Ï Türkmenistan we ÝUNISEF 2016-2020-nji ýyllara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we ÝUNISEF 2016-2020-nji ýyllara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler

view-icon 760
1-nji iýunda dünýä jemgyýetçiligi, şol sanda Türkmenistan hem, Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Bu baýramçylyk biziň ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryna çuňňur hormatyň nyşanyna öwrüldi hem-de türkmen jemgyýetiniň häzirki döwürde däbe öwrülen ruhy çeşmeleriniň ýene-de bir beýanyna öwrüldi. Türkmenistan Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa tassyklap,Türkmenistan bu halkara resminamasynyň ýörelgelerini we kadalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Türkmenistan halkara guramalary bilen, ilki bilen BMG-niň çagalar gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Golaý geljekde hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalary we ugurlary barada Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Oýunsaýhan DENDEWNOROW gürrüň berdi:

- Biz Türkmenistanyň Hökümeti bilen soňky ýigrimi ýylyň dowamynda köp ulgamlarda hyzmatdaşlyk edip gelýäris. Ýakynda Türkmenistan BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça komitetine we Maýyplaryň hukuklary hakyndaky komitete ýurtda çaganyň hukuklaryny berjaý etmek boýunça döwletiň alyp barýan işlerini beýan edýän habarnamalary berdi. Bu işiň dowamy hökmünde çagalaryň bähbitlerini goraýan, baş wezipeleri we işleri amala aşyrmaga gönükdirilen Milli iş maksatnamasy kabul ediler. Maksatnamany 2015-nji ýylyň ortasyna çenli tamamlamak üçin bu mesele boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk alyp barýarys.

Türkmenistanyň Hökümeti ÝUNISEF bilen bilelikde birnäçe gözlegleri alyp bardy. Onuň netijesi çagalar babatda döwlet maksatnamalary işlenilip taýýarlanylanda halkara standartlaryna laýyk gelmeginde örän möhüm bolup durýar. Häzirki wagtda saglygy goraýyş, bilim we durmuş goraglylygy ýaly ugurlar boýunça çagalaryň arasynda klaster gözlegleri geçirilýär.

Bu babatda men bilelikde alyp baran işlerimiziň netijesinde gazanylan birnäçe üstünlikler barada aýdasym gelýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ÝUNISEF, ÝUNFPA (BMG-niň ilat gaznasy) we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlykda eneleriň, täze doglan çagalaryň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça Milli strategiýa işlenilip taýýarlanyldy. Geljekki ädim bolsa A witaminini bermek arkaly çagalaryň we zenanlaryň arasynda anemiýanyň öňüni almak boýunça mundan beýläkki edilmeli işleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi bolar.

Türkmenistanda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi hem-de çagalar iýmitini goramak we wagyz etmek hakynda Kanun hereket edýär. Şonuň üçin hem biz bu resminamany kämilleşdirmek maksady bilen, ene süýdüniň ornuny tutyp biljek önümleriň marketingini Halkara kodeksine laýyklykda tehniki ekspertiza berip bilsek begenjimiziň çägi bolmazdy.

Şeýle hem biziň gullugymyz Pediatriýany ösdürmek üçin Milli konsepsiýany işläp taýýarlandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýär we bu ulgamda ýurda iň gowy tejribeleri ornaşdyrmak boýunça taýýardygymyzy aýdasymyz gelýär.

Biziň gullugymyz mekdebe çenli ýaşly çagalara berilýän bilimleriň ähli çagalar üçin hilini ýokarlandyrmak we elýeterli bolmagy üçin ýokary derejeli tehniki goldawlary berýär. Çagalary halkara standartlaryna laýyklykda mekdebe taýýarlamagy güýçlendirmek üçin Bilim ministrligi ÝUNISEF-iň goldamagynda ene-ata merkezleri üçin mekdebe çenli berilýän bilimiň maksatnamasyny işläp taýýarlady. Çagalary terbiýelemekde, ösdürmekde we kiçilikden okatmakda sportuň we oýunlaryň örän uly orun tutýandygyny göz öňünde tutup, biz mekdebe çenli bilim bermek ulgamyna sport oýunlaryndan ybarat bolan synag kömeklerini berýäris.

Mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Hökümeti we ÝUNISEF 2016-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň täze maksatnamasyny işläp taýýarlandyklaryny belläp geçmelidiris. Bu maksatnama 2015-nji ýylyň iýun aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek Ýerine ýetiriji geňeşde garalar. Biz maýyp çagalaryň hukuklaryny herekete getirmek we çagalary kiçi ýaşdan ösdürmek üçin hyzmatlary giňeltmek boýunça Çagalaryň hukuk komiteti we Maýyplaryň hukugy boýunça komitetiň tekliplerini amala aşyrmakda hökümet bilen işleşmegimizi dowam etdireris.