Aşgabat, 18-nji iýun (TDH). Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň (DÖDK) mejlisi geçirildi. Bu komissiýa daşky gurşawy goramak ulgamynda we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagy we dolandyrmagy amala aşyrýar. Mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri DÖDK-niň ýolbaşçylyk ygtyýarlyklaryny 2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistana bermekdir, biziň ýurdumyz sebitde iri halkara guramalary bilen ekologiýa meseleleri boýunça döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň işjeň tarapdary bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň 13-nji iýunda Aşgabatda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde bu meselä aýratyn üns berlendigi şeýle hyzmatdaşlygyň örän möhüm bolup durýandygyny alamatlandyrýar, şol gepleşikleriň barşynda ekologiýa meselesi ählumumy durnukly ösüşiň üýtgewsiz şerti hökmünde hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi.
Mejlisiň işine gatnaşan köp sanly daşary ýurtly wekilleriň hatarynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň daşky gurşawy goramak we tebigatdan peýdalanmak boýunça döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň we esasy hünärmenleriniň wekiliýetleri, şeýle hem halkara guramalarynyň – BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň, Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasynyň we beýlekileriň wekilleri bar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň DÖDK-niň Aşgabatda ýerleşýän Sekretariatynyň we ylmy – maglumatlar merkeziniň ýardam bermeginde geçirilýän bu mejlisi geçirmäge taýýarlyk görmegiň çäklerinde iki günüň dowamynda türkmen paýtagtynda DÖDK-niň şu gezekki mejlisine gatnaşýan we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hereket edýän ähli wekiliýetleriň bilermenleriniň we wekilleriniň gatnaşmagynda deslapky iş maslahaty geçirildi.
Mejlisde Türkmenistanyň DÖDK -ä başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak meseleleriniň tutuş toplumy boýunça hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak sebitde bar bolan we ýüze çykýan ekologiýa meselelerini çözmekde toplanylan oňyn tejribäniň esasynda ösdürmegi, sebitiň ýurtlarynyň iri halkara guramalary, ozaly bilen BMG-niň, onuň daşky gurşawy goramauk we durnukly ösüş ulgamynda ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde bu ulgamda uly sepgitlere ýetilendigini kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden hem-de Rio-de-Žaneýro (Braziliýa) şäherinde geçirilen “RIO-20” Bütindünýä sammiti, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Sendaý (Ýaponiýa) şäherinde geçirilen Bütindünýä III maslahaty we Tegu şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen VII Bütindünýä suw forumy ýaly iri halkara maslahatlarynda yglan edilen anyk başlangyçlaryny bellediler. Häzirki döwrüň emele gelen ýagdaýlary bilen baglylykda Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy möhüm ähmiýete eýe bolýar, merkeziň işi üçin türkmen tarapy Aşgabatda degişli düzümi bermäge taýýardyr.
Şeýlelikde, DÖDK-niň çözgütleri bilen Türkmenistanyň üstüne ýurtlaryň howanyň üýtgemegi ulgamyndaky mümkinçiliklerine baha bermek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyny jebisleşdirmek wezipesiniň ýüklenmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ýurdumyzda howa üýtgemegi bilen bagly Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň kabul edilmeginiň çäklerinde Milli tokaý maksatnamasy üsütünlikli durmuşa geçirilýär, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň öňüni almak boýunça Milli meýilnama işlenip taýýarlanylýar, ol howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň we halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň oňa uýgunlaşmagy boýunça çäreleriň ähli ugurlaryny öz içine alar.
Bellenilişi ýaly, DÖDK-de başlyklyk etmeginiň barşynda Türkmenistanyň alyp barýan ähli işleri Merkezi Aziýanyň gaýtalanmajak daşky gurşawyny gorap saklamaga we onuň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmaga, sebitiň halklarynyň ykdysady we durmuş ösüşine ýardam bermäge gönükdiriler.
Mejlisiň jemleri boýunça DÖDK-niň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň institusional we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça Makastnama tassyklanyldy, şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmak we suwuň hiline gözegçilik etmek ulgamynda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we “ýaşyl ykdysadyýet” boýunça innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmak howanyň üýtgemegi we topragyň zaýalanmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça başlangyçlar babatynda degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda DÖDK-niň Döwletara komissiýasynyň mejlisine gatnaşan daşary ýurtly wekiller hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen topragynda mähirli garşylanandyklary, maslahatyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmäge berlen ýardam, sebitleýin we ählumumy durnukly ösüşe we özara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn daşary syýasat strategiýasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.