Ï Buharestde “Ilçihanalaryň festiwalynda” Türkmenistanyň Bitaraplygy barada sergi görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Buharestde “Ilçihanalaryň festiwalynda” Türkmenistanyň Bitaraplygy barada sergi görkezildi

view-icon 719
Buharestiň Milli kitaphanasynda geçirilen “Ilçihanalaryň festiwalynyň” sergi meýdançasynda biziň ýurdumyzyň bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ekspozisiýasy görkezildi. Bu ýerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleri, amaly-haşam sungatynyň milli nusgalary ýerleşdirildi. Owadan haly we senetçilik önümleri, milli tagamlar, milli lybaslar we saz gurallary, ýurtda öndürilýän dokma önümleri görkezildi. Biziň ýurdumyzyň bu ýerde gurnan sergisine Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy şekillendirilen ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


Buharestde geçirilen “Ilçihanalaryň festiwalyny” Rumyniýanyň Daşary işler ministrligi bilim maksatnamalaryny öňe sürmek we medeniýetara gepleşiklerini guramak bilen meşgullanýan hökümete degişli däl – “Esku” Assosiasiýasy bilen bilelikde gurady. Festiwala dünýäniň 80-den gowrak döwletlerinden ilçihanalaryň, diplomatiki missiýalaryň, şeýle hem Rumyniýada işleýän halkara guramalarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara medeniýet çäresiniň çäklerinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary, filmleriň görkezilişi, milli lybaslaryň görkezilişi, tagamlary dadyp görmek, amaly-haşam sungatynyň sergisi we beýleki çäreler geçirildi. Bu çäre dünýä ýurtlarynyň halklarynyň medeniýetiniň, säp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny doly bahada görkezmäge gönükdirilendir.