Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gender deňligini gazanmakda üstünlikler” diýen şygar astynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlarynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagyna bagyşlandy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Hökümetiň agzalary, döwlet, ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle hem BMGÖM, UNFPA, UNISEF ýaly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýal-gyzlaryň alyp barýan köpugurly işlerini, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda işjeň orun eýeleýändigini bellemek bilen, zenanlaryň döwletiň we jemgyýetiň işlerine doly we deňhukukly gatnaşmagynyň üpjün edilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksada gönükdirilen syýasatynyň ýardam edýändigini nygtadylar. Jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugamlarynda Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň doly deňhukuklylygy, ýurdumyzyň Konstitusiýasy, kanunlary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalary tarapyndan berilýän ähli hukuklaryny we mümkinçiliklerini amala aşyrmagy kepillendirilendir.
Türkmenistanyň BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagyna ýokary baha bermek bilen, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we UNFPA-nyň ýurdumyzdaky wekili hanym Jasinta Barrins bu wakanyň dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň bu möhüm ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň nobatdaky gezek ykrar edilmegine şaýatlyk edýändigini belledi. Zenanlaryň ýagdaýyna degişli halkara kadalaryny we ýörelgelerini amala aşyrmagyň toplumlaýyn çäreleri netijesinde uly netijeleri gazanmak bilen, Türkmenistan bu ugurda beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşandyny goşýar. Biziň ýurdumyzyň BMG-niň bu düzümine saýlanylmagy degişli syýasaty, ölçegleri we kadalary dünýä derejesinde taýýarlamaga we işläp düzmäge gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Gender deňliginiň möhümdigi onuň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ählumumy ösüşiň maksatlarynyň biri hökmünde goşulmagynda jemlenýär.
Gender deňligini gazanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar: aýal-gyzlary döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynyň işine işjeň çekmäge, olaryň bilim derejesini we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli kanunlar yzygiderli kämilleşdirilýär, degişli maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar we amala aşyrylýar. Şu ýyl Türkmenistan 2015-2020-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny amala aşyrmaga girişdi. Bu resminama aýal-gyzlary jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna çekmek boýunça döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işine täze itergi berer.
Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa zenanlar hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny durmuşa geçirmäge, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamaga, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmäge mynasyp goşant goşmak bilen, geljekde hem ösüp gelýän nesli halkymyzyň ýokary ruhy-ahlak däplerine we milli gymmatlyklaryna laýyklykda terbiýelemek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Şu günki çäräniň çäklerinde guralan döredijilik toparlarynyň çykyşlary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi dabaraly maslahata baýramçylyk öwüşginini çaýdy.