Ï Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

view-icon 886
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda birnäçe täze desgalaryň, şol sanda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Munuň özi Aziada 2017-ä taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň bir tapgyryna öwrüldi. Milli Liderimiz täze iri senagat toplumlarynyň gurlyşygy boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen hem tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz daň säher bilen dikuçar meýdançasyna geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew häzirki döwürde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň, gurulýan dürli maksatly desgalarynyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti boljak giň möçberli yklym ýaryşlaryna taýýarlyk işleri tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden ak mermere beslenen Aşgabadyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri we paýtagtymyzy abadanlaşdyrmagyň depginleri, gök zolaklarda durmuşa geçirilýän çäreler bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň barşynda dürli maksatly binalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar.

Aşgabady ösdürmegiň bu tapgyrynda gurulýan desgalary ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň bina edýändigi bellärliklidir. Gurulýan desgalaryň hatarynda ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmalary esasynda ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, dükanlar we durmuş hyzmaty ulgamlary bar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýerinde döwrebap binalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän beýleki desgalaryň ýerleşiş aýratynlyklary, bu künjekde döredilýän tokaý zolaklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda-da bagy-bossanlygyň döredilmeginiň , şäheriň ekologiýa derejesiniň kada laýyk saklanmagy möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem paýtagtymyzyň bu künjeginde köp sanly sport desgalary guruldy. döwlet Baştutanymyz olaryň netijeli ulanylmagynyň we göwnejaý saklanylmagynyň möhümdigini nygtap, bu ugurda degişli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji tapgyrynda gurulýan dürli maksatly binalaryň ýokarsyndan öwrüm etdi. Aşgabat şäherini ösdürmegiň bu tapgyrynda bina edilýän desgalara ýurdumyzyň telekeçileriniň işjeň gatnaşýandygy guwançlydyr. Häzirki döwürde türkmen telekeçileri ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, gurluşyk ulgamynda has-da işjeňlik görkezýärler.

Döwlet Baştutanymyz gurulýan desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Soňra milli Liderimiz guşuçar belentlikden paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjeginde alnyp barylýan işler, hususan-da, Parahat-7 ýaşaýyş toplumyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, olaryň amatlylyk derejesi bilen gyzyklandy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň gerimi, bu künjegiň köçelerini abadanlaşdyrmak işleriniň barşy bilen gyzyklandy.

Milli Liderimiz paýtagtymyzda gurulýan köçeleriň, aýlawly ýollaryň, köp zolakly köprüleriň, ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeleriň, awtoduralgalaryň gurluşygynyň hil we bezeg aýratynlyklarynyň döwrüň talabyna laýyk gelmeginiň möhümdigine ünsi çekip bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýollarda ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur şertleriň üpjün edilmegi, şäherde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagy babatda degişli düzümler bilen netijeli işler alnyp barylmalydygyny belledi. Milli Liderimiz munuň özi “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde has-da möhümdigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz dikuçarda Köşi we Gurtly ýaşaýyş toplumlarynda alnyp barylýan işler, täze gurulýan binalar, olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň käbir etraplarynda Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek boýunça işlenip düzülen meýilnamanyň çäklerinde ýerine ýetirlýän işleriň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, wise-premýerden bu işleriň depginini güýçlendirmegi talap etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden “Täze zaman” obasynda alnyp barylýan işleriň depginleri bilen gyzyklandy. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň ilatyna niýetlenen iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny synlady. Milli Liderimiz olarda ýaşaýyş, oňaýly dynç almak üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini, ýaşaýyş jaýlarynyň mellek ýerlerinde maşgala üçin zerur bolan hojalyk işlerini alyp barmak ugrunda ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň täze howa menziliniň çäginde gondy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Mälim bolşy ýaly, döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sebitara we halkara ýollarynyň möhüm çatrygynda amatly orny eýeleýän ýurdumyzyň ägirt uly üstaşyr kuwwaty bardyr. Häzirki döwürde onuň doly durmuşa geçirilmegi üçin netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ulgamyň işini düýpli özgertmek bu ugurda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän çäreleriň möhüm bölegi bolup durýar. Munuň özi milli howa gullugynyň içerki we halkara ugurlarynda ýolagçy gatnatmakda hem-de ýük daşamakda möhüm orny eýeleýändigini aňladýar. Bu babatda Türkmenistanda anyk işler durmuşa geçirilýär.

