Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň “Parahatçylyk we bitaraplyk” atly sebitleýin maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň bilelikde gatnaşmagynda guraldy.
Türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesini kabul etmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreleriniň çäklerinde maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna ýörite Halkara Federasiýasynyň Baş sekretary jenap Elhaj As Si, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň ýolbaşçylary geldiler.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň arasynda ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Parahatçylyk—bu diňe bir uruşlaryň bolmazlygy däl-de, eýsem, erkinlige, Garaşsyzlyga, milli özbaşdaklyga, deňlige we hormat goýmaga esaslanan ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky depginli hyzmatdaşlykdyr. Halkara jemgyýetçiliginiň bu iň ilkinji jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri ynsanperwer işleriniň manysyny hut şonuň ýaly kesgitleýärler. Türkmenistan hem bu guramanyň agzasy bolup durýar.
Bu ýere ýygnananlaryň çykyşlarynda hemişelik Bitaraplygyň şanly 20 ýyllygy—munuň täsin daşary syýasat gatnaşyklaryny, iki müňýyllygyň sepgidinde halkara gatnaşyklarynyň täze hiliniň kemala gelýän şertlerinde parahatçylyk döredijiligiň we hoşniýetli goňşuçylygyň giň mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirýän biziň Garaşsyz döwletimiziň taryhyndaky möhüm taryhy tapgyry alamatlandyrýandygy aýdyldy. Dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň ykrar edilen ýörelgeleri bolmak bilen, halkara hukuk derejesi geosyýasy bähbitleriň sazlaşmagynyň hakyky ýagdaýy bolup hyzmat edip, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýär.
Maslahatyň barşynda Milli Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň işlerinde Bitaraplygyň orny barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Biziň ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady abadançylyk we durnukly ösüş babatdaky netijeli halkara başlangyçlarynyň giň meseleleri boýunça halkara özara hereketleriniň kemala getirilmeginde ileri tutulýan daşary syýasat ugurlarynda işlenip düzülmegindäki ägirt uly oňyn tejribesi barada aýdyp, duşuşyga gatnaşyjlar Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde kabul edilen tebigy betbagtçylyklar bilen baglanyşykly howplaryň azaldylmagy babatda hereketleriň we strategiýalaryň meýilnamalarynyň kabul edilmeginiň işjeň tarapdary bolup durýandygyny nygtadylar.
Şu babatda BMG-niň howandarlygynda ýöritleşedirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegiň ähmiýeti bellenildi. Onuň esasy wezipeleriniň hatarynda dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz netijelere garşy hereket etmek boýunça sebitiň ýurtlaryna goldaw bermegiň maksatnamasyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek bolup biler. Bu ugurda sebit derejesinde tagallalary işjeňleşdirmek bilen Türkmenistan tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça hereketleriň milli strategiýasyny döretmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp düzmäge girişmegi meýilleşdirýär.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlara garşy durmagyň gurallaryny öwrenmek we ara alyp maslahatlaşmak boýunça yzygiderli esasda halkara duşuşyklaryny geçirmegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty, ýer ýüzündäki ähli ýurtlar üçin parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine işjeň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.