“Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy Aşgabat-Ankara aralygyna ilkinji howa gatnawyny amala aşyrdy. “Boing-737-700” Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ugur aldy.
Ýolagçylardan başga hem türkmen-türk işewürler geňeşiniň agzalary, Aşgabadyň “Türkmenistan” kärhanasynyň wekilleri, teleýaýlymlaryň žurnalistleri, operatorlary we režissýorlary hem bu ilkinji uçuşa gatnaşdylar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda türk kompaniýalarynyň we firmalarynyň 600 töweregi işleýär. Täze ýylda türkmen awiatorlarynyň ilkinji täze howa ugruny Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherine açmagy simwoliki häsiýete eýedir diýip, türkmen-türk işewürler geňeşiniň başlygy Sefa Gomdeňiz belledi. Bu bolsa işewürlik hyzmatdaşlygy we gyzykly syýahatçylygy giňeltmek babatda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkider.
Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakärhanasynyň ýolagçy gatnadýan howa gämileriniň 13-si we hepdede bir sapar ýük daşaýan howa gämisi Aşgabatdan Stambula (Türkiýe) gatnaýar. Mundan hem başga, ýene-de bir uçuş Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden amala aşyrylýar. Şeýlelik bilen, türkmen awiaugurlary tarapyndan bu ugurda hepdede 2,5 müň töweregi ýolagçy gatnadylýar. Ýene-de bir zady belläp geçmeli, ol hem türkmen awiatorlary gijeki saparlary köp ýerli ähli amatlyklary bolan “Boing-777” uçarynda amala aşyrýarlar.
Öz nobatynda türk awiatorlary hem Stambuldan Aşgabada we yzyna hepdede şunça howa gatnawyny amala aşyrýarlar. Netijede bolsa iki dostlukly ýurtlaryň awiatorlarynyň umumy tagallalary netijesinde howa gatnawlarynyň 30 töweregini amala aşyrýarlar hem-de bäş müň töweregi ýolagçyny gatnadýarlar. Şu hepdeden başlap biziň awiakärhanamyz hepdede iki sapar Ankara ýolagçy gatnadar.
2014-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen bolan duşuşygynda özara howa gatnawy ulgamynyň meselelerine garalyp geçildi. Ynha indi iki dostlukly ýurtlaryň baştutanlarynyň tagallalary hakykata öwrülýär. Iki sany paýtagt şäherleriň – doganlaşan Aşgabadyň we Ankaranyň arasynda howa gatnawlary ýola goýuldy. Golaý wagtda Türkmenbaşydan Stambula howa gatnawlarynyň sany hem artdyrylar.
Özara howa gatnawlarynyň çalt depginler bilen ösmeginiň berk esaslary bardyr. Iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy ýokary depginler we onuň birnäçe ugurlar boýunça mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriniň barlygy bilen häsiýetlendirilýär. Uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkiýäniň işewürler toparynyň wekilleri Türkmenistanyň häzirki zaman gurluşynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Köp asyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary nazara almak bilen, gumanitar ulgamda hem özara gatnaşyklar uly ähmiýete eýe bolýar. Taraplaryň özara ylalaşyklary esasynda ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Türk tarapyndan türkmen ýaşlary üçin talyp orunlarynyň sany artdyrylýar. Eýýäm häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň talyplarynyň müňlerçesi Ankarada bilim alýarlar.
Türk paýtagtynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, onuň işewürler toparlary, Esenboga howa menziliniň müdüriýeti biziň wekillerimiz üçin gyzgyn duşuşygy guradylar. Halkara howa menzilinde mähirli sözler we iki ýurduň howa gatnawynda üstünlikleri arzuw edýän mitingde Ankara şäheriniň häkiminiň orunbasary Aeretin Boljalu, türkmen-türk işewürler geňeşiniň başlygy Sefa Gemdeňiz, terminalyň direktory Nuraý Demirer we beýleki mitinge gatnaşyjylar çykyş etdiler. Hususanda, howa menziliniň direktory Ismaýyl Selaý Mureý howa menziliniň şu ýylda ilkinji kabul edýän täze gatnawyň Aşgabat-Ankara gatnawydygyny aýratyn nygtady. Biz bu täze gatnawyň biziň strategiki hyzmatdaşymyz bolan Türkmenistanyň paýtagtyndadygyna örän şatdyrys. Bu ugurdan peýdalanýan dostlukly ýurduň ýolagçylarynyň sanynyň yzygiderli artjakdygyna uly ynam bildirýäris diýip nygtady...
Wekiliýetiň agzalary Türkiýäniň iň iri howa menziliniň biri bilen tanyş boldular. Geçen ýyl onuň hyzmatlaryndan 144 ugurlar boýunça uçan 11,2 million ýolagçy peýdalandy.
Ankaranyň Esenboga International howa menzili ýylda 5 milliondan 10 milliona çenli ýolagçy sany bilen howa menzilleri derejesinde Ýewropada iň gowy howa menzili diýlip ykrar edildi hem-de SKALITE OSCAR nyşany bilen sylaglandy diýip, hanym Demirer gürrüň berýär. – Howa ýük daşaýjy Assosiasiýasynyň abraýly baýragyny almak üçin howa menzili ýolagçylar bilen işleşmek, bölekleýin satuw etmekde, uçuşlaryň howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça ýokary görkezijilere eýe bolmalydyr. Türkiýäniň paýtagtynyň howa menzili bu görkezijileriň her biri boýunça ýokary ballara eýe boldy. Häzirki wagtda bu ýerden dünýäniň islendik şäherine gidip bolýar. Ynha, indi bolsa, göni uçuş arkaly bary-ýogy 2 sagat 40 minudyň dowamynda Türkmenistanyň paýtagtyna baryp bolýar.