnaşmak maksady bilen uly gyzyklanma bildirýär.
Merkezi Aziýanyň çäklerinden geçýän sebitleýin we Demirgazyk-Günorta hem-de Gündogar-Günbatar sebitara ýollarynyň çatrygynda geografiýa taýdan amatly ýerleşmek bilen, Türkmenistan ägirt uly üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerine eýedir we ony doly derejede peýdalanmaga çalyşýar. Türkmen Lideri tarapyndan yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilýän döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasat netijesinde Bitarap Türkmenistan anyk başlangyçlar bilen yzygiderli ýagdaýda çykyş edýär, olar ählumumy ykrarnama eýe bolýar hem-de sebit we ählumumy möçberde hoşniýetli goňşuçylygy we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Merkezi Aziýa üçin Modal awtomobil ýoluny döretmek boýunça başlangyç hem şol teklipleriň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, şol sanda Ýewropa Ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy, şeýle hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Awtomobil ulaglary halkara birleşigi, Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesi boýunça Hökümetara topary we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belläp geçmek gerek.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur alyp, ulag ulgamynda halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda öz konsepsiýasyny kemala getirdi. Onuň esasy maksady ylmy taýdan esaslandyrylan we bu ulgamda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nusgasyny döretmek nukdaýnazaryndan täsirli guraly dünýä derejesinden ilerletmekden ybaratdyr. Şunda halkara ulag, üstaşyr gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we işjeňleşdirmek üçin degişli şertleriň toplumynyň döredilmegi zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sentýabr aýynda geçirilen Aşgabat forumynda çykyş etmek bilen, Türkmenistan XXI asyryň ählumumy ulag strategiýasynyň goşulyşmak strategiýasydygyna, döwletleriň we sebitleriň geografiki we düzümleýin kuwwatlyklarynyň birleşdirilmegine, tehniki we tehnologiki mümkinçilikleriniň jebisleşdirilmegine gönükdirilendigine berk ynanýar. Geljek ulag gatnawynyň jebis ulgamyny döretmäge degişlidir, iri halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa gatnawlaryna çykylmagy bilen, olaryň oňaýly jemlenmegini hem-de olaryň her biriniň artykmaçlygyny peýdalanmak bolup durýar. Türkmenistan bu meselelerde öz çemeleşmelerini kemala getirip, ozaly bilen Merkezi Aziýany häzirki döwrüň ählumumy ösüşiniň aýrylmaz we örän möhüm bölegi hökmünde göz öňünde tutýar.
“Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” laýyklykda, biziň ýurdumyz Ýewropanyň, Aziýa--Ýuwaş ummany we Günorta-Aziýa ykdysady ulgamlarynyň özara birleşmeginiň yklymüsti ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenendir. Bu uzakmöhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary ykdysadyýetiň we ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan isleglerini doly möçberde üpjün etmäge ukyply bolan ulag-aragatnaşyk toplumyny okgunly ösdürmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýokarda görkezilen maksatnamada bu ulgamyň öňde goýlan esasy wezipeler hökmünde dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda birleşdiriji gatnaw ýollary bolup durýan esasy ýollaryň ugrunda milli düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek wezipeleri kesgitlenildi diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde çykyş etmek bilen ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi aýdandygyny ýatladýarys. Bu teklibi iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Hökümeti Awtomobil ulaglary halkara birleşigi bilen bilelikde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we guramalarynyň, ÝHHG-niň hem-de TRASEKA-nyň ýardam bermeginde Hazar deňzi we Merkezi Aziýa sebitinde ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan Halkara maslahatyny geçirdi. Bu başlangyçlary ilerletmek maksady bilen, türkmen tarapy birnäçe halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda geçen ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiň çäklerinde Nýu-Ýorkda ýokary derejeli çäre geçirdi, onuň gün tertibine ulag ulgamynda 2015-nji ýyldan soň, Ösüş maksatnamasy babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri boýunça meseleler girizildi.
Biziň ýurdumyzyň başlangyçlary abraýly halkara guramalarynyň ýokary baha bermegine eýe boldy, ol guramalaryň ýolbaşçylary we ýokary wezipeli wekilleri 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda geçirilen ýokary derejedäki Halkara Aşgabat maslahatynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň ulag geçelgelerini ösdürmekde, täze, uzak geljege gönükdirilen ählumumy ykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygyň täze derejesini kemala getirmekde öňdäki orunlarynyň birini eýeleýändigini nygtadylar.
Şeýle hem Aşgabat forumynyň çäklerinde birnäçe resminamalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Awtomobil ulaglary halkara birleşiginiň arasynda Türkmenistanyň çäginiň üstünden geçýän Ýewraziýa awtoulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Biziň ýurdumyz şeýle hem ýewraziýa demir ýol gatnawlaryny we bitewi demir ýol hukugyny döretmek boýunça hem-de 2013-nji ýylyň fewral aýynda Ženewada kabul edilen ýewraziýa ulag gatnawlaryny ösdürmegiň geljegi baradaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek arkaly goşulyşdy.
Bularyň ählisi Türkmenistanyň täze sebit we sebitara ulag aragatnaşyk düzümlerini kemala getirmekde ynamly möhüm orny eýeleýändigini şaýatlyk edýär, bu düzümler bolsa ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Biziň ýurdumyz tarapyndan başy başlanan we hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy muny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem Owganystan-Türkmenistan –Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr ulag geçelgesini döretmek baradaky taslama hem örän möhüm ähmiýete eýedir, ol geljekde häzirki zaman yklym ulag ulgamynyň bitewi bölegi bolmak bilen, gatnaşyjy döwletleriň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin täze mümkinçilikleri döreder we şol bir wagtyň özünde Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam eder.
Bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahatda çykyş edenler getirilen mysallaryň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürmekdäki ähmiýetini aýdyň görkezýändigini nygtadylar. Şunda bu köptaraplaýyn resminamanyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi BMG-niň ähli agza döwletleri hem-de durnukly ösüş meseleleri boýunça gönüden-göni iş alyp barýan halkara guramalary, şeýle hem ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga degişli iş alyp barýan ýöriteleşdirilen düzümler bilen ýakyn aragatnaşykda amala aşyrjakdygyny nygtadylar.
Hususan-da, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins bu Rezolýusiýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin möhüm ähmiýetini, şeýle hem ulag geçelgeler ulgamynyň ösdürilmeginiň hasabyna Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine goşmaça kömek bermekde ähmiýetini belledi.
Şeýlelikde, biziň ýurdumyz müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny özara baglanyşdyran we adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde ägirt uly ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine örän işjeň gatnaşyp, sebit we ählumumy derejede abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.