“2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň maksatnamasy” pudagyň öňünde möhüm wezipeleri goýýar. Munuň özi täze howa menzillerini gurmakdan hem-de ozal hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmakdan, ugurdaş desgalary bina etmekden, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan, döwrebap uçarlary we beýleki zerur tehnikalary satyn almakdan, täze howa gatnawlaryny, şol sanda halkara ugurlaryny açmakdan, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

2013-nji ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy we tagallasy boýunça gurluşygyna badalga berlen Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menzilni ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanai Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy gurýar.

Döwlet Baştutanymyz täze howa menziliniň terminallarynyň birine bardy. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly täze binalaryň taslamalary we çyzgylary görkezildi.

Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň binalarynyň hem-de desgalarynyň taslamalary bilen bir hatarda, bu ýerde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigini abadanlaşdyrmak we desgalaryň içki bezeglerini ýerine ýetirmek boýunça birnäçe taslamalar, çyzgylar görkezildi. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan taslamalar bilen hormatly Prezidentimizi Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja tanyşdyrdy. Soňky ýyllarda ýurdumyza maşgala bolup gelýän syýahatçylaryň sany artýar. Olar üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen, “Polimeks” kompaniýasynyň howa menziliniň golaýynda gurmagy meýilleşdirilýän bu döwrebap myhmanhana toplumynda maşgalalar üçin niýetlenen otaglary bolan binany gurmaga taýýardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň belli “Polimeks” kompaniýasynyň ýurdumyzda gurulýan desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz bu teklibi oňlap, myhmanhanany kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna bina etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu myhmanhanada dünýäniň belli uçar kompaniýalarynyň edara binalarynyň ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gurluşykda alnyp barylýan işler we howa menziliniň desgalarynyň abadanlaşdyrylyşy bilen gyzyklanyp, ulag ulgamynyň ösdürilmeginiň häzirki döwürde geosyýasy ýagdaýyň, sebit we ählumumy möçberde durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge ukyply dünýä ulgamyna goşulyşmagyň möhüm şertidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän köp şahaly, köpugurly we howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi taryhy eýýamyň zerurlygydyr. “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi iri ulag-üstaşyr we yklym hem-de yklymüsti ähmiýeti bolan logistik merkez hökmünde çykyş edýän ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleri bilen şertlenendir.

Bu babatda sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyply Aşgabadyň Halkara howa menziline möhüm orun degişlidir. Ol dürli kysymdaky we dürli ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyplydyr hem-de şol bir wagtyň özünde olara halkara ölçeglerine laýyk hyzmaty üpjün eder. Taslamada ýolagçy, ýük terminallary, 3 müň 800 metr uzynlygy bolan täze uçuş-gonuş zolagy, goşmaça ýollar, duralga ýerleri we howa ulaglary üçin duralgalar, howa hereketiniň dolandyryş gullugynyň diňi, başga-da birnäçe degişli desgalar bar. Mundan başga-da, häzir hereket edýän uçuş-gonuş zolagyny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Täze howa menzili iň kämil enjamlar bilen üpjün ediler. Aerowokzal toplumynyň ýerleşýän ýeriniň umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabardyr.

