Ï Türkmen-italýan işewürler maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-italýan işewürler maslahaty

view-icon 693
Paýtagtymyzyň “Mizan” täjirçilik merkezinde geçirilen nobatdaky türkmen-italýan işewürler maslahaty ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri jenap Maurisio Martinanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

Wekiliýetiň düzüminde Daşary söwda boýunça italýan agentliginiň (IСE), “Federunaсoma” oba hojalyk tehnikasyny öndürýän italýan federasiýasynyň, “Assofoodteс” assosiasiýasynyň, “Сonfagriсoltura”, “Agriсonsulting”, “Legaсoop Agroalimentare”, “INALСO”, “Masсhio Gaspardo S.p.A”, “Teсniсo AIA” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda nebitgaz ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň netijeli tejribesini toplan “ENI” kompaniýasynyň wekilleri hem bar.

Türkmen tarapyndan işewürler maslahatyna pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary we hünärmenleri, Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň pikirine görä, Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana bolan sapary we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýokary derejede geçirilen gepleşikler türkmen-italýan syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde täze tapgyry alamatlandyrdy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda nebitgaz pudagynda, energetika, gurluşyk ulgamlarynda, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gumanitar ulgamda we beýlekilerde hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň maý aýynyň başynda Italiýanyň Milan şäherinde dabaraly ýagdaýda açyljak “EKСPO — 2015” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi bermek babatda goşmaça mümkinçilik bolar. Bu serginiň esasy mowzugy oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmek bilen baglanyşyklydyr.

Italiýaly işewürleriň türkmen kärdeşleri bilen şu gezekki duşuşygy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň täze tekliplerini we çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda azyk ulgamynda özara haryt dolanyşygynyň hilini ýokarlandyrmaga, oba hojalyk pudagynda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň paýyny artdyrmaga ýardam etjek göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilendir.

Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri Maurisio Martinanyň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky işjeň ösýän gatnaşyklary nazara almak bilen, möhüm ähmiýete eýe bolan şu duşuşyk däp bolan daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny anyklamaga mümkinçilik berer. Bähbitleriň deňagramlylygyny, serişdeler we maýa goýum mümkinçiliklerini nazara almak bilen agrar ulgamy, oba hojalyk önümlerini we ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar.

Duşuşyga gatnaşyjylara görkezilen wideofilm Italiýanyň işewürler toparynyň wekillerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler, iri möçberli milli maksatnamalar hem-de taslamalar, Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmak ugruna eýerip, okgunly ösýän döwletleriň sanawynda mynasyp orny eýeledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy gönükdirilen möhüm çözgütleriň birnäçesine beslendi.

Italýan wekiliýetiniň agzalary milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň häzirki depginleri we aýry-aýry pudaklaryň ösüşiniň görkezijileri, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň meýilnamalary bilen tanşyp, esasy ugurlarda, şol sanda galla, gök we miwe önümlerini, maldarçylyk önümlerini öndürmek we ýerlemek ulgamynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga meýillidiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.

Öz nobatynda, türkmen tarapynyň wekilleri ýurdumyza öňdebaryjy tehnologiýalaryň we nou-haularyň çekilmegine, Italiýada öndürilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalaryň we enjamlaryň getirilmegine daşary söwda dolanyşygynyň artdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Forumyň çäklerinde italiýaly myhmanlaryň Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda uly mümkinçilige eýedigi bellenildi.