Ï Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkidilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkidilýär

view-icon 1083
Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäräni EYR-niň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeni merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilelikde guradylar.

Eýran Yslam Respublikasy—Türkmenistanyň ýakyn goňşusy we ykdysady hyzmatdaşydyr. Iki dostlukly ýurtlary dürli ugurlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň üstünlikli ösmeginiň girewi bolup durýan taryhy we medeni umumylyk birleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki goňşy döwletleriň taryhynda we medeniýetinde ençeme meňzeşlik bolup, olar bize XXI asyryň başynda asyrlaryň synagyndan geçen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we olary hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär.

Gumanitar ulgamda türkmen-eýran gatnaşyklary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda örän ysnyşykly medeni we ylmy gatnaşyklar ýola goýuldy. Olaryň çäklerinde ylmy maslahatlar, belli aýdymçylardyr we sazandalaryň döredijilik saparlary, sergiler we kino görkezmeler, Medeniýet günleri we beýleki bilelikdäki çäreler guralýar.

Geçen yylyň fewlynda Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçirildi. Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri hem goňşy ýurda yzygiderli baryp, biziň ýurdumyzyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrýarlar, dürli halkara maslahatlaryna, sergilerine we beýlekilere gatnaşýarlar. Her ýyl Galkynyş, agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň belli şahyrlaryndan, žurnalistlerinden, medeniýet işgärlerinden ybarat bolan wekilçilikli topary Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Ak tokaý obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň kümmetlerine zyýarat edýärler. 2014-nji ýylda bu ýerde beýik türkmen şahyry—akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygynyň hormatyna uly dabara guraldy.

Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edara--kärhanalaryň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary ýygnandylar. EYR-niň döredijilik wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamyna degişli edara--kärhanalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, aýdymçy sazandalar, suratkeşler, halk senetleriniň ussatlary girdi.

Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda EYR-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaegani çykyş edip, häzirki medeni çäre hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän taryhyna eýe bolan türkmen we eýran halklarynyň dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir diýip belledi. Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin hoşallyk bildirip, soňky ýylarda döwletara gatnaşyklarynyň, aýratynda söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda gatnaşyklaryň giňelýändigini kanagatlanmak bilen belledi.

Eýranyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary guramasynyň ýolbaşçysy, dostlukly ýurduň döredijilik wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Abuzar Ebrahimi Torkaman bu ýere ýygnananlary medeni çäräniň maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi indi däbe öwrülip, ol türkmen we eýran halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň hünär gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam edýär.

Dabara gatnaşyjylar iki ýurduň Baştutanlaryna--Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we EYR-niň Prezidenti Hasan Ruhanä köp ugurly hyzmatdaşlyk, goňşy döwletleriň arasyndaky özara peýdaly medeni gatnaşyklary giňeltmek babatda alyp barýan syýasatlary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Olaryň halklary agzybirlikde we ylalaşykda ýaşaýarlar.

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda EYR-niň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Belli eýran halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary onuň maksatnamasyny düzdi. Olar nusgawy dessanlardan ajaýyp sahnalary we gündogar şahyrlarynyň goşgularyna döredilen gadymy aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Şowhunly el çarpyşmalar öz halkynyň döredijilik däplerini nesilden-nesle geçirýän eýran artistleriniň ýokary ussatlygyna berlen baha boldy.

EYR-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda dostlukly ýurduň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty sergisiniň açylyş dabarasy bolar. Aşgatlylyar we paýtagtymyzyň myhmanlary belli erýan suratkeşleriniň, foto suratçylarynyň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň—hatdatlaryň, miniatýuraçylaryň, haşamlaýjylaryň, halyçylaryň, agaç we daş ussalarynyň işleri bilen tanşarlar.

Sergide däp bolşy ýaly, parç şygryýetiniň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini beýan edýän miniatýuralar, özboluşly heýkeller, agaçdan ýasalan zatlar, keramika, hatdatçylyk sungatynyň nusgalary, ýazgylary çeper taýdan bezemek, metal boýunça berçinleme we emala nagyş salmak, gobelenler, milli lybaslar, dürli sowgatlyklar we eýranly ussalaryň işleriniň beýleki görnüşleri görkeziler. Eýran sergisiniň eksponatlarynyň hatarynda goňşy ýurduň häzirki güni barada gürrüň berýän neşir önümleri, foto we wideo materiallar, şeýle hem görnükli türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň dürli öwüşginli neşirleri, Eýranyň medeniýeti we sungaty barada gürrüň berýän kitaplar, albomlar hem-de belli eýranly suratçylaryň we heýkeltaraşlaryň portretleri, okuw we ylmy—öwreniş edebiýatlar bar.

Eýran medeniýet günleriniň maksatnamasyna dürli döredijilik çäreleri hem girizildi. “Watan” kinokonsert merkezinde eýran döredijilik toparynyň çykyşlary guralar. Kino sungatynyň muşdaklaryna “Aşgabat” kino merkezinde eýranly kinematografiýaçylar bilen duşuşyk garaýşar, şol ýerde soňky ýyllarda dürli žanrlarda surata düşürilen çeper filimler görkeziler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde EYR-niň resmi wekiliýetini kabul etmegiň barşynda medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri 7-nji martda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde tamamlanar. Şol ýerde Iki dostlukly ýurtlaryň artistleriniň bilelikdäki konserti we çäräniň ýapylyş dabarasy bolar.

Döredijilik forumynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde biziň myhmanlarymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, muzeýleriniň gymmatlyklary we türkmen paýtagtynyň beýleki gözellikleri bilen tanyşýarlar.