Ï Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň düzümine girdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň düzümine girdi

view-icon 1082
Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wenadan hoş habar gelip gowuşdy. Şol ýerde 14-nji sentýabrda açylan Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň baş konferensiýasynyň 59-njy mejlisinde bu guramanyň agzalary Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň düzümine kabul edilmegini biragyzdan tassykladylar.

Bu waka Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine, işjeň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi möhüm ugur edinen oňyn syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilip, giň goldaw tapýandygynyň ýene bir subutnamasydyr.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň agzalary bolan döwletleriň wekilleri Türkmenistanyň dünýäde, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitinde ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk ýörelgeleriniň tarapdarydygyna ýokary baha berdiler hem-de ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge uly goşandynyň bardygyny bellediler. Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligine agza bolmagy bilen baglylykda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda hereket etmäge taýýardygy mälim edildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň maý aýynda Awstriýa Respublikasyna sapary mahalynda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň baş direktory Ýukiýa Amano bilen duşuşdy. Şonda ol ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Bu gurama bilen ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky Şertnama kepillikleri ulanmak hakyndaky Ylalaşyga we şol Ylalaşygyň goşmaça teswirnamasyna gol çeken Türkmenistanyň bu gurama bilen işjeň hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň wekiliýeti şu ýylyň ýanwarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin Aşgabada sapar bilen geldi.

Ýurdumyz häzirki wagtda dünýäniň wajyp meseleleriniň çözgüdini tapmak üçin halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen energiýa serişdeleriniň ygtybarly hem-de durnukly üstaşyr geçirilmegi we halkara hyzmatdaşlygyny hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ulag-üstaşyr geçelgeleri bilen baglanyşykly Kararnamany öňe süren döwlet hökmünde tanalýar.

10-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa çeşmelerine ygtybarly we oýlanyşykly çemeleşmeleriň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň tebigy gazyň ummasyz mukdaryna eýedigine garamazdan, ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli döwürde senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnama laýyklykda, daşary ýurtlara uglewodorod serişdelerini köpugurly esasda eksport etmek işiniň, diňe Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy we türkmen tebigy gazynyň Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi bilen baglanyşykly taslamalar durmuşa geçirilenden soňra tamamlanjakdygy nygtaldy. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny ygtybarly peýdalanmak üçin gazy gaýtadan işleýän döwrebap zawodlar we beýleki kärhanalar gurlar. Şu ýyl şeýle desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna başlanyldy.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň baş konferensiýasynyň Türkmenistany düzümine kabul etmeginiň tassyklanylmagynyň ýurdumyz üçin şanly senä - hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 20 ýyllygyna gabat gelmeginiň simwoliki manysy bardyr. Şu ýyllarda Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde hem parahatçylygy, özara ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň täsirli guraly boldy.

Ştab-kwartirasy Wenada ýerleşýän Atom energiýasy boýunça halkara agentligi 1957-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüminde garaşsyz, hökümetara gurama hökmünde döredildi. Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň işiniň maksady atom energiýasyny parahatçylygyň bähbidine ulanmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybyratdyr.