Ï Awstriýaly myhman Tehnologiýalar merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awstriýaly myhman Tehnologiýalar merkezinde

view-icon 781
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň tehnologiýalar merkezine awstriýa işewürler wekiliýeti baryp gördi. Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabada Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň mejlisine gatnaşmak üçin geldi. Wekiliýetiň agzalary barlaghana – merkezi hem-de täze materiallaryň tehnologiýalarynyň sintezi barlaghanasyna, muzeýe we sport-türgenleşik zalyna baryp gördüler.


Awstriýaly myhmanlar barada bir söz bilen aýdanyňda, olaryň kompaniýalaryny işiň gözleg ugurlarynyň birleşdirýändigini belläp geçmelidiris. Meselem, Bertsch-Laska azyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty üçin maşynlary we enjamlary taslaýar we taýýarlaýar, MUT – dürli ugurly konweýer ulgamlaryny konstruirleýär we öndürýär, Burkert – barlag-ölçeg enjamlaryny öndürmekde dünýäde öňde barýar. Böhler Welding maýa goýum kompaniýasy orta we ýokary legirlenen materiallarda kebşirleme ulgamyny getirmekde öňdebaryjy bolup durýar, B&R dürli ugurlary awtomatlaşdyrmagyň serişdelerini öndürýär. Tehnologiýalar merkeziniň myhmanlary, Juwi Group kompaniýasynyň wekilleri türkmen alymlaryna B&R-den «Energy Data Manager» ulgamynyň awtomatlaşdyrylan serişdeleriniň kömegi bilen ýel, gün we biogaz elektrik beketleriniň uzakda ýerleşýän monitoringini döretmekde barada gürrüň berdiler. Bu operatorlara energiýany hakyky wagtda öndürilişini distansion aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik berýär.


Awstriýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri islendik nano-bio-, fizika-himiki seljermelerini geçirmäge mümkinçilik berýän Merkezi barlaghanada bolmak bilen, barlaghananyň üpjün edilişine we geçirilýän gözleg işlerine haýran galdyrdy. Myhmanlary täze materiallaryň sintez tehnologiýalary barlaghanasynda dürli materiallary – spektral elektrik-himiki ölçeg enjamlaryny synag etmek üçin ajaýyp enjamlar, nebiti we nebit önümleriniň analizatorlary gyzyklandyrdy. Bu barlaghanada ýerli çig malyň, fiziki-himiki, organiki we organiki däl çig malyň, polimer we kompozit materiallaryň aýratynlyklary, taýýar senagat önümleriniň, şeýle hem ýerli tebigy çig mallary ulanmak bilen önümleriň täze görnüşleriniň sintezini öwrenmek boýunça işler geçirilýär. Meselem, häzirki wagtda barlaghanada Garagum sähralygynyň çägesinden kremnini almagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanylýar.

Düýpli ylmy barlaglary talap edýän önümleri öndürýän Awstriýaly önüm öndürijiler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirip, tanyş bolan barlaghanalarynyň ikisiniň işine baha berdiler.