Soňra milli Liderimiz howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, bu ýerde Aşgabada gelýän we paýtagtymyzdan ugraýan ýerli hem-de halkara howa ugurlarynyň ýolagçylary üçin ýokary derejedäki amatlylygyň, hyzmatyň üpjün edilmeginiň, menziliň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin degişli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň täze howa menzilinde ýolagçylar üçin amatly garaşylýan zallaryň, hasaba alyş bölümleriniň, eneler we çagalar üçin otaglaryň, maglumat tablosynyň, sorag-jogap bölüminiň, petek satylýan ýerleriň, goşlaryň saklanýan bölümleriniň, bankomatlaryň, ilkinji lukmançylyk kömegini berýän otagyň, restoranlaryň, duty-free dükanlarynyň hem-de beýleki bölümleriň boljakdygyny bellemeli. Şeýle hem bu ýerde uçarmanlar we üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin myhmanhana göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz howa menzilinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen gyzyklanyp, olar babatda birnäçe anyk teklipleri aýtdy. Paýtagtymyzyň howa menziliniň ähli babatda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelmelidigini, ilkinji nobatda bolsa, uçuşlaryň howpsuzlygynyň we ýolagçylar üçin aňrybaş hyzmatlaryň, şeýle hem toplumda ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmelidigini aýratyn belledi.

Milli Liderimiz binagärlik çözgütleri we toplumyň desgalarynyň bezeg aýratynlyklary barada aýyp, bu işde özboluşly çözgütleriň, öňdebaryjy meýilleriň, täzeçil tehnologiýalaryň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşmalydygyny nygtady. Şunda milli Liderimiz toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, gök zolaklara degişli idegiň üpjün edilişi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzili Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi” bolmak bilen, onuň sebit we halkara ähmiýetli möhüm ulag geçelgesi derejesine eýedigini belledi. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň amala aşyrýan howa ugurlarynyň sanawy ýyl-ýyldan artýar. Ol dürli ýurtlary we yklymlary öz içine alýar. Munuň özi bu giň möçberli düzümleýin taslamanyň durmuşa geçirilmeginde her bir işiň örän oýlanyşykly amala aşyrylmalydygyny, ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň seçilip alynmalydygyny, häzirki zaman inženerçilik-tehniki çözgütleriň göz öňünde tutulmalydygyny şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, degişli ýolbaşçylara Aşgabadyň täze howa menziliniň desgalarynyň gurluşygynyň ýokary hilli we bellenen möhletde ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçilik etmegi hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günbatar künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze söwda merkezi üçin bellenilen ýer böleginiň, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde guruljak iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyklaryň baş meýilnamalary bilen tanyşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň binasynyň taslamalary, Aşgabadyň iri ýaşaýyş toplumlarynyň birini döwrebaplaşdyrmagyň çyzgylary hödürlenildi.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz gurluşykda täzeçil tehnologiýalaryň we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň işjeň ulanylmagynyň zerurdygyny belläp, her desganyň ähmiýetine laýyklykda ýerine ýetirilen işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Hojamuhamedowyň we Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowyň haýyşy boýunça bu düzümleriň işgärlerine niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýer böleklerini kesgitledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden dikuçarda Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde tebigy gazdan benzin öndürmäge niýetlenen täze zawodyň gurulýan ýerine tarap ugur aldy.

Döwlet Baştutanymyz täze senagat toplumynyň gurulýan ýerine gelip gondy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň gazhimiýa pudagynyň iri desgasynyň düýbüni tutmak dabarasy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen ýylyň awgust aýynda geçirildi. Bu waka Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrdy. Munuň özi dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede peýdalanmagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow milli Liderimize täze zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, onda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň artykmaçlyklary barada hasabat berdi. Bu toplumyň gurluşygynda ýerli tebigy-howa şertlerini nazara almak bilen, şorlaşma we posa garşy durnukly gurluşyk serişdeleri ulanylýar. Şeýle hem bu ýerde halkara ölçeglerine doly kybap gelýän ýertitremä durnukly tehnologiýalar netijeli peýdalanylýar.

Bu ýerde bina edilýän senagat toplumynyň gurluşygyny “Türkmengaz” döwlet konserni hem-de Ýaponiýanyň “Kawasaki” we Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýalary bilelikde alyp barýar. Daniýanyň dünýä belli “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň iň täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryljak bu zawod her ýylda 1 milliard 782 million kub metr tebigy gazy gaýtadan işlär hem-de Euro-5 standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny öndürer.

Bu senagat desgasy dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumy bolmak bilen, tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürer. Zawody 2018-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şonda täze iş orunlarynyň 800-e golaýy dörär.

