Şu gün paýtagtymyzda Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň 66-njy mejlisi geçirildi. Oňa Orta Aziýa ýurtlarynyň—Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň agzalary dostlukly goňşy ýurtlaryň--gazanan netijeli gatnaşyklarynyň derejesine kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar tutuş sebit üçin möhüm bolan suw serişdelerini netijeli we tygşytly peýdalanmak ýaly meseläni çözmäge bolan çemeleşmeleri ylalaşmaga gönükdirilendir.
Hususan-da, şu mejlisde 2014-2015-nji ýyllaryň ösüşara döwrüniň netijelerine garaldy, şu ýyl üçin Amyderýanyň we Syrderýanyň howdanlaryndan suw almagyň paýlary we suw howdanlarynyň iş düzgüni tassyklanyldy, “Aral deňziniň suw serişldelerini toplumlaýyn dolandyrmagyň, peýdalanmagyň we aýawly saklamagyň maglumat-seljerme üpjünçiligi we döwletara maglumatlary alyşmagy guramak” atly hökümetara Ylalaşygynyň taslamasy we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise gatnaşyjylar Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň nobatdaky mejlisiniň meýilnamasyna garadylar, serhetýaka suw serşdelerini bilelikde dolandyrmak babatda geljekde hem hyzmatdaşlyk etmek barada aýtdylar hem-de toplanan tejribäni alyşmaga we degişli ugurda öňdebaryjy halkara tejribesini peýdalanmaga gyzyklanma bildirdiler.