Ï Aşgabatda Halkara sergi-ýarmarkasy we maslahaty açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Halkara sergi-ýarmarkasy we maslahaty açyldy

view-icon 701
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII halkara ylmy maslahaty açyldy.

Dünýäniň onlarça ýurdundan köp sanly wekilleriň gatnaşmagynda guralan sergi we ýöriteleşdirilen maslahat ýurdumyzda atşynaslyk ulgamynyň üstünlikleri hakyndaky maglumatlaryň wagyz edilmegine, işewür we ylmy gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, Türkmenistanda bedewleri köpeltmek hem-de seýislemek ugruna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir.


Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde geçirilen sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ylmy we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V maslahatyna gelenleriň bardygyny bellemeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çäre mynasybetli iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Onda döwlet Baştutanymyz halkara sergi-ýarmarkasynyň hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII halkara ylmy maslahatynyň dünýä jemgyýetçiligini döwletimiziň atşynaslyk ulgamynda gazanýan üstünlikleri hem-de ýeten derejesi bilen tanyşdyrmakda, daşary ýurtly atşynaslar bilen tejribe alyşmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtaýar.


Häzirki döwürde dünýäniň atçylyk işewür düzümleriniň wekilleri Türkmenistanyň atçylyk pudagyna we atçylyk sporty ulgamynyň sazlaşykly ösýän ýurdy bolan döwletimize uly gyzyklanma bildirýärler.

Sergide Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gollandiýanyň, Wengriýanyň, Kanadanyň, Hindistanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Pakistanyň, Ukrainanyň, Belarusuň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür düzümleriniň hem-de sport guramalarynyň gymmatlyklary görkezilýär. Olaryň köpüsi önümlerini Türkmenistanda ilkinji gezek görkezýärler.

Sergide atçylyk ulgamy boýunça ähli ugurlar beýan edilýär. Olaryň hatarynda atçylyk sporty, tohumçylyk işi, at çapyşyklary, atşynaslyk, weterinar gullugy, at esbaplary, olaryň iými we goşundylary, weterinar serişdeler, athanalar üçin enjamlar, çapyksuwarlaryň lybaslary we aýakgaplary, sportuň dürli görnüşleri üçin niýetlenen enjamlar, atlara niýetlenen demir önümler bar. Şeýle hem sergide bezegçileriň, suratkeşleriň we dürli ýurtlardan gelen fotosuratçylaryň bedewlere bagyşlanan işleri, dürli sowgatlyklar görkezildi.

Şeýle hem bu giň möçberli gözden geçirilişe atçylyk sport toplumlaryny enjamlaşdyrmak bilen meşgullanýan, atlary daşamaga niýetlenen ulaglary çykarýan we olary getirýän, dürli ýöriteleşdirilen tehnikalary we enjamlary, lukmançylyk serişdelerini öndürýän, atçylyk ulgamy boýunça geçirilýän çärelere goldaw bermekde, çapyşyklary ýa-da atly marafonlary alyp görkezmekde hyzmatlaryny hödürleýän belli kompaniýalar, hususy çapyşyk klublary we pudak üçin hünärmenleri taýýarlaýan hünär okuw mekdepleri bar.


Sergide Türkmenistanyň bölümi has kaşaň we özüne çekiji derejede gurnalypdyr. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň bölüminde häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy bilen güýçli itergä eýe bolan pudagyň ösüşiniň esasy ugurlary, türkmen çapyksuwarlarynyň, seýisleriniň we atşynaslarynyň ähmiýetli ýaryşlarda gazanan baýraklary görkezilýär. Ýurdumyzyň paýtagtynyň hem-de her bir welaýatyň wekilleri atşynaslyk ulgamyna we ahalteke bedewlerine bagyşlanan gymmatlyklary taýýarlapdyrlar.

Döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlan kitaplary hem-de beýleki neşir önümleri, surat eserleri, bedewleriň heýkelleri we olara bagyşlanan surat eserleri sergide aýratyn orun eýeleýär. Şeýle hem sergide ýurdumyzda atçylyk sportuny we atly gezelençleri guramagy ösdürmegiň geljekki ugurlaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berýän maglumatlar bar.

