Ï Hazaryň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazaryň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak ugrunda

view-icon 1440
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” ady bilen sebitleýin maslahat geçirildi. Hazarýaka ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň deňiz serişdelerini dolandyrmaga degişli bolan hünärmenleri üçin her ýylda geçirilýär. Türkmenistanyň DIM, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy Halkara ummanlar instituty bilen bilelikde bu çäräniň guraýjylary bolup çykyş etdiler. Bu sebitleýin maslahata Türkmen tarapyndan nebitgaz ulgamynyň, gidrometeorologiýanyň, balyk hojalygynyň, syýahatçylyk, tebigaty goramak, deňiz ulaglary, kazyýet ulgamlarynyň wekilleri çagyryldy.

Bu iki hepdelik okuw maslahatyny deňiz giňişligini dolandyrmak ulgamynyň halkara bilermenleri, halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlyk edýän ýewropanyň we amerikanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary iňlis dilinde geçirdiler. Halkara deňiz hukugy, ekologiýa, aralyk barlagynyň we geomaglumatlar ulgamynyň tehnologiýalary, kenarýaka zolaklaryny, deňiz giňişligini meýilleşdirmegi goşmak bilen, toplumlaýyn dolandyrmak şu ýylky okuw maslahatynyň temalary boldy.

Maksatnama Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan guralan “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy boýunça, deňiz kenarynyň ugry boýunça gezelençleri, Hazar döwlet goraghanasyna baryp görmegi öz içine alýar. Maslahat Hazarýaka ýurtlarynyň işiniň guralyşy we gurluşy bilen dürli guramalaryň wekillerini tanyşdyrýan meýdançasyna öwrüldi. Şeýlelik bilen, hazar deňzine degişli bolan döwletara şertnamalarynyň çäklerinde işlemek üçin hünärmenler taýýarlanylýar.

Bu okuw maslahatlary Türkmenistanyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň çäklerinde üçünji sapar geçirilýär. Türkmen hünärmenleri institutyň okuw merkezleri bolan Maltada we Kanadada yzygiderli bilim alýarlar. Okuw sapaklary deňiz giňişligini durnukly ösdürmek we dolandyrmak boýunça bäsleşikleri öz içine alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-nyň belent münberinde, “Rio+20” durnukly ösüş boýunça BMG-nyň maslahatynda, beýleki iri maslahatlarda Hazar deňzi bilen baglanyşykly, hazarýaka ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada özara bähbitli, balansirlenen çözgütleri işläp taýýarlak barada başlangyçlar bilen birnäçe gezek çykyş etdi.

Öz hünäri boýunça Hazar deňzi bilen meşgullanýan hünärmenleri toplumlaýyn taýýarlamak şeýle hyzmatdaşlygyň bir görnüşi bolup, onuň işi tebigaty, biodürliligi goramaga, onuň serişdelerini netijeli peýdalanmaga, ahyrynda bolsa, bütin sebitiň durnukly ösüşine gönükdirilendir.