Ï Daşary ýurt maýa goýumlary – milli ykdysadyýetiň ösmegine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurt maýa goýumlary – milli ykdysadyýetiň ösmegine

view-icon 7382
Umumy kabul edilen ölçeglerden daşlaşyp, Türkmenistanda pes maýa goýum töwekgelçilikde oňaýly maýa goýum ýagdaýlary döredildi. Bu ýurduň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegi; syýasy taýdan durnuklylygy; ýurduň Prezidentiniň yglan eden “açyk gapylar” syýasatyna esaslanýan oňaýly kanunçylyk-hukuk binýadynyň bolmagy; daşary ýurt maýadarlary üçin ýapyk pudaklaryň we sebitleriň bolmazlygy; ägirt uly tebigy baýlyklaryň bolmagy; hünär täýdan kämil işçi güýçleriň bolmagy; ösen önümçilik we durmuş infrastrukturanyň bolmagy; eksport we import üçin gowy mümkinçilikleri üpjün edýän geografiki taýdan oňaýly ýerleşmegi ýaly esasyny düzýän faktorlar bilen kesgitlenýär.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlary seljerilende soňky üç ýylyň dowamynda daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberiniň 2007-nji ýyldakydan takmynan 8-10 esse artandygyny görkezýär. Şunlukda bu döwürde daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy umumy maýa goýumlarynda 14-20% aralygynda bolýar.

Öz işini erkin ykdysady zolaklarda amala aşyrýan maýadarlar, hususan-da “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde işleýän daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistanda has oňaýly şertlerden peýdalanýarlar. Mundan hem başga ýurtda erkin telekeçiligiň birnäçe territorial ykdysady zolaklary, şeýle hem pudaklaýyn derejeli erkin ykdysady zolakly kärhanalaryň birnäçesi hereket edýär.

Ylalaşykly görnüşler – şertnamalar, Önümi paýlaşmak hakynda şertnama (ÖPŞ), Hyzmat ediş şertnamalary; Halkara karz pul berilmeleri; bilelikdäki kärhanalaryň (BK) döredilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmegiň esasy mehanizimleri bolup durýar.

ÖPŞ düzgüni roýaltiniň aňrybaş gatnaşygyny, kompensasion önümleriniň çäklerini we önümleri deň paýlaşmagy saýlap almaga we olaryň üýtgeýän görnüşli bolmagyna mümkinçilik berýär. Onuň netijesinde bolsa köp ýyllaryň dowamynda taslamanyň ykdysadyýetiniň çeýe bolmagy we öňünden kesgitlenmegini üpjün edilýär. Türkmenistanda ÖPŞ-ň şertlerinde daşary ýurt kompaniýalaryna – maýadarlara berilen ygtyýarnamalaryň çäklerinde Hazar deňziniň türkmen kenarynda we gury ýerlerde birnäçe taslamalar amala aşyrylýar.


Daşary ýurt maýalaryny çekmegiň esasy we gelejegi uly bolan ugurlarynyň biri hem Hazar deňziniň türkmen kenarynyň deňiz ýataklaryny işläp taýýarlamak bolup durýar. Muny bu ulgamda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýan «Dragon Oil» (BAE-Beýik Britaniýa), «Petronans» (Malaýziýa), RWE (Germaniýa), «Итера» (Russiýa) ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň üstünlikli amala aşyrýan tejribeleri tassyklaýar. «Burren Energy» britan kompaniýasy, «Eni» italýan konserni, we «CNPC» hytaý kompaniýasy ÖPŞ esasynda materik uglewodorod ýataklarynda taslamalary ýerine ýetirýärler.

2014-nji ýylyň jemleri boýunça nebitiň ýarysy töweregi we gazyň bäşden bir bölegine golaýy bilelikdäki we daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan gazylyp alyndy. Biziň ýurdumyzyň kenarynda nebit çykarylyşyna goýulan daşary ýurt maýa goýumlarylary eýýäm 10 milliard amerikan dollaryndan hem geçdi we bu ösmegini dowam edýär.

Biziň ýurdumyz daşary ýurt kompaniýalary bilen nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda iri şertnamalaryň birnäçesini baglaşdy. Täze iri desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmagy we olaryň ulanmaga berilmegi bilen möçberleriň artmagyny we nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny 80-den 92 göterime çenli ýokarlandyrmagyny üpjün etjekdigini hünärmenleriň hasaplamalary görkezýär.