Ýöriteleşdirilen at esbaplaryny, serişdelerini, haly we zergärçilik önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň naýbaşylary hasaplanýan bezeg şaýlarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan türkmen telekeçileriniň bölümleri özüne çekiji bolupdyr. Türkmen zergärleriniň işleri gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanýar.


Türkmen bedewleriniň şekili janlandyrylan surat eserleri sergide görkezilýän gymmatlyklaryň üstüni ýetirdi. Olarda baharda bellenilýän baýramçylyk dabaralarynyň ähli öwüşgünleri äşgär duýulýar.

Türkmenistanyň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary sergi-ýarmarkasynyň özboluşly bezegine we gaýtalanmajak dabarasyna öwrüldi. Uçganaklap duran ahalteke bedewlerine atlanan ýigitleriň we gyzlaryň özboluşly çykyşlary ýarmarka gatnaşyjylarda we onuň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

Serginiň maksatnamasynda gözden geçirişe gatnaşýan ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar we maslahatlar mynasyp orny eýeleýär. Atşynaslyk ulgamynyň sazlaşykly ösdürilýän ýurdy bolan Türkmenistan bu babatda öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçe ýörelgeleriň giňden çekilmegine uly gyzyklanma bildirýär.

“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII halkara ylmy maslahaty baýramçylyk çäreleriniň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Maslahat günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgünde geçirildi. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň guramagynda geçirilen maslahata dünýäniň onlarça ýurdundan belli alym-ippologlar, atşynaslar, biologlar, taryhçylar we etnograflar, daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Sergi köşgünde geçirilen halkara ylmy maslahat öz işini umumy mejlisden başlady. Onda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmen halky diňe bir dünýä ahalteke bedewleri ýaly tohumçylyk sungatynyň beýik eserini peşgeş etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu ajaýyp bedewleriň arassa ganlylygyny saklamagy başarypdyrlar we olaryň gaýtalanmajak häsiýetini, nesil ugurlaryny yzygiderli kämilleşdiripdirler.

Türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda gazanan netijeleri üstünlikleri açylyp görkezildi. Hut şeýle tagallanyň netijesinde ahalteke bedewleriniň gadymy şöhraty dikeldildi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn orun degişlidir. Milli Liderimiziň hut özüniň ýolbaşçylygy netijesinde bu pudak hil taýdan täze ösüşe eýe boldy we halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmen atşynaslyk ulgamyna we atçylyk sportuna, olaryň has-da öňe gitmegine döwlet tarapyndan işjeň goldaw berilmegi atçylyk pudagynyň dünýäde öňdäki orunlaryna çykmagyny şertlendirdi diýip, maslahata gatnaşyjylar bellediler.


Soňra maslahata gatnaşyjylar öz işlerini bölümçeler boýunça dowam etdiler. “Ahalteke bedewiniň dünýä atşynaslygyndaky tutýan orny” atly bölümçe Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirildi. Oňa köpsanly hünärmenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirilen bölümçede “Ahalteke bedewleri atçylyk sporty boýunça halkara bäsleşiklerinde” diýen mowzuk boýunça gürrüň edildi. Onda dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýöriteleşdirilen atçylyk klublarynyň bilermenleri hem-de wekilleri bu ugur boýunça çykyş etdiler.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda “Atçylyk pudagyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy” atly mowzuk boýunça bölümçäniň maslahaty geçirildi.

Türkmenistanda täze çap edilen we ahalteke bedewlerine bagyşlanan göwnejaý bezegli üç neşir maslahata we sergi-ýarmarkalara gatnaşyjylaryň hem-de myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. “Bedew bady dowamat nesilden-nesle geçýär”, “Älem saňa haýran türkmen bedewi” atly neşirler we türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde çap edilýän “behişdi bedewleriň” şöhratly taryhyna, olaryň geljegine, şeýle hem bu ajaýyp bedewleri saklamak hem-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan köp taraply işlere bagyşlanan “Behişdi ahalteke atlary” atly žurnalyň täze sany çapdan çykdy. Ajaýyp bezegli bu neşirler hünärmenlere bolşy ýaly, giň okyjylar köpçüligi üçin gyzykly bolar.

Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly “VII Halkara ylmy maslahaty 25-nji aprele çenli dowam eder. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan dabaralara we beýleki medeni çärelere gatnaşarlar.