Daşary ýurtly maýadarlaryň gatnaşmagynda gurulýan döwrebap kärhana dünýä derejesinde örän jogapkärçilikli hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň iri işewür düzümleriniň hyzmatdaşlyk etmäge bolan ýokary gyzyklanmalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine laýyk gelýän oňyn daşary syýasaty ýöretmek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlara iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň, şol sanda şunuň ýaly ägirt uly senagat toplumlarynyň gurulmagyna işjeň gatnaşmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutanymyz zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, gurluşyk serişdeleriniň täze görnüşleri we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz şolaryň senagat we dürli maksatly beýleki desgalaryň gurluşygynda işjeň ulanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu işe telekeçileriň işjeň çekilmelidigini aýtdy. Wise-premýer häzirki döwürde ulanylýan täze gurluşyk serişdelerini ýurdumyzyň tedekeçileriniň öndürmäge girişendiklerini habar berdi.

Munuň özi guwandyryjy ýagdaýdyr, çünki ýurdumyzyň gurluşyklarynda häzirki döwrüň ruhuna we talabyna laýyk gelýän täzeçil usullar işjeň özleşdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini, täzeçil tehnologiýalary öwrenýän hünärmenleriň taýýarlanylmalydygyny, ýurdumyzyň Binagärlik we gurluşyk institutynda gurluşyk ulgamynyň täzeçil usullaryny ylmy esasda kämilleşdirýän okuwlaryň guralmalydygyny nygtady. Milli Liderimiz munuň ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň döwür bilen aýakdaş gitmeginiň möhüm şertidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazhimiýa toplumynyň üpjünçilik ulgamynyň esasy aýratynlyklaryna, hususan-da, önümçiligiň howpsuzlygy we ekologiýa derejesi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, gurluşygyň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň we toplumyň bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde goýlan ýangyna garşy göreş serişdeleriniň, enjamlaryň aýratynlyklary, netijeli ulanylyşy bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz gurulýan we hereket edýän ähli desgalarda bolşy ýaly, bu ýerde gurulýan zawodyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, olaryň ýangyna garşy göreş serişdeleri bilen doly enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda Türkmenistanyň içeri işler I.Mulikowa birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tebigy gazdan suwuk ýangyç öndürýän täze zawodyň gurluşygyny makullap, onuň ýerleşjek ýerini tassyklap berdi. Şeýle önümçilikler ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň, aýratyn-da, gazhimiýa pudagynyň köpugurly esasda ösdürilmegini, tebigy gazy gaýtadan işlemekden alynýan ýokary hilli önümleriň mukdaryny, dünýä bazarlaryna eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça wezipeleriň oňyn çözülmegini şertlendirer. Gurulmagy meýilleşdirilýän täze zawodda her ýylda 3,5 milliard kub metr “mawy ýangyç” gaýtadan işleniler.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy. Hormatly Prezidentimiz dikuçary özi dolandyryp, bu ýerden ugrady.

Ýolugra hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri, şeýle hem Aşgabadyň gurluşyk meýdanlaryndaky gurluşygyň barşyny synlady.

Häzirki döwürde paýtagtymyzyň çäkleriniň giňelmegi bilen, Aşgabatda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işleriň möçberi has-da artdy. Şu günler paýtagtymyzda hem-de onuň töwereklerinde abadanlaşdyrmak, dürli ugurlar boýunça döwrebaplaşdyrmak işlerine giň gerim berildi.

Alnyp barylýan işleriň oňyn netije bermegi bilen, paýtagtymyzyň ilatynyň durmuş derejesi barha gowulanýar. Bu bolsa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini ýerine ýetirmekde paýtagtymyzyň goşýan goşandyny artdyrýar, şeýle hem Aşgabadyň möhüm halkara syýasy, işewür, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmündäki ähmiýetini hem-de onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheri we onuň töwerekleri boýunça iş saparyny tamamlap, dikuçar meýdançasynda gondy we iş saparyna gatnaşanlara üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we awtoulagda bu ýerden ugrady.