Hususanda, ýapon we koreý kompaniýalary tarapyndan her biriniň kuwwatlylygy 600 müň tonna bolan tebigy gazdan benzin öndürýän iki sany desga, gazdan kuwwatlylygy 2,6 million tonna bolan dizel ýangyjyny we awiasiýa kerosinini öndürýän desga, ugurdaş gazdan sintetiki nebiti öndürýän desga, bir sany her ýylda 381 müň tonna polietileni we 81 müň tonna polipropileni öndürýän iri desga gurulýar. Şeýle hem Hytaý kompaniýalary tarapyndan gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň ikisi guruldy.

Türkmenistanda birnäçe maýa goýum maksatnamalaryna we taslamalaryna karz pul bermäge we maliýeleşdirmäge halkara maliýe institutlary işjeň gatnaşýarlar. Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky taslamalaryň 30-dan gowragyny maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Türkmenistanyň hökümetiniň Halkara täzeleniş we ösüş banky bilen ylalaşygy boýunça amala aşyrylýan Türkmenbaşynyň deňiz portynyň döwrebaplaşdyrylmagy maýa goýum taslamalaryň biri bolup durýar. Yslam ösüş banky we Aziýa ösüş banky Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmäge gatnaşdylar.

2014-nji ýylyň maý aýynda Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Şweýsariýanyň maliýe institutlar birleşmeleri bilen Gyýanly şäherçesinde polietileni we polipropileni öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça 2,5 milliarddan gowrak amerikan dollaryny karz bermek ylalaşygyna gol çekişlik bolup geçdi.

Bilelikdäki we dürli görnüşli guramaçylyk hukuk formalarynyň döredilmegi, paýdarlary goşmak bilen, Türkmenistanyň dünýä ykdysady hojalygyna goşulyşmagyna mümkinçilik berýär, bazar infrastrukturasyny döretmekde uly ähmiýete eýe bolýar, biziň ýurdumyza täze tehnikalary we tehnologiýalary, halkara marketinginiň häzirki zaman usullaryny we öňdebaryjy dolandyryş tejribesini çekmäge, öndürilýän önümleriň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Olar göni daşary ýurt maýalaryny çekmek faktory hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.


Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda 800-den gowrak bilelikdäki kärhanalar we daşary ýurt kärhanalary hem-de 70-den gowrak döwletleriň daşary ýurt kärhanalarynyň bölümçeleriniň we wekilhanalarynyň 1000-den gowragy hasaba alyndy. Daşary ýurt maýadarlary üçin işleriň gurluşyk, senagat, hyzmatlar, şeýle hem söwda görnüşleri esasy ugur bolup durýar.

Biziň ýurdumyzda işleýän bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalarynyň işleriniň ykdysady görkezijileri barada aýtmak bilen, ilkinji nobatda, senagat önümleriniň möçberiniň we 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende edilen hyzmatlaryň 11 esse töweregi, maýa goýumlaryň – 10 essä golaý artandagyny nygtamalaydyrys. Daşary ýurt kompaniýalary ykdysadyýetiň döwlete degişli däl bölegi boýunça esasy kapitala maýa goýumlarynyň umumy möçberinden 96% gowragyny hususy serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak bilen, gazylyp alynýan senagata daşary ýurt maýa goýumynyň esasy akymlaryny üpjün edýärler.

Şeýle hem ykdysadyýetde işlere daşary ýurtlaryň gatnaşýan kärhanalarynyň sanynyň, şeýle hem onuň umumy işlerde paýynyň artýandygyny bellemelidiris. Soňky ýyllarda bu kärhanalarda işleriň sanynyň ýylda ortaça ösüş depgini 10% gowrak boldy.

Biziň ýurdumyzda taslama we gurluşyk, söwda-satyn alyş we üpjünçilik işleri ýaly pudaklarda köplenç bäsleşik esaslarda daşary ýurt firmalary bolan döwletler bilen şertnama baglaşmak giň gerime eýe boldy. Aýratyn hem gurluşyk pudagynda şertnamalaýyn görnüşler çalt depginler bilen ösýär. 2014-nji ýylda Türkmenistanda gurluşyga maýa goýumlaryň möçberi 51 milliard amerikan dollary boldy. Şunlukda gurluşyk-gurnama we beýleki düýpli işleriň hem-de hyzmatlaryň 50% daşary ýurt potratçylarynyň paýyna düşýär. Maýa goýumlaryny özleşdirmäge dünýäniň 25 ýurtlaryndan daşary ýurt firmalarynyň 140-dan gowragy gatnaşýar. Olaryň arasynda Türkiýe, Russiýa Federasyýasy, Fransiýa, Gazagystan, Beýik Britaniýa, Eýran, Ukraina we Hytaý ýaly ýurtlar uly işjeňlik görkezýärler.