Türkmenistanyň paýtagtynda döwlet dolandyryş ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi «Microsoft» kompaniýasy bilen bilelikde guraldy.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň döwlet dolandyryşyna informasion-kommunikasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça utgaşdyryjy iş toparynyň agzalary, birnäçe ministrlikleriň we guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnanlaryň öňünde «Microsoft» kompaniýasynyň belli bilermenleri çykyş etdiler. Hususanda, maglumatlar howpsuzlygyny üpjün etmek we möhüm maglumatlar binýady goramak üçin kompaniýanyň maksatlaýyn meýilnamasy, dürli derejedäki dolandyryş gurluşlarynyň maksatnamasy görkezildi. Bilermenler ykdysadyýetiň dürli segmentleri we onuň bäsdeşlige ukyply mümkinçilikleri üçin innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleri; dolandyryşy serişdeler bilen optimizirlemek; telelukmançylygy ösdürmek we täze bilim-öwrediji maksatnamalary döretmek barada gürrüň berdiler.
Şeýle hem maslahatyň barşynda “Howpsyz şäheri” we “intellektual energiýa ulgamyny” döretmäge degişli bolan programmalaýyn üpjünçilik we çözgütleriň tanyşdyrylyşy geçirildi. 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýändigini nazarda tutup, Olimpiýa oýunlaryny geçirmekde, şol sanda 2014-nji ýylda Soçide geçirilen, ulanylýan «Microsoft» korporasiýasynyň tejribesine we işine bagyşlanyp ýörite tanyşdyrylyş geçirildi.
Maslahat oňa gatnaşyjylarda tejribeleri we bilimleri alyşmak üçin mümkinçilikleri berdi hem-de Türkmenistanda häzirki zaman resminama dolanyşygynyň giň ulgamyny döretmegiň ýolunda öňe ädilen ýenede bir ädim boldy.
Häzirki wagtda döwlet gurluşlaryny elektron iş önümçiligine işjeň geçirmek boýunça eýýäm birnäçe amaly ädimler ädildi: ministrlikler we guramalar, döwlet häkimiýet guramalary derejesinde maglumatlary geçirmegiň we toplamagyň ulgamy döredildi, optiki-süýümli torlar çekildi.