Ï Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasyna gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

view-icon 755
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Sauda bu ýurtda bolup geçen köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren betbagtçylyk zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, şeýle hem ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan edip, Saud Arabystanynyň ähli halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik dileg